"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Parahatçylygyň döreýşi

Aslynda «Türkmen parahatçylygy» diýen düşünje asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Onuň türkmenleriň taryhyndaky özboluşly geçen ýoly, biziň häzirki bagtyýarlyk döwrümize ajaýyp sazlaşyk bilen goşulýar. «Parahatçylyk» diýen düşünje, gadymy halkymyzda «dünýägaraýyş» diýen beýik pelsepä ulaşýar. Dünýägaraýyş bolsa, jümle-jahanda asuda, abadan ýaşaýşy diňe bir ykrar etmek däl-de, eýsem, ony berkarar etmekden ybaratdyr. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen eýýamynda «parahatçylyk» sözi goňşy döwletleriň özara ylalaşygynda ýüze çykypdyr. Goňşy-goňşudan arkaýyn bolsa, onda her bir döwlet özüniň abadan ösüşini üpjün edip bilýär. Goňşular bolup, uzakdan gelen ýowy agzybirlikde gaýtaryp, parahatçylygy, ýeňşi gazanmak iň bir möhüm şertdir. Munuň üçin bolsa, hökmany suratda birek-birege bolan ynam gerek. Diňe ynamyň bar ýerinde parahatçylygy berkarar edip bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş. Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar

Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary Aşgabat — Ahal welaýaty 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Halk bähbidini nazarlaýan beýik işler

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär

13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Bu täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýik ösüşleriň binýady

Türkmen obasyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşi gönüden-göni oba adamlarynyň ýaşaýşy hem-de öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan amatly şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylan giň gerimli işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde täze obalary hem öz içine alýan düzümler döredilýär. Munuň üçin uly serişdeleri goýbermek bilen hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümlerini ösdürmek ugrunda yzygiderli işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 15-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Aýdyň geljegiň we rowaç durmuşyň hatyrasyna

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak bilen bagly işleriň ýola goýluşy, ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem innowasion taslamalaryň «Sanly çözgüt — 2021» atly nobatdaky bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, milli senenamamyzyň şanly senelerini ba

Döwletimizi ösdürmäge gönükdirilen möhüm işler

12-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär

13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Bu Kanun rejelenen görnüşde 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizilýär. «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna rejelenen görnüşde taýýarlanan «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilme

Şanly seneleriň şanyna

Şu ýyl mähriban halkymyz ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly seneleri — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalara hem-de meýilnamalara laýyklykda, bu ajaýyp baýramçylyklary mynasyp garşylamak we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary hem-de çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin häzirden ykjam taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki şäherdir obalarynda taýýarlyk işleri giň gerime eýe boldy. Ýene-de sanlyja günlerden halkymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hem bu baýramçylyga taýýarlyk görlüşi barada aýratyn durlup geçildi. Bu baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Halkymyzyň abadançylygy — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, welaýatlaryň häkimliklerine 2021-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri, ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Milli kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Bu kadalaşdyryjy hukuk namasy ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge, ykdysadyýet ulgamynda kanunçylygyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilip, rejelenen görnüşde 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizilýär.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, welaýatlaryň häkimliklerine 2021-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri, ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.

Halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak milli Liderimiziň syýasatynyň özenidir

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol ugurlar bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti gurmak, ylym-bilimi, ýokary tehnologiýalary ileri tutmak, ýurdumyzy innowasion görnüşde ösdürmek, daşary ýurtlar hem-de esasy halkara guramalar bilen netijeli köpugurly gatnaşyklary, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek wezipelerini öz gerimine alýar. 9-njy martda hormatly Prezidentimiz “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşjak bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.