"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Taryhy özgertmeleriň zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösýär we saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar. Diýarymyzyň her bir güni görlüp-eşidilmedik zähmet üstünliklerine beslenýär. Bu gün bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitirilen beýik işlere, ýetilen beýik sepgitlere, gazanylýan üstünliklere tüýs ýürekden guwanýar.

Berkarar döwletde iller bagtyýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Diýarymyzda her bir ynsanyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin bitirilýän beýik işler sanardan köpdür, aýratyn-da, ynsan saglygyny goramakda, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmekde amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ynsanperwerlik, sahawatlylyk Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatlarynyň özenini düzýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty-da uly rowaçlyklara beslenýär. Muny ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy hem aýdyň subut edýär.

Giň gerimli gurluşyklaryň mekany

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gurmak, döretmek, bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyz giň gerimli gurluşyklaryň mekanydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalary, önümçilik desgalary, medeni, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlup, döwrebap täze obalar, şäherçeler, şäherler döreýär. Şeýlelikde, ýaşyl baglara, al-elwan güllere bürenýän ata Watanymyzyň görki barha gözelleşýär.

Dünýäde dabaralanýan beýik tutumlar

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha berkeýändigi buýsandyrýan ýagdaýdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir başlangyjyny, tutumyny halkymyzyň giňden goldaýandygyna we özgertmelere gatnaşmakda ýokary işjeňlik görkezýändigine biz durmuşa geçirilýän beýik işlerde aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri ýurdumyzda ähli işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle bolansoň, dostlugy, parahatçylygy ündeýän, agzybirligi baýdak edinýän ata Watanymyzda dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy üçin taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşymyz ýürekden çykýar. Ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, halkym

Döwrüň talabyndan ugur alýarys

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda döwrebap bilimli, daşary ýurt dillerini oňat bilýän ýaşlaryň kemala gelýändigi döwrümiziň guwandyryjy, buýsandyryjy hakykatydyr. Çünki birek-birek bilen, şol sanda gaýry halklar bilen gatnaşyk, ylalaşyk, ösüş we özgeriş diliň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylara daşary ýurt dilleriniň öwredilişiniň döwrebap derejede alnyp barylýandygyny bellemek isleýärin. Özüm hem mekdepde çagalara iňlis dili boýunça sapak berýändigim üçin, her bir okuwçynyň döwrüň talabyny ödeýän, daşary ýurt dilini oňat bilýän adam bolup ýetişmegini gazanmak esasy aladam bolup durýar. Sapakda oýunlary guramagyň we surat görkezmegiň üsti bilen okuwçylaryň täze sözleri aňsat özleşdirmegini gazanmak üçin tagallamy gaýgyrmaýaryn. Çagalaryň ertekiler esasynda goýan gysga görnüşli sahnalarynda, geçirýän çärelerimizde biri-birleri bilen iňlis dilinde gürl

Röwşen geljegi nazarlaýan «akylly» şäher

Bu günki gün ata Watanymyz ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda gurulýan we ulanmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň hatary barha uzamak bilen. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçilikleriniň bardygynyň alamatydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanýandygy onuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyklaryny giň gerimde alyp barýarlar. Olaryň durmuşa geçirýän işlerine Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz mynasyp baha berip, netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýärler. Türkmen işewürlerine ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olar ýokary hilli, asyrlara uzaýan we iň gowy halkara ülňülere laýyk gelýän binalary gurýarlar. Arkadag şäheri oňa aýdyň mysaldyr. Bilşimiz ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, beýleki möhüm resminamalar bilen birlikde, “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Permana hem gol çekdi. Munuň özi bu ajaýyp, täze şäherde geljekde-de giň gerimli, beýik işleriň alnyp baryljakdygynyň aýdyň güwäsi bolup, onuň ýaşaýjylary

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 29-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy öz oňyn netijesini berip, dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy mundan öň hem özara Medeniýet günlerini birnäçe gezek geçiripdiler.

Agzybirligiň wagyzçysy

Türkmenler gadymy döwürden bäri ýurt parahatçylygynyň, asman-Zemin asudalygynyň, il agzybirliginiň neneňsi ähmiýetlidigine hem-de gymmatlydygyna çuňňur düşünip, bu ynsanperwer garaýşy özüne baş ýörelge edinen halkdyr. Biz munuň şeýledigine dürli öwüşginli halk döredijiligimize göz aýlanymyzda hem anyk göz ýetirýäris. Halk ertekilerinde, nakyllarda, atalar sözlerinde, hüwdülerde, matallarda hem çagalara agzybir ýaşamagyň gymmaty düşündirilýär. Bu babatda nusgawy edebiýatymyza aýratyn uly orun degişlidir. Parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakda söz açylanda, ilkinji nobatda, Gündogar edebiýatynyň göwheri hasaplanylýan, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden mysallary getirmek has-da ýerlikli bolar.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin akkumulýatorlary öndürmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. «Kökçiniň» amperi 60-dan 190-a çenli beýgelýän ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» ýaly haryt nyşanly akkumulýatorlary içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlarda-da islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Akkumulýator öndürmekde ýurdumyzda ilkinji hususy kärhana bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, her günde, ortaça, 300-350 sany akkumulýator öndürilýär. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar.

