"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Maksat — dostluk, parahatçylyk, ösüş özara pikir alyşmalaryň özeni

Bu gün yklymlar birleşýär. Yklymlary ýollar birleşdirýär. Ýollar ýollara birigende bolsa, halklar ýakynlaşýar. Şeýlelikde, parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik dabaralanýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iki günläp dowam eden deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty hem dünýäniň çar künjeginden gelen ençeme halklary dostlaşdyrdy, doganlaşdyrdy. «Awaza» kongresler merkezinde, «Berkarar» myhmanhanasynda geçen bu halkara forumynda umumadamzadyň ýagty durmuşy baradaky wajyp meseleler orta atyldy. Döwletleriň ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini utgaşdyrmak arkaly ösüşiň täze gözýetimlerine tarap ugur alyp boljakdygy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen taryhy maslahatyň oňyn netije berjekdigi baradaky ýakymly gürrüňleri ýurdumyza gelen myhmanlaryň köpüsinden eşitdik. Biz hem şeýle myhmanlaryň biri, Malawi Respublikasynyň Ulag we jemgyýetçilik işleri ministri Hara Jeýkob Hlangabeza bilen söhbetdeş bolduk.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da il-ýurt bäh­bit­li uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, dur­nuk­ly ösüş ga­za­nyl­ýar, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si bar­ha ýo­kar­la­nyp, asu­da, bo­le­lin we aba­dan ýa­şaý­şy üp­jün edil­ýär. Beý­le­ki ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ulag ul­ga­myn­da-da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk­ bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ra­lan bu fo­ru­ma dün­ýäniň ençeme döw­let­le­rin­den de­giş­li mi­nistr­ler, ulag ugur­ly ýö­ri­te­le­şen hal­ka­ra dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry ada­ty he

Ulag ulgamynyň wajyp ugry

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty hem-de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Şu ýy­lyň 15—16-njy aw­gus­tyn­da Awa­za­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­hat mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ça­gy­ry­lan hem-de hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­si­ne — ulag ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek, onuň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­re ba­gyş­la­nan, giň we­kil­çi­lik­li bu fo­rum ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra mas­la­hat bi­len bag­la­ny­şyk­ly pi­kir­le­ri­ni oňa gat­na­şanlaryň bir­nä­çe­si şeý­le be­ýan et­di­ler.

Halkara hyzmatdaşlygynda belent sepgitler

Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy 15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady.

Halkara maslahaty uly üstünliklere beslendi

15-16-njy awgustda «Awaza» kongresler merkezinde geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty uly üstünliklere beslendi. Forum «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» mowzugy esasynda alnyp baryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň belent münberinden öňe sürlen teklipleriň, kabul edilen Kararnamalaryň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn ünsi çekdi we Türkmenistanyň bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi. Maslahata dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän myhmanlar gatnaşdy. Olar soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin bu ýere jemlendiler.

Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy

Awaza, 15-nji awgust. Şu gün irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi

Döwlet Baştutanymyz wekilleri mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny, ulag-üstaşyr gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan hem, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýändigini aýtdy. «Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ösüşiň ähli tapgyrlarynda ulag ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny jaýdar belledi.

Awazada ulag ugurly halkara forum geçirilýär

Düýn — 15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady. Foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Umumy mejlis: bilelikdäki tagallalar işjeňleşdirilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli dowam edýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatynyň barşynda düýn «COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnukly ykdysady ösüş üçin ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak we maliýeleşdirmek üçin başlangyçlar we çözgütler barada tejribe alyşmak» atly ýokary derejedäki birinji mejlis geçirildi. «Awaza» kongresler merkeziniň kiçi zalynda guralan umumy mejlisiň barşynda çykyş eden Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Malawiniň, Burkino-Fasonyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Saud Arabystanynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň toparyna bu çäräni ýokary derejede guramak babatda uly tagallalary edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Awaza: işewürlik merkezi, myhmansöýerlik nusgasy

Hazaryň türkmen kenary birnäçe gün bäri köp adamly. Bu ýerde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat üstünlikli dowam edýär. Tomsuň çogly günlerinde, türkmen güneşiniň astynda Awazanyň daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul etmegi olar üçin aýratyn ýatda galyjydyr.

Kongresler merkezinde sergi guraldy

Forumyň işiniň öňüsyrasynda Kongresler merkezinde elektron görnüşindäki sergi guraldy. Onda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazanan üstünlikleri görkezildi. Sergide ilaty 533 million adama barabar bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si barada gürrüň berildi. Bu ýurtlaryň çäk taýdan ýerleşişi olaryň beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde olar ykdysadyýetiň düzümleýin kämilleşdirilmegi üçin zerur bolan maýa goýum we maliýeleşdirmek, tehnologiýalar we hyzmatlar ýaly ugurlarda ählumumy söwdanyň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp bilmeýärler. Şunuň bilen birlikde, monitorlarda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk üçin giň ýollary açýan geljegi uly taslamalar barada maglumatlar getirildi.

Bilelikdäki tagallalar, teklipler we başlangyçlar

Serhetler bölýär, gümrük birleşdirýär

Maglumatlara görä, deňizden uzakda ýerleşýän ýurtlar ýük daşamak üçin köp wagt hem-de maliýe serişdesini sarp edýärler. Sebitde goňşy döwletleri özara birleşdirýän, üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şertleri döredýän infrastrukturalaryň bolmazlygy ýükler resmileşdirilende, gümrük bilen bagly birnäçe işler amala aşyrylanda, olaryň serhetden bökdençsiz geçirilmeginde päsgelçilikleriň döremegine getirýär. Ine, şu wajyp mesele hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda öz beýanyny tapdy. Iri forumda Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary doktor Kunio Mikuriýa sanly ulgam arkaly çykyş edip, Bütindünýä gümrük gullugynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda hem-de ulag ulgamyna goldaw bermek boýunça tagallalardan has uly peýda almaly diýip hasaplaýandygyny nygtady. Ol bu babatda Kioto Konwensiýasy hökmünde mälim bolan «Gümrük çärelerini aňsatlaşdyrmak we sazlaşdyrmak hakyndaky Halkara Konwensiýa» ýaly halkara standartlaryny ulanmagyň wajypdygyny ýatlatdy. Şoňa görä-de, bu işiň esasy şygary «Serhetler bölýär, gümrük birleşdirýär» diýen ýörelgeden ybaratdyr. Şu maksat bilen, Bütindünýä gümrük guramasy gümrük çäreleri üçin standartlary i

2023-nji ýylda halkara awtomobil ýörişi guralar

Awazada geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň Aşgabat prosesiniň dowamy hökmünde kabul edilendigi hemmämize mälimdir. BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynda onuň binýady goýlupdy. Şoňa görä-de, şu gezekki forumda GDA-nyň ýurtlarynyň Aziýa we Ýewropa yklymlaryny möhüm baglanyşdyryjy merkez hökmünde çäk taýdan amatly ýerleşendigine üns çekmek bilen, bu ýurtlaryň ulag ulgamynda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyna aýratyn garaldy. Sebäbi halkara ulag geçelgeleri, şol sanda halkara awtomobil ýollary häzirki zaman ulag ulgamynyň esasyny düzýär. Hut şu ýagdaý hem hereketleriň Wena maksatnamasynyň kabul edilmegini we ony durmuşa geçirmek boýunça zerur tagallalary şertlendirýär. Ilkinji nobatda, üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde goňşy döwletler bilen ýanaşyk çäkde ulag düzüminiň gowulandyrylmagy we halkara awtomobil ýollarynyň giňeldilmegi zerur bolup durýar. Forumda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow çykyş edip, serhetüsti geçelgeleriň, erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleriniň doly derejede herekete girizilmeginiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi GDA-nyň ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmaga, hyzmatdaşly

Ösüşiň badalgasy — täzeçe çemeleşmeler

Günüň ikinji ýarymynda «Berkarar» myhmanhanasynda forumyň işi dowam etdi. Umumy mejlisleriň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri görkezýän sergi bilen tanyşdylar.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri bilen birnäçe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklara gatnaşyjylar ministrler maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, forumyň halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezi hökmünde Türkmenistanyň derejesini pugtalandyrandygyny bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda duşuşygy geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Duşuşyklarda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça dünýä ähmiýetli başlangyçlaryna

Serdar Berdimuhamedow ulag ulagmynda täze Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutany bu başlangyçlar barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kongresler merkezinde öz işine başlan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.

Durnukly ulag ulgamyny maliýeleşdirmek: döwrüň zerurlygy, täze gözýetimler

Düýn «Awaza» kongresler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat durnukly ösüş üçin ulag ulgamyny maliýeleşdirmek, bu ugurda geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemek boýunça özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi. Onuň dowamynda dünýä döwletlerinden degişli ministrler, ulag ugurly ýöriteleşen halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem adaty, hem onlaýn usulda çykyş edip, öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz olaryň käbiriniň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Rabab FATIMA,BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili:

Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Ulag-logistikanyň mümkinçilikleri

14-nji awgustda köp sanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär. Halkara howa menzilinde