"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Aşgabadyň nurana menzilleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabat taryhynyň dürli döwürlerinde hem döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkelini ýerleşdirmegiň hem-de Giňdiwaryň eteginde «Magtymguly Pyragynyň toplumy» ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu zatlaryň hemmesi Aşgabadyň taryhyny ylmy nukdaýnazardan giňişleýin öwrenmäge itergi berýär. Gadymy kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Aşgabatda irki döwürlerde-de durmuş gaýnap joşupdyr. Aşgabat şäheri gadymdan oturan ozalky Ashabad obasynyň ýerinde emele gelipdir. Şäheriň taslamasy Ýewropa kysmynda çekilip, köçeleri göni bolupdyr, kwartall

Ertir — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni

GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIGI ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR 1941 — 1945-nji ýyllaryň agyr ýaralary we ýatlamalary adamlaryň ýüreginde goýup gidenine 76 ýyl dolup, ol bizden barha daşlaşýan hem bolsa, söweşde görkezilen gahrymançylygy, uruş ýyllaryndaky kynçylyklary her bir türkmen öz ýüreginiň töründe saklaýar. Çünki bu gazaply uruşda millionlarça adamlar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň edermen ogullary Watanymyzyň azatlygy ugrunda gahrymanlarça söweşdi. Şu günki parahat, erkana durmuşyň hatyrasyna faşizme garşy ganly söweşlerde janyny gurban eden milli gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri häzirki we geljekki nesillerimiziň ýüreklerinde baky ýaşaýar.

Halk hakydasy

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna başdan-aýak gatnaşan uruş we zähmet weterany Ilaman Gulçarowyň hem watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasy bolan ömür ýoly bar. Ol 1920-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň häzirki Maslahat geňeşliginde dogulýar. 1940-njy ýylda goşun gullugyna alnan Ilaman Gulçarow bir ýyl gulluk edenden soň, uruş başlanýar. Ol harby düzgünleri doly ele alan esger hökmünde ilkinjileriň hatarynda söweşe çykýar.  «Adam başy daşdan gaty» diýleni. Ol urşuň ilkinji günlerinden başlap, tebigatyň epgegine, aňzagyna, gar-ýagmyryna garaman, gyşyna buz ýassanyp, gar ýapynyp, dişlerine çenli ýaraglanan duşmanyň garşysyna döş gerýär. Ilaman Gulçarow Batumi şäherinden başlan gulluk borjuny bütin Ýewropany pyýada geçip, Germaniýada ýeňiş bilen tamamlaýar. Ýowuz urşuň 4 ýylynyň içinde ol söweşde ýaralanyp, meýdan gospitalynda bejergi alan döwründe bolaýmasa, ýyly ýorgan-düşekde ýatmaýar. Ol bu döwrüň içinde duşman bilen aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, görkezen edermenligi üçin medallaryň, sylaglaryň ençemesine mynasyp bolýar. Iň agyr söweşleriň biri Kenigsberg şäherini faşistlerden arassalamak ugrunda bolýar. Söweş örän heýhatly. Iň soňky deminde janhowluna urunýan duşman ölenini-ýitenini bilmän, garşylyk görkezýär. Ýitgiler

Watanyň gerçek ogly

Halk öz gerçek ogullaryny hiç mahal unutmaýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezen türkmen ýigitleri hakyndaky ýatlamalar taryh sahypalarynda, nesilleriň hakydasynda baky ýaşaýar. Şeýle Watan ogullarynyň biri hem şol wagtky Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) I-Kerpiçli obasynda 1921-nji ýylda dünýä inen Meçen Esenamanowdyr. Ol 1937-nji ýylda ýedi ýyllyk orta mekdebi tamamlap, öňki Daşhowuz şäheriniň 4-nji peduçilişşesine okuwa girýär. 1942-nji ýylda okuwyny tamamlap, öz obasyna dolanýar. Watanyň, il-günüň üstüne uruş belasy abananda, Meçen aga öz arzasy bilen goşun gullugyna alynýar. Birinji Belorus frontunyň atyjylyk polkunda gulluk edip, aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar. Ol frontda serkerdeleriniň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýar. Ol Günbatara tarap barha öňe süýşýän frontuň yzynda galýan haraba öwrülen şäherleri, gyzyl ot bolup ýanýan sümme tokaýlary we beýleki ýürek gyýyjy görnüşleri synlap, urşuň tutuş adamzadyň kalbyna bitmejek ýara salýandygyna göz ýetirýär. Meçen aga Ýewropanyň azat edilmegi ugrunda alnyp barlan söweşlere hem gatnaşýar. Meçen Esenamanow söweşde görkezen edermenligi üçin ikinji derejeli Beýik Watançylyk urşy ordeni bilen sylaglanylýa

