"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Peterburgdan Hytaýa ýük daşamak on güne çenli gysgaldy

Demirgazyk deňiz ýolunyň ugrunda täze ulag ýoly işe girizildi. Munuň özi harytlaryň eltip bermek möhletini on gün azaldar. Aziýa ýurtlaryndan ýollanan harytlar bary-ýogy 25 günüň dowamynda Sibiriň üstünden uzaýan magistraldan ýol salyp, ulag gijikdirmelerinden geçip, göni Sankt-Peterburg portuna gelýär. Demirgazyk deňiz ýolunda Russiýa bilen Aziýanyň arasynda konteýner gatnawy ösýär.

Şahamçanyň durky täzelenýär

Ýyl-ýyldan sany artýan tehniki serişdeleri ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen üpjün etmek işinde Türkmenabadyň nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezýärler. Möhüm işi ýokary sazlaşykly guramak, döräp biläýjek bökdençlikleri aradan aýyrmak, nebit önümlerini abat saklamak maksady bilen kärhananyň şahamçalarynyň durky düýpli täzelenýär. Şeýle möhüm işler häzirki günlerde kärhananyň Zergär şahamçasynda tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. — Geçen ýyllarda bu iri şahamçamyzyň durkuny düýpli täzelemek işleriniň birinji tapgyry üstünlikli berjaý edildi. Şonda zerur çäreleriň uly toplumy ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu günlerde dowam edýän işleriň ikinji tapgyrynda hem bellenilen işleri üstünlikli tamamlamak ugrunda yhlasly zähmet çekilýär — diýip, kärhananyň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew gürrüň berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 23 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Serbiýadan, Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goaýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köküniň guradylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 505 müň 500 amerikan dollaryna deň boldy.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

Sirkulýar ykdysadyýetiň möhüm elementi hökmünde «R-strategiýa» diýlip atlandyrylýan ýörelgeler çykyş edýär. Ilkibaşda ykdysadyýetiň bu modeli üç sany ýörelgä esaslanýar: azaltmak (reduce), gaýtadan ulanmak (reuse) we gaýtadan işlemek (recycle). Bu ýörelgeler, birinjiden, tebigy baýlyklary gorap saklamak üçin resurslaryň ätiýaçlyklaryna we dikeldilýän resurslaryň akymlaryna gözegçilik etmäge, ikinjiden, gaýtadan ulanmagyň talaplaryna laýyk gelýän önümleri, önümleriň böleklerini (komponentlerini) we materiallary işläp taýýarlamak hem-de paýlamak arkaly resurslaryň sarp edilişini optimallaşdyrmaga, üçünjiden, ykdysady we ekologik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hereket edýän önümçiligiň daşky ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga şert döredýär. Wagtyň geçmegi bilen resurslaryň we önümleriň dolanyşygynyň ähli tapgyrlary, şeýle hem akylly sarp etmegi guramagyň usullary göz öňünde tutulyp, sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgeleri özgerýär. Häzirki wagtda sirkulýar ykdysadyýetiň binýadynda 10 (R0 — R9) ýörelge durýar (surat):

Russiýanyň eksporty 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň eksporty 0,4 göterim aşaklap, 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe ýurduň importy bolsa 8,1 göterim azalyp, 130,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. RF-niň Federal gümrük gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Russiýanyň Ýewropa ýurtlaryna eksporty 31,7 milliard, Aziýa ýurtlaryna eksporty 156 milliard, Afrika ýurtlaryna eksporty 12,3 milliard hem-de Amerika ýurtlaryna eksporty 6,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

61,7 million sany «PlayStation 5» satdy

«Sony» kompaniýasy «PlayStation 5» enjamy bazara çykaraly bäri, onuň 61,7 million sanysyny satdy. Hususan-da, soňky çärýekde ýapon kompaniýasy 2,4 million sany «PlayStation 5» oýun enjamyny ýerledi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 3,3 milliona deň bolupdy. 2024-nji ýylyň ikinji çärýegindäki peselişe garamazdan, «Sonynyň» oýun enjamlaryna we programmalaryna ýöriteleşen bölümi girdejisini 12 göterim artdyrdy. Bu girdejiniň esasy bölegi «PlayStation Network» we «PlayStation Plus» sanly hyzmatlarynyň satuwyndan gazanylypdyr.

Alýuminiň importyny 10 esse artdyrdy

Özbegistan Gazagystandan alýuminiň importyny ep-esli artdyrdy. Has takygy, bu görkeziji 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 10 esse ýokarlanyp, 2 müň 100 tonna ýetdi. Hünärmenler Özbegistanyň Gazagystandan satyn alynýan alýumininiň möçberini artdyrmagyny ýurduň içindäki zerurlygyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Import edilen alýumininiň esasy bölegi Daşkent şäheriniň etegindäki alýuminiý profillerini öndürýän zawodda gaýtadan işlenilýär. Ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna taýýar profilleri öndürmäge niýetlenilen bu zawod häzirki wagtda öz önümlerini dünýäniň 50-den gowrak döwletine eksport edýär.

Ikinji çärýekde 10 milliard ýitgi çekdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde 10 milliard amerikan dollary möçberinde arassa ýitgi çekendigini habar berdi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,24 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Hünärmenler kompaniýanyň ýitgisiniň ýokarlanmagyny onuň basketbol oýunlaryny ýaýlyma bermek hukugyndan mahrum bolmagy bilen baglaýarlar. Ýeri gelende bellesek, Milli basketbol assosiasiýasy öz duşuşyklaryny ýaýlyma bermek boýunça «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna gelipdi. Şol bir wagtyň özünde MBA «Walt Disney», «NBC» we «Amazon Prime Video» kompaniýalary bilen duşuşyklary ýaýlyma bermek boýunça 11 ýyla niýetlenilen şertnama baglaşdy. Onuň umumy bahasy 76 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

ABŞ-nyň eksporty iýun aýynda 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy

Şu ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň eksporty 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji maý aýyndakydan 3,9 milliard amerikan dollary möçberinde köpdür. Ýurduň iýun aýyndaky eksportynyň 172,4 milliardy harytlaryň, 91,7 milliardy bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär. Bu barada ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Iýun aýynda ABŞ-nyň importy hem 0,6 göterim köpelip, 339 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 271,6 milliardy harytlaryň, 67,5 milliardy bolsa, hyzmatlaryň importyna degişli.

Hytaý nebitiň importyny azaldýar

Iýul aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň nebit importynyň günlük ortaça möçberi 9,97 million barrele deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň hasabatynda bellenilýär. Hasabatda mälim edilişine görä, iýul aýynda Hytaýyň nebit importy 42 million 337 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,1 göterim azdyr.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň okgunly ösüşi halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygyny tassyklaýar

Mälim bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýalar toplumynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy bu ugruň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Sanlylaşdyrmak — ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, bilim we dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary häzirki wagtda okgunly ösüşe eýe bolup, muňa şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyň göz ýetirmek mümkin bol

Yhlasly zähmetiň miwesi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň dokma senagaty pudagy bu gün düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudagyň önümçilik düzümlerinde taýýarlanylýan önümler ýokary hilliligi we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilip satyn alynýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän ýüplükleri, Bereket şäherindäki tikin fabriginde, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasynda taýýarlanylýan dürli tikin we örme önümleri, egin-eşikler alyjylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen bu kärhanalarda taýýarlanylýan ýokary hilli tikin önümleri bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Elektron söwdasy türkmen işewürligine täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär

Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar. Bu maksada ýetmek üçin 23-24-nji iýulda Aşgabat şäherinde Halkara söwda merkezi (ITC) täze hukuk we syýasy gurallary işläp düzmek boýunça tehniki seminarlary geçirdi.

Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalşynyň möçberini artdyrýar

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

“Täjik demir ýollary” GDA ýurtlaryndan ýükleri daşamak üçin uly arzanladyşlar hödürleýär

“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär. «Duşanbe – Kulýab» ýolagçy otlusynda 60%, şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň demir ýollarynyň ýolbaşçylary bilen baglaşylan şertnama laýyklykda öňünden petek satyn alýan ýolagçylara 45%-e çenli arzanladyş göz öňünde tutulýar.

Täjigistan hytaý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär

Täjigistanyň hökümeti daşary ýurtly taraplar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmak isleýär. Bu barada Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir metbugat ýygnagynda habar berdi. Şerali Kabiriň sözlerine görä, elektrik ulaglaryny öndürmek üçin tehnologiýalary geçirmek işi üçin hytaý kompaniýalarynyň üçüsi bilen işjeň gepleşikler alnyp barylýar. «Hyzmatdaş saýlan badymyza biz önümçilik işine başlarys» — diýip, ministr belledi.

Milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda möhüm ädimler

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barlyp, ol milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksadyny nazarlaýar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu işleri ilerletmegi möhüm strategik ugurlaryň hatarynda kesgitläp, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ähli pudaklaryň öňünde uly wezipe — Garaşsyz Watanymyzy sanly ykdysadyýete geçen, dünýäde öňdebaryjy döwletleriň birine öwürmek wezipesi durýar. Bu ymtylyş halkara tejribeden gözbaş alýar. Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň

Habarlar

Gowaça bejergisi ýokary depginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «ak altynyň» bereketli harmanyny döretmek ugrundaky derwaýys çäreler welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Akdepe etrabynyň «Agzybirlik» daýhan birleşiginde hem giň gerimde amala aşyrylýar. Birleşigiň pagtaçy kärendeçileri häzirki wagtda 900 gektar meýdanda kadaly boý alyp, hasyl toplap, göwünlerini galkyndyrýan gowaçalaryň ideg işlerine aýratyn üns bermek bilen, oňat netijeleri gazanýarlar. Şonda bu ýerde şu dowam edýän ýylymyzda pagtaçylyk bilen meşgullanýan 560-a golaý kärendeçiniň köpüsi başgalara görelde bolmagy başarýarlar. Şeýlelikde, gowaçalary haşal otlardan arassalamak, suwarmak, zyýankeşlerden goramak bilen birlikde, olaryň ujuny çyrpmak işleri hem ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda zähmetsöýer kärendeçilerden Maýsa Ataýewanyň, Aýnabat Ballyýewanyň we beýlekileriň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek ýerliklidir. Birleşigiň pagtaçylarynyň şeýle agzybirlikli zähmeti olaryň şu ýyl uly üstünliklere eýe boljakdyklaryndan habar berýär.