"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

«Akylly» şäherdäki işleriň depgini güýçlenýär

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.

Üns merkezinde — döwletli maslahatyň döwletli çözgütleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açmak bilen, Prezidiumyň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany, «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony, «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir».

Türkmenistan durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Hökümet mejlisiniň dowamynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakyndaky hasabatdan mälim bolşy ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerin

Halklary ýakynlaşdyrýan dostluk toýy

7 — 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürýärler.

Möhüm ulgamlarda belent sepgitler

Beýik akyldaryň heýkeli — Moskwada

Häzirki wagta çenli daşary ýurtlaryň birnäçesinde şahyryň ýadygärlikleri oturdyldy we oturdylýar. Diňe Russiýa Federasiýasynyň çäginde dana Pyragynyň dürli ululykdaky heýkelleriniň 3-sine duşmak bolýar. Ozal Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda, Astrahan oblastyndaky döwlet uniwersitetinde, şol oblastyň Funtowo obasyndaky orta mekdepde görnükli söz ussadynyň keşbi «janlandyrylan» heýkeltaraşlyk eserleri oturdylan bolsa, ýakynda Moskwanyň gözel künjekleriniň birinde-de şahyryň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňündäki meýdança dünýä belli akyldarlaryň we edebiýatçylaryň ençemesiniň jemlenip, döwre gurap oturan künjegini ýada salýar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy esasynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy hem indi ol ýerden orun aldy. Şahyryň heýkeliniň açylmagy mynasybetli bu ýerde ýörite dabara guralyp, ol ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň şanyna dostlukly döwletde geçirilýän baý mazmunly çäreleriň iň esasylarynyň birine öwrüldi. RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýanyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, A.M.Gor

Gruzin dilindäki neşir tanyşdyryld

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň gru­zin di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi­niň di­ňe bir Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga däl, eý­sem, tu­tuş türk­men hal­ky­na hem bil­di­ril­ýän uly hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edi­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry äh­li ugur­lar, şol san­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, iki hal­kyň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky ede­bi gat­na­şyk­lar has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy

9-njy oktýabrda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjyl

Watanymyzyň ösüşleri hakda gürrüň edildi

Ahal welaýat kitaphanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga talyp ýaşlar, Ak bugdaý etrabyndan partiýa işjeňleri gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, ýörite guralan kitap sergisine aýlanyp gördüler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary sergä bolan gyzyklanmany artdyrdy. Kitaphana işgärleri şol ajaýyp kitaplar hakda ýaşlara täsirli gürrüň berdiler.

Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap hassahanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň sport mekdebinde türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirli boldy. Duşuşykda çykyş edenler berkarar Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmesöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler barada gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan uly üstünliklere buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Döwrebap lukmançylyk merkezleri halkyň hyzmatynda

Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýramy mynasybetli paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda geçirilýän möhüm ähmiýetli dabaralara gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş

Eşretli durmuşyň höziri

Düýn, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş işgärlerine täze şäheriň ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ol hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Dürli şarlar, köpöwüşginli, owadan toý baglary bilen bezelen ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdança Arkadag şäheriniň häkimliginiň we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Gymmatly önüm öndüriler

Düýn Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň binalar toplumy açyldy. Ýylyň iň şanly wakalarynyň birine öwrülen dabara gatnaşyjylar kalbyna dolan buýsanjy şeýle sözler bilen beýan etdiler: Guwanç SEÝIDOW,«Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy: