"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ene göreldesi - perzent ýörelgesi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilen dabaralar uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna we agzybirlige beslendi. Bu ajaýyp bahar baýramy eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, söýginiň, maşgala ojagyna wepalylygyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän türkmen zenanlarynyň sarpasyny we mertebesini hemişe belentde tutmaga ýardam edýär. 8-nji martda geçirilen dabaralar mähriban zenanlarymyza özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Eneler — durmuşyň başlangyjy, maýasy, gönezligi. Enä taý geljek mukaddeslik ýokdur. Dowamat eneden gaýdýar. Ene ýüregi, ene mähri hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan mukaddeslikdir. Ol her bir äden ädiminde perzendi goraýan gudrat, keramat. Şonuň üçin eneler keramatly Käbe bilen deňelýär. Enäniň çagasyna bolan mährini hiç bir ölçeg birligi bilen ölçäp bolmajakdygy hakykat. Ol mähri hiç bir düşünje bilen çalşyp, hiç bir galyba salyp bolmaýar. Ol aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän umman mysaly möwç urýan duýgular ulgamy. Bu duýgular adamzat bilen bilelikde dörän duýgular.

Milli terbiýe — mukaddes ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň terbiýesine, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň sagdyn, kämil, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilim milli ýörelgelerden ugur alyp, döwrüň iň täze ugurlaryny, usulyýetini hem gurşap alýar. Şonuň üçin hem mugallymlar bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýärler. Türkmen halkynyň gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bar. Özi hem şeýle ýörelgeleriň milli terbiýede hem şöhlelenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly ýörelgeleri çuňňur öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary ýakyn gollanma bolýar. Bu ajaýyp kitaplarda taryhy maglumatlar bilen bir hatarda türkmen halkynyň döreden rowaýatlary, akyldarlarymyz hakyndaky gymmatly çeşmeler aýdyň beýan edilýär. Munuň özi hem biziň üçin uly hazynadyr, ylym-bilimiň egsilmez çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda hem edep-terbiýäniň ähmiýeti beýan edilýär: «Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň

Kalby gözel zenanlar

Miras — halkyň ruhy baýlygy, genji-hazynasy, taryhy dünýäsi. Her bir halkyň özge milletiňkä meňzemeýän medeni mirasy ony tapawutlandyrýan özboluşly aýratynlykdyr. Türkmeniň gadymy däp-dessurlaryndan, edim-gylymlaryndan, ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli mirasymyz halkymyzyň iň gymmatly, bahasyz baýlygydyr. Halkymyzyň baý mirasynda zähmete, zehine sarpa goýan, geljegine umytly garan türkmen zenanlarynyň owadan, ruhy dünýäsinden gelip çykan el işleriniň aýratyn orny bar. Sadadan agras, göwnaçyk, pespäl häsiýetleri bilen birlikde, türkmeni türkmen edýän, milletleriň arasynda onuň milliligini tapawutlandyrýan zat biziň owadan lybaslarymyzdyr. Gadymdan gelýän biçüwi-de, reňki-de, nagyşlarynyň salnyşy-da belli bir maksada gönükdirilip ýerine ýetirilýändigi bilen tapawutlanýan milli lybaslarymyzyň her biri aýratyn bir sungat eseridir. Milli aýratynlyklarymyzyň esasy görnüşleri bolan gyrmyzy donlarymyz, çäkmenlerimiz, dürli nagyşlar bilen bezelip tikilýän çabytlarymyz, kürtelerimiz, düýpli gyňaçlarymyz... — türkmeniň hüý-häsiýeti bilen sazlaşyp gidýän bu nepis işler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň gudraty bilen dörän, ene-mamalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzdyr.

Söýgüsi melhemdir, gujagy — bossan

«Aýlar gyzym Aý ýaly,Aýda dokar bir haly.Halysynyň kenary,On barmagnyň hünäri». Mylaýym hüwdi ýaňlanýar. Süýji ukuda ýatan çagajygyň ertirki gün eli hünärli, ene-atasyna, il-gününe, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini ündeýän hüwdüde enäniň ýagşy umyt-arzuwlary jemlenen. Şol mahmal hüwdi bilen terbiýelenýän perzent Watanyna, ata-enesine bolan söýgi-mähirden kalby doly ynsan bolup ýetişýär.

