"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. ***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biziň halklarymyz Nowruz baýramyny berekediň we agzybirligiň, ýagşy niýetleriň gözbaşy hasaplap, ony iň gowy arzuw-umytlar bilen garşylaýarlar. Goý, bu nurana baýram halklarymyza rysgal, şatlyk we bagtyýarlyk getirsin!

Türkmenistanyň Prezidenti Albaniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Albaniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti hol» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek, ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşan wekiliýet agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 23-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän taryhy günlerinde «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyňyzyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek barada alyp barýan döwletli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 23-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda bu nurana bahar baýramynyň sahylygy we berekedi, bagtyýarlygy, abadançylygy alamatlandyryp, bularyň ählisiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynda aýdyň beýanyny tapýandygyny belleýärler. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, güýç-kuwwat, Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär

Geçen hepdede ýurdumyz toý-baýramlara beslendi, ata-baba gelýän milli däp-dessurlara aýratyn orun berildi. Ynha, 21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin-de, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Beýik işleriň rowaçlygy — ösüşleriň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda dabaraly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren asylly ýörelgelerini öz içine alýan hem-de halkara derejä eýe bolan bu ajaýyp baýramyň bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýandygy, halklaryň parahatçylyk we döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrülendigi nygtalýar. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, Türkmenistany

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident! Hytaý Halk Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine ygrarlydygyny beýan etdi. “Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Möwsümleýin işler göwnejaý alnyp barylýar

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.