Belent abraýyň güwäsi
Ata Watanymyzyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da arşa galýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän öňdengörüjilikli, umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde asudalygyň, abadançylygyň, agzybirligiň nusgasy bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň üns-nazary gönügen parahatçylyk söýüji we ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty halkara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine giň ýollary açýar. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza gelip gowşan hoş habar — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem baky Bitarap döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda öňe sürýän teklipleriniň jahan içre ykrar edilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bu hoş habar göwünlerimizi göterip, ýokary