"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Irden Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkeziniň binasyna geldi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji fewraly) Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymyzy we iň gowy arzuwlarymyzy kabul ediň!

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Kerman şäherinde bolup geçen hem-de köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hadysa zerarly Siziň Alyhezretiňiziň iberen hatyňyzda beýan eden gynanjyňyz we duýgudaşlyk sözleriňiz üçin hoşallygymy bildirýärin. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň hem-de Türkmenistanyň halkynyň abraýyny has-da artdyrmagyny dileýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Irden Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkeziniň binasyna geldi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji fewraly) Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

Ýurt habarlary

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Mejlisde hasabat berlişi ýaly, ýanwar aýynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda dürli forumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Şeýle-de bu ulgama degişli ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary: halkymyz bilen bilelikde beýik işleri durmuşa geçirmegiň nusgalyk göreldesi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  mynasyp keşbini çuň mazmuna besleýär. Milli Liderimiziň döwletlilik ýolunyň kämil tejribesine daýanyp, yhlasly tagallalary bilen ösüşlerimizi täze belentliklere çykarýan döwlet Baştutanymyzyň göreldesinden ruhlanyp, zähmet meýdanlarynda halkymyzyň gazanýan ýeňişleri göwünlere ganat, köňüllere ylham berýär. Ýurdumyzyň durmuşyndaky buýsançly wakalar hormatly Prezidentimiziň  «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eserindäki: «Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen parasatly sözleriniň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar.

Ösüşiň we hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Akyldar şahyra belent sarpa

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhy hem-de medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesilden-nesle geçirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryh we medeni miras döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol medeni mirasyň genji-hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny arşa göterip, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Ýagny, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, gruzin, özbek, täjik, ukrain, belarus, arap, ermeni, gazak, hytaý, rumyn, ýapon we beýleki dillere terjime edildi.

Beýik döwür beýiklerden eserdir

Mälim bolşy ýaly, 21-nji fewralda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly mümkinçiliklere kuwwatly itergi berjekligi bilen taryhy ähmiýete eýedir. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda öňden gelýän ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur» diýip ýazyşy ýaly, häzirki wagtda işjeň häsiýetde dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we netijeliligini artdyrmaga iki tarap hem döwtalap. Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hormatly Prezidentimiz aýratyn ähmiýet berýär. Çünki iki dostlukly döwlet sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerinde öz

Düşünişmegiň we ynanyşmagyň binýady

Döwletimiziň dünýä syýasatyna işjeň goşulmagy onuň daşary syýasy strategiýasynyň açyklygynda we anyklygynda, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli tekliplerinde, şeýle hem sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmeginde öz beýanyny tapýar. Bu günki gün türkmen Bitaraplygy öz üstüne alan ähli borçlaryna hem-de dünýä bileleşiginiň bildiren jogapkärli talaplaryna birkemsiz ygrarly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylda ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek hem-de halkara meselelerini kadalaşdyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň ýörite kadalar toplumyny işläp taýýarlamak babatda öňe süren oňyn başlangyjy aýdyň görkezýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Öwezmämmet ÖWEZMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik: — Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasyna hem gol çekildi. Bu resminama bilen girizilen üýtgetmeler Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Statistika baradaky döwlet komitetiniň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyna birikdirilmegi bilen baglydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman türkmen topragynda ýene-de saparda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministrini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.