Ikinji ömür

Obamyzda Nurmät mirap diýen, urşa gatnaşan, ýaşy bir asyry alkymlap oturan bir ýaşuly bardy. Käwagtlar onuň ýanyna baryp, şol gowgaly ýyllar baradaky gürrüňlerini diňlärdim. Şol gezegem şeýle boldy. Men hem-ä Nurmät aga bilen salamlaşaýyn, hal-ahwalyny soraýyn, hemem gümür-ýamyr edişeýin diýip, onuňka sowuldym. Barsam Nurmät aga sekide goşa ýassygy tirsekläp, gök çaý içýän eken. Meni görüp ýaşulynyň ýüzi ýagtyldy. Nurmät aga meniň salamymy alyp, saglyk-amanlyk soraşdy. Menem: — Gurgunçylyk, Nurmät aga! Özüňiz neneň, saglygyňyz gowumy? — diýip soradym.

Baky juwan gözel mekan

Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ak şäherimiziň özgerişleri dünýäniň, döwrüň beýik ösüşleri bilen deň gadam urýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr.  Aşgabat owadan şäher. Şonuň üçinem ak mermerli binalaryň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp paýtagtymyzyň özüne maýyl ediji keşbini synlanyňda ylhamyň joşup, buýsanç kelamy kalbyňa dolýar. Gözelligiň ynsan dünýäsine edýän täsiri juda uly. Hut şonuň üçinem bu nurana şäheri synlamak, oňa guwanmak durşuna lezzet. Owadan köçeleriniň ýanýodalary mydama al-ýaşyl güllere beslenip oturan, täsinlige baý bolan şäher her bir adamyň kalbyna tükeniksiz bagtly pursatlary bagyş edýär. Aýmançalardaky täsin güller, syrdam baglar, köçelerdir şaýollaryň ugruna birenaýy öwüşgin çaýyp duran bezeg agaçlary Aşgabadyň görküne görk goşýar.

Gahrymançylyk unudylmaýar

Ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara hem-de tylda edermenlikli zähmet çeken adamlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanyp, weteranlar üçin uly ýeňillikleriň döredilmegini üpjün edýär. Paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň döredilmegi we onda dürli çäreleriň geçirilmegi uruşda wepat bolanlaryň hatyrasynyň belentden tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilýän Beýik Ýeňiş gününde bolsa weteranlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Adamzadyň durmuşynda pajygaly wakalaryň biri bolan Beýik Watançylyk urşy dünýäniň köp halklaryny uly ýitgä sezewar etdi. Bütindünýä ähmiýetli bu taryhy Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň hem öz mynasyp goşandy bar. Uruş ýyllarynda erkek adamlaryň ählisiniň diýen ýaly fronta gitmegi netijesinde erkekleriň tyldaky agyr işleriniň hemmesi gelin-gyzlaryň gerdenine düşýär. Türkmen gelin-gyzlary hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklarynda Beýik Ýeňiş, Watan üçin gije-gündiz diýmän zähmet çekýär.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna

MANYLY ÖMRÜŇ MENZILLERI 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy dogrusynda gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriniň ikinji kitabyndaky: «Durmuşyň her bir geçen güni şol nägehan urşuň bolan wagtyndan barha daşlaşdyrýar. Emma biz şol uruşda döş gerip, Watany goran gahryman ata-babalarymyzy, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojagyny aman saklan enelerimiziň çeken hasratlaryny hiç haçan unutmarys. Olaryň görkezen gahrymançylygy şu günki Garaşsyz Watanymyzy gözümiziň göreji ýaly goramakda nesillere görelde we terbiýe mekdebidir» diýen sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

Arheologik barlaglarda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, taryhymyzy we medeni mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde toplumlaýyn arheologik gazuw-agtaryş işleri amala aşyrylýar. Barlag işleri geçirilýän ýadygärlikleriň biri-de, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligidir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly işiniň birinji kitabynda: «Paryzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýyl ýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, men bu ugurdan alymlaryň ylmy-barlag, derňew işleriniň özüniň talabalaýyk netijesini berjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Bu ýadygärlikde ilkinji barlag işleri XX asyryň dowamynda A.A.Maruşenko, B.A.Litwinskiý hem-de W.N.Pilipko tarapyndan geçirilipdir. Häzirki wagtda arheologik gazuw-agtaryş işleri döwrebap enjamlar bilen öwrenilýär. Islendik ýurduň ösüşi onuň ylym-bilim ulgamynyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda möhüm işleriň biri bolu

Geljege uzaýan ak ýollar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Şäheriň ak mermere beslenen ajaýyp binalary, owadan güllere we daragtlara bürenen seýilgähleri, giň we gijelerine şugla saçýan köçeleri we şaýollary göwnüňi göterýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen Aşgabat şäheri sebitde iň bir ajaýyp şäherleriň biri hasaplanýar. Paýtagtymyzyň özboluşly taryhy bar. 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda polkownik Kuropatkiniň ýolbaşçylygyndaky rus goşunlary Ashabad çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän Ashabad obasyna gelip girende, şol wagtlar bu ýerde 300 çemesi türkmen öýleri bar ekeni. Aşgabatda ilkinji peýda bolan köçeleriň biri-de Serkerdeler (Ofiserler) köçesi bolupdyr. Bu köçäniň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyr we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçeleriň biri bolupdyr. Ofiserler (Serkerdeler) köçesi Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanmazdan öň Karl Marks atly köçedir. Söwda (Torgowaýa) köçesi hem Aşgabatda dörän ilkinji köçeleriň biridir. Onuň ugrunda baý dükanlar ýerleşipdir. (Soňra bu köçe Žitnikowyň adyny göterýär). Bu köçe häzir Içeri işler ministrliginiň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda işlän Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär.

Doganlaşan şäherli

Ak mermere beslenen Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän şu günlerde gözel paýtagtymyzyň Bütindünýä doganlaşan şäherler federasiýasynyň maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň ençeme şäherleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ösdürilýändigi baradaky amal edilýän beýik işler hakydaňa dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1957-nji ýylda raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary has hem ýygjamlaşdyrmak, halklaryň dostlugyny berkitmek üçin Bütindünýä doganlyk şäherler federasiýasy döredildi. Onuň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň doganlaşan 3500 şäheri özara hyzmatdaşlyk saklaýar. Federasiýa şäher derejesinde global hyzmatdaşlygy, medeni gatnaşyklary ösdürmek we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda tagalla edýär. Doganlyk şäherler iki aýra döwletde ýerleşýär. Emma, olaryň medeniýet, sport, taryh we beýleki dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary, durmuşa geçirýän ýörelgeleri birdir. Halkara doganlyk şäherler guramasynyň maksady hem dünýädäki şäherleriň bilelikdäki ösüşleri netijesinde siwilizasiýanyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Meşhur alymyň gymmatly gollanmasy

Gadymy alymlaryň lukmançylyga degişli ýazan kitaplary saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki ösen döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Gündogaryň meşhur alymy Ahmet Bijanyň «Ýaradylan ajaýyplyklaryň geň galdyryjylygy» atly kitabynda miweleriň saglyga peýdasy giňden beýan edilýär. Bu eser türkmen alymlary tarapyndan ylmy taýdan öwrenildi we onuň ynsan saglygy üçin bahasyz gollanmadygy ykrar edildi. Awtor ady agzalan kitabynda injiriň peýdasy, ony ulanmagyň tärleri hakda giňişleýin maglumat beripdir. Ol: «Injiriň suwuny çüýrän dişe çalsalar, peýdaly bolar. Syrkaw kişä injir hoş ýakar. Injiri köp iýýän adamyň ýüzi nurly bolar» diýip ýazypdyr. Orta asyrlarda adygan alym Ahmet Bijan nar agajynyň ähmiýeti barada hem şu sözleri aýdyp geçipdir: «Nar agajynyň şahasyny bir ýerde goýsalar, ol ýerdäki mör-möjekler gider». Bu usul häzirlerem ulanylýar. Nar agajynyň ýapraklary ýüň başgaplary güýeden goramak üçin ähmiýetlidir. Ýapragynyň mör-möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýanlygy üçin ata-babalarymyz: «Naryň gabygyny bugdaýyň ýa-da arpanyň arasynda goýsaň, oňa gurt düşmez» diýip belläpdirler. Naryň gany arassalamak we azganlylygy kadalaşdyrmak ukybynyň bardygy hakda-da ata-babalarymyz köp nakyllary miras galdyrypdyrlar.

Wepalylygyň we mertligiň nusgasy

Göreniňden gözüňi dokundyrýan alabaý itini ata-babalarymyz goragçy hökmünde eý görüp gelipdirler. Şoňa görä-de, pederlerimiz «Itim — gutum», «It geldi — gut geldi» diýen halk pähimlerini döredipdirler. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň etegindäki Paryzdepe ýadygärligini arheologiýa we etnografiýa nukdaýnazardan ylmy esasda çuňňur öwrenmäge badalga berdi. Bu ýadygärlikde arheolog alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň dowamynda türkmen alabaý itiniň orta asyrlara mahsus bolan, toýundan bişirilip ýasalan heýkeljigi tapyldy. Gymmatly tapyndynyň etnografiýa jähetden öwrenilmegi şol wagtlar Günorta Türkmenistanyň çäginde türkmeniň gujurly, aýy penje alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilendigine güwä geçýär. 2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşen Şähryslam ýadygärliginde geçirilen arheologiýa we etnografiýa ylmy gözlegleriniň netijesinde, ol ýerden bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan alabaýyň aýak yzlary ýüze çykaryldy. Ylmy subutnamalar şol zamanlar kerwen ýolunyň ugry bilen argyşa gatnan kerwenlere türkmen alabaýlarynyň goragçy bolandygyny tassyklaýar. Arheologik ylmy gözlegleriň dowamynda 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Ş

Taryhy künjege syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasyna syýahat guraldy. Edara-kärhanalarda işleýän işjeň ýaşlar üçin guralan bu syýahatyň esasy maksady olaryň şan-şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakdan, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradow ýaşlara etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada gyzykly gürrüň berdi. Ady taryha siňen Nusaýyň we Merwiň aralygynda ýerleşýän Abiwerdiň döreýiş taryhy, ondan tapylan tapyndylar, şol döwrüň adamlarynyň meşgullanýan kärleri, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallary, galany goraýjylaryň söweş tilsimleri dogrusyndaky gürrüňler syýahata gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.

Edermen türkmen alabaýy

Taryh halkymyzyň haýsydyr bir işiň başyny başlasa, oňa diňe bir ähli güýjüni we ukybyny däl, eýsem, kalbyny hem siňdirýändigini görkezýär. Çünki biziň ata-babalarymyzyň döreden medeni, ruhy we maddy gymmatlyklary teşne kalbymyza teselli berýär. Olary gorap saklamak, kämilleşdirmek we ösdürip ýetişdirmek şu günki günüň talaby bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamaga, ýaş nesillerimizde olara söýgi döretmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygymyzy ösdürmek maksady bilen, «Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, indi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Bu bolsa rowaçlyklardan rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz esasynda durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän, türkmen halkynyň döreden mertligiň we wepalylygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaýlary ösdü

Aşgabat şäheri bilen ýaşytdaş fotosuratlar

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň syýahatçylarynyň, inženerleriniň üns merkezinde durýar. Şäherimiz düýbi tutulan ilkinji ýyllaryndan başlap daşary ýurt wekillerinde uly gyzyklanma döredipdir. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelen syýahatçylar, meşhur alymlar şäherimiz barada gyzykly maglumatlary toplapdyrlar. Asly Beýik Britaniýaly tanymal syýahatçy Jon Guthrie Watson şäherimiziň düýbi tutulan ilkinji ýyllarynda Aşgabada gelip, bu ýeriň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp görýär. Iňlis syýahatçysy şol döwrüň belli galalaryny, kerwensaraýlaryny, bazarlaryny we täsin binalaryny surata düşürýär.

Orta asyryň medeni ojagy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bolan Nişapurdan gelen ýol barada köp aýdylýar. «Görogly» şadessanynda hem bu şäheriň adyna duş gelmek bolýar. Dessanda ýaş Göroglynyň Gyrata baş öwredýän mahallarynda hem onuň kybla — Günorta-Günbatar tarapa gidendigi beýan edilýär: «Nişapur Köpetdagdan Günortada — kybla tarapda ýerleşýär, şunuň özi wakalaryň bolup geçýän giňişligi hökmünde göz öňünde Köpetdagy janlandyrýar». Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bolsa, orta asyrlarda türkmen topragynyň serhetlerinden daşarda, Nişapur, Buhara, Yspyhan, Gürgen, Bagdat, Halap, Damask ýaly ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen merkezleriniň bolandygy aýratyn bellenilip geçilýär. ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda ady agzalýan Nişapur bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Bu rowaýatlar, esasan, Sasanylar döwleti bilen baglanyşyklydyr. Şol döwrüň iri merkezleriniň biri bolan Nişapuryň adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlar Sasany hökümdarlary Şapur I we Şapur II bilen baglanyşyklydyr. Ol rowaýatlarda Nişapuryň gadymda Nehşapur, Neýşapur, Newşahpur, Niwşahpuher, Binaşahpur ýaly

Aşgabat demir ýolunyň taryhyndan

Aşgabada demir ýoluň çekilişi, onuň öz döwründäki taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň etmek gyzykly bolsa gerek. Şeýle maglumatlar bilen S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy», A.Gubaýewiň «Parfiýa türkmen döwleti», S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», A.Ýazberdiýewiň «Aşgabat» sözüniň taryhy barada» atly we beýleki işlerde giňden tanyşmak bolýar. Ady agzalan ylmy çeşmelerde nygtalyşy ýaly, günbatardan çekilip başlanan demir ýol Aşgabada 1885-nji ýylyň 30-njy noýabr güni gelipdir. 1886-njy ýylda bolsa demir ýol Mara, soňra Çärjewe baryp ýetýär. On dokuz ýyllap çekilen yzygiderli zähmetiň netijesinde 1905-nji ýylda demir ýol Daşkendiň üstünden geçip, Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik berýär. Demir ýol bekediniň ýaýbaňlanmagy netijesinde Russiýadan, Hywadan we Buharadan gelýän harytlaryň sany artyp, adamlaryň hal-ýagdaýyna oňaýly täsir edip ugrapdyr.

Şöhratly geljegiň nury

Halkymyzyň şöhratly taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabat şäheri bu gün beýik ösüşlere beslenýär. Aşgabadyň taryhy bir ýarym asyra golaýlady. Ilki bu ýerde kiçiräk şäher-gala döreýär. Köpetdagyň dag etek zolagynda Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe ýaly ekerançylygyň belli ojaklary bolan obalar döräpdir. Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan, dury gözli çeşmäniň başynda ýerleşen Aşgabat sekiz ýüz öýden ybarat oturymly ýer bolupdyr. Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biridir. Muňa Aşgabadyň ýigrimi kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän gadymy Jeýtun obasynyň dörändigi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde Jeýtun medeniýeti uly gymmatlyklaryň hataryna goşulandyr. Jeýtun medeniýetine degişli Çopandepe, Pessejikdepe, Gökdepe we başgada birnäçe obalar döräpdir.

Amulyň taryhy

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeni mirasymyzy, sungatymyzy, taryhymyzy düýpli öwrenmek we gorap saklamak, dünýä ýaýmak babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde geçen zaman siwilizasiýalarynyň, halkymyzyň gadymy medeniýetiniň alamatlaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikler barmak basyp sanardan kändir. Olaryň hatarynda gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly özünde taryhymyzyň uzak döwürleriniň medeniýetini jemlän, öwrendigiňçe täze-täze taryhy maglumatlary bilen haýrana goýýan gadymy medeniýetiň ojaklary hem az däl.