Gül-gunçanyň keşbi siňen keteni

Keteni dokamagyň taryhy ençeme asyry öz içine alýar. Gadymy döwürlerden bäri ýörgünli mata hasaplanylýan keteni biziň günlerimizde-de öz gadyr-gymmatyny saklap gelýär. Keteniden erkek kişileriň we zenanlaryň egin-eşiklerini taýýarlapdyrlar. Erkek kişileriň ýüpek matadan tikilýän daşky eşigi diňe don bilen çäklenýän bolsa, gelin-gyzlaryň ýüpek matalardan tikinýän lybaslarynyň görnüşi köp bolupdyr.

Keçe güllär ellerim

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, ýaş nesillerde el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilýän wagyz-ündew çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar ýurdumyzda giň gerim alýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölümi, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guran «Keçe güllär ellerim» atly söhbetdeşligimiz hem şeýle çäreleriň biri boldy. Türkmen zenanlary elmydama gözelligiň gözleginde. Zenanlaryň on barmagynyň hünäri bolan, öý-ojaklaryň törlerini bezeýän haly, palas önümlerinden başga-da, dürli ululykdaky keçeler hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, keçeler gadymy döwürden bäri halkymyzyň dowam etdirip gelýän arzyly sungatydyr. Keçe güllenilýän wagty aňyrdan gelen adam: «Gülüň owadan» diýip, ýagşy dileg etse, keçe ussatlary «Ýüzüň owadan» diýip, geleni garşy alypdyrlar.

«Dona gezek gelen bolsa...»

Ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolunyň ussady, meşhur Sapar süýrentginiň şägirdi Nazar baga Morsy ogly hakyndaky bu gürrüňi ony gözi bilen gören, ýakyndan diňlän, häzirem biziň aramyzda sag-aman ýaşap ýören 106 ýaşly kärdeşimiz Baba Garaýew gürrüň berdi: — Baý, Nazar baga bagşy-dow, Sesi dagy bir menzildenem edil ýanyňda aýdyp oturan ýalydyr. Öňüne bagşy geçirmezdi. Ak öýlänler tirme aýdymlara tutup, zoruny görkezerdi. Adamlar bolsa ondan dessana garaşyp, şol yranyşyp oturandyrlar. Ýekejesi dagam ýerinden gozganaýsa nädersiň. Olar bagşynyň her bir hereketini gaty üns bilen synlardylar. Käbirleri bagşy bilen bile gygyryp, dyzlaryna galýady. Gözlerini pugta ýumup, kellesini ikiýana çaýkap, yranyp oturanlar hem bardy. Meniňem bagşyny ilkinji gezek görşümdi. Onuň at-owazasyny eşitsem-de, ýakyndan diňläp görmändim. Şonuň üçinem bagşyny aýratyn höwes bilen diňleýärdim. Onuň her bir hereketini synlaýardym. Bagşynyň egninde goşa don bardy. Donlaryň biri ýalaňgatdy, beýlekisi hywa çäkmenidi. Uzyn ak kamys köýneginiň üstünden ýasy guşak guşalandy. Donlarynyň synlary guşagyna gysdyrylgy bolansoň, bagşy has daýaw görünýärdi. Ol şol gezegem tä ýagyrnysyndan der görünýänçe aýdym aýtdy. Esli wagtdan soň, çäkmenini, soňra-da ýuka donuny hem çykardy. Şondan soň ba

Pursatlar

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolmak miýesser edipdi. Ol «Şaglap iner bürgütleri» aýdymy bilen adygyp başlapdy. Onuň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Akmämmet bagşy Nurberdi Gulowdyr Wary Aýjanowy halypa tutunyp, öz ýoluny tapypdy. Meşhur bagşy Sahy Jepbar oňa saryýagyz hem gök gözli bolansoň, «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Men öňki Nebitdag telestudiýasynyň «Edebi-sazly gepleşikler» redaksiýasynda redaktor bolup işlän döwrümde onuň bilen häli-şindi medeni çärelerde hem toýlarda gabatlaşýardyk.

Köňülleri nurlandyrýan eser

Şu makalamyzda Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Abdyrahman Jamynyň «Baharystan» atly eseriniň käbir «baglary» hakynda gürrüň etmekçi. Jamy bu eserini Zyýaeddin Ýusuba bagyşlap, onuň «ýürek duýgularyny oýarmak» we «kalbyna howp salýan kynçylyklardan goramak» üçin ