"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň geçirilmegi ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň, häzirki zaman üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmegiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Gojaman Hazar taryhyň ähli döwürlerinde adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan halklaryň mesgen tutan mekany hökmünde tanalypdyr. Jümmüşinde tebigy baýlyklaryň uly gorlaryny jemläp, üstünden möhüm söwda ýollaryny geçirýän Hazar bu günki günem dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde şöhratlanýar hem-de kenarýaka döwletlere uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat Hazarýaka döwletlerinde her ýyl bellenilýän baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy. Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Awazadan badalga alan halkara hyzmatdaşlyk

Halkara hyzmatdaşlyklaryň täze derejesi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başlandy diýsek, has dogry bolsa gerek. 16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyçlary bilen başlanan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. Utgaşykly görnüşde geçirilen bu çärä dünýäniň ençeme döwletiniň hem-de halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň edaralarynyň, abraýly sebit we sebitara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly eden çykyşy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Türkmenistan, Özbegistan, Eýran halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmegi ylalaşdylar

Türkmenistan, Özbegistan we Eýran halkara ýük daşama düzgünini ýönekeýleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi. Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 15-16-njy awgustda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Eýranyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Rostam Kasemi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna badalga berildi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çarşenbe güni Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi

Awaza, 17-nji awgust. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Türkmenistan we BMG: ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugry

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» ýurdumyz halkara derejesinde ulag-üstüşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmäge, döwletimiziň köp ugurly ulag düzümini baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag düzüminiň has döwrebaplaşmagy, mümkinçilikleriniň has-da giňelmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlary bilen bir hatarda ulag ulgamynda hem belent zähmet sepgitlerine ýetilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar, mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady kuwwatyny has-da artýar, jemgyýetiň agzybirligi has-da pugtalanýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň öz işini tamamlamagy, şeýle hem, “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralmagy bu aýdanlarymyza mysaldyr. Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň edaralarynyň, abraýly sebit we sebitara guramalaryň we maliýe institutlarynyň hem-de seljeriş merkezlerini

Türkmenistan ulag pudagynda birnäçe ýurtlaryň hökümetleri bilen resminamalara gol çekdi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sişenbe güni geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistan birnäçe ýurtlaryň hökümetleri bilen ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli resminamalara gol çekdi. Hususan-da, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabatda başy başlanan ulag dialogy

dünýä derejesinde ýokary ykrara eýe bolýar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Aşgabat prosesi umumydünýä ulag gün tertibiniň örän möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ol ählumumy ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň netijeliligini we yzygiderliligini üpjün etmäge niýetlenendir. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmäge, biziň hyzmatdaşlygymyzyň maksatlaryny we wezipelerini anyklaşdyrmaga gönükdirilendir» diýip, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmäge, anyk teklipler bilen işjeň çykyş etmäge taýýardygyny aýratyn nygtady. Ählumumy derejede ulag diplomatiýasy boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň başyny başlan Türkmenistanyň bu ugurda öňde goýan maksatlaryna ýetmekde tutanýerli iş alyp barýandygyny forumyň dürli mejlislerinde çykyş eden abraýly ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, degişli ýurtlaryň ulag ministrleri hem biragyzdan tassykladylar.

Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

29-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi barada hoş habar aýdyldy. 19 döwlet Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi hem-de ol BMG-niň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Kararnamanyň kabul edilmegi diňe sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakadyr. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny — ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip yglan etmek hakynda teklip bilen çykyş etmegi hoşniýetli daşary syýasy ýörelgä ygrarlylygyň nobatdaky ýüze çykmasy boldy.

Hoşniýetlilik ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, günsaýyn ösýär, özgerýär, üstünlikleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän belent maksatlar iş ýüzünde aýdyň dabaralanýar. Şeýle maksatlaryň hatarynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynyň milli we halkara derejesinde ösdürilmegine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy güýçli depginde ösdürilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, has takygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyk derejede dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň kämil nusga ýetiren we häzirki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýokary derejede ösdürilýän ulag diplomatiýasy diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň hem bähbidine gönükdirilendir. Munuň şeýledigine 15-nji, 16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahatyň dowamynda hem ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döredi. Bu halkara forumyna gatnaşan 40-a golaý döwletiň we 30-dan gowrak halkara guramanyň wekilleriniň Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde, tüýs türkmene mahsus belent myhmansöýerlik bilen garşylanmagy bolsa halkymyzda ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly däp-dessurlaryň uly sarpa bilen dowam etdirilýändiginiň buýsançly subutnamasy boldy. Şeýlelikde, foruma gatnaşyjy wekiliýete maksatnamanyň çäklerinde Türk

Möhüm ulgamdaky täze mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamy ýokary derejede ösdürilýär. Bu ugurda ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösüşi boýunça täze belentliklere ýetilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda halkara derejesindäki alnyp barylýan ägirt uly işler ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň giňden dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär. Bu bolsa 15-nji, 16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahatyň dowamynda aýdyň duýuldy. Bu halkara maslahat BMG-niň howandarlygynda geçirilip, oňa 40-a golaý ýurda hem-de 30-dan gowrak halkara gurama wekilçilik eden wekiller gatnaşdylar. Mundan başga-da, forumyň geçirilişini giňden wagyz etmekde dünýäniň ençeme döwletinden habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy, bu halkara maslahatyň geçirilişine bildirilýän gyzyklanmanyň has-da uludygyny görkezýär. Bu halkara maslahaty hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we ýardam bermegi esasynda geçirilip, onuň maksatnamasy hem BMG bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Dostluk ýollarynyň merkezi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. Halkara giňişlikde syýasy-ykdysady ähmiýetli bu maslahaty geçirmek babatynda ýurdumyzyň başlangyjynyň uly goldawa eýe bolmagynyň düýp mazmunyny ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda döwletimiziň ägirt uly mümkinçiligine we baý tejribesine uly ähmiýet berilýändiginde görmek bolar. Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda gözel paýtagtymyzda 2016-njy ýylda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň dostluk, parahatçylyk we ählumumy abadançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmek ugrundaky başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze taryhy döwründe baý mazmuna, giň gerime eýe bolýan bu başlangyçlar dünýäde syýasy we ykdysady durnuklylygy gazanmakda ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi.

«Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeşdirmek» atly Halkara maslahaty öz işini dowam edýär

16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahaty öz işini dowam edýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ulag ministrleriniň Awaza duşuşygy

ulag ulgamynyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetini aýdyň görkezdi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iki günläp dowam eden deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. Onuň netijeleri boýunça Jemleýji Beýannamasynyň biragyzdan kabul edilmegi forumyň üstünlikli geçendiginden habar berýär. Degişli ýurtlaryň ministrleri tarapyndan beýan edilen teklipler, ugurdaş mejlisleriň 6-synda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça kesgitlenen anyk ugurlar bu möhüm resminamany taýýarlamakda esasy binýat bolup hyzmat etdi.

Ulag hyzmatdaşlygy ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir

15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirildi Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy netijesinde milli ykdysadyýetleriň biri-biri bilen baglanyşygy barha güýçlenýär. Şeýle şertlerde döwletleriň arasyndaky özara ykdysady gatnaşyklary ylalaşykly, hoşniýetli adalatly alyp barmak zerurlyk hökmünde ör-boýuna galýar. Bu zerurlygy iş ýüzünde amal etmek boýunça biziň ýurdumyz sebit we halkara giňişliginde netijeli iş alyp barýar. 15–16-njy awgustda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Hazaryň türkmen kenarynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky mysalydyr.

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň aýdyň beýany

15-nji aw­gust­da ir­den «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň Kong­res­ler mer­ke­zin­de deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat öz işi­ne baş­la­dy. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ra­lan fo­ru­ma 40-a go­laý döw­le­tiň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 30-dan gow­ra­gy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­dy­lar. Bu çä­re şeý­le hem BMG-niň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny, ab­raý­ly hal­ka­ra, se­bit we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de ma­li­ýe dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­ny, hu­su­sy ul­ga­myň, hö­kü­me­te da­hyl­syz bir­le­şik­le­riň, yl­my to­par­la­ryň we­kil­le­ri­ni bir­leş­dir­di. Türk­men ta­ra­pyn­dan fo­ru­myň işi­ne Hö­kü­met ag­za­la­ry, bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.