Wepalylygyň we dostlugyň nyşany

Halkymyzyň dünýä beren, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant bolan naýbaşy milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaýyň keşbi dostana duýgulary janlandyrýar. Hakykatdan-da, ol bu günki gün halkara gatnaşyklarda-da mizemez dostlugyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şu barada gürrüň edilende, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýy hem ýada düşýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde has netijeli ösdürilip, täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda dostlukly ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen mizemez şahsy dostluk gatnaşyklary türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň köp ugurlar boýunça düýpli ösdürilmegine itergi berdi. Döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitine gatnaşmak maksady bilen, 23-24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim işgärleri iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hyzmatyndan, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan giňden peýdalanýarlar. Munuň özi bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýokary derejelere ýetmegine şert döredýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim işiniň halkara ölçeglere laýyk getirilmeginde möhüm çelgi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bilim ulgamynda öňde durýan wezipelere hem üns çekilip, täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bizi örän buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleriniň döredilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleriniň ýa-da olaryň şahamçalarynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Asylly ýörelgelere eýerip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz uly durmuş-ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Sanly ulgamyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar, bäsdeşlige ukyply önümçilikler ýola goýulýar. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.

Hormatly adyňyz gutly bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşimiz — Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Hanyýewe Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin berlen bu ýokary baha mynasybetli ol özüniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyz bilen şeýle paýlaşdy: — Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň dakylmagy meniň itşynaslyk höwesime ýene-de höwes goşdy. Şeýle uly hormat üçin ilki bilen hormatly Prezidentimize çuňňur ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Men 10 ýaşymdan bäri itşynaslyk bilen meşgullanýaryn. Alabaýlar bilen çagalyk ýyllaryndan başlanan dostlugymyz bütin ömrüme uzap gitdi. Ilkinji çopan itimiň adyna Boýnak dakypdym. Ony güjükliginden ulaltdym. Onuň bilen bagly wakalar durmuşymda öçmejek täsirleri bilen hemişelik ýadymda galdy. Alabaýlar bilen dostlugymyzyň berkemeginde atam Hany Halymow, kakam Aganyýaz dagynyň aýratyn paýlary bar. Olar meniň bilen kän syrlaryny paýlaşdylar. Men hem şol syrlary hiç kimden gysganamok, idäp-sorap gelenlere öwredýärin. Şirhan,

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

 26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar. Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.

Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi

 27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirilip, onda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, ýurdumyzyň iň gowy itşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy. Şol gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide halkymyzyň milli mirasy, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy.

Ynsanyň wepaly dosty

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezinde geçirilen aýdym-sazly dabarada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda dünýä meşhur bolan alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary, ynsanyň iň wepaly dosty bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, hüşgärligi, çydamlylygy, duýgurlygy bilen tapawutlanýan milli gymmatlygymyzy ilat arasynda wagyz etmek baradaky söhbetler mynasyp beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan «Türkmen alabaýy» atly eseriniň  taýsyz gymmatlykdygy aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşanlar Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli  giňden guralan sergä syn etdiler. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, Balkanabat çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap çeken suratlary, taýýarlan şekilleri ýygnananlarda aýratyn täsirleri galdyrdy. Merkeziň hünärmenleriniň alabaýlaryň başarjaň hereketlerini görkezen pursatlary olarda uly gyzyklanma döretdi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan sahna oýunlary, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary baýramçylyk çäresine gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Üstünlige ruhlandyrýan özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýär. Ajaýyp zamanamyzda ykdysadyýetimiziň ösüşine täsir edýän özgertmeler barha öňe ilerleýär. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklaryny kämilleşdirmeklige we depginli ösdürmeklige, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmeklige, raýatlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri üpjün etmeklige gönükdirilen işler aýdyň netijesini berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Nebitgaz ulgamynyň halkara maslahaty we sergisi üstünlikli geçirildi

23 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergiüstünlikli geçirildi. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Nobatdaky forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Şeýle-de 70-e golaý kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň 40-dan gowragy daşary ýurtlaryň, şol sanda Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ru

ASYRYŇ ALTYN TASLAMASY

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine bolan iş sapary wagtynda bu ýerde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit we dünýä ösüşine täsir etjek möhüm meseleler hakda delilli gürrüň edipdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşygynda döwlet Baştutanymyz häzirki zaman dünýäsi hem-de umumadamzat ösüşi üçin iň möhüm meseleleriň biri hasaplanylýan ulag-logistika düzüminde ýurdumyzyň ornunyň juda ähmiýetlidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere ünsi çekipdi. Gadymy Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan häzir dünýäniň geoykdysady giňişliginde ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, sebit we Ýewraziýa yklymy üçin juda möhüm bolan iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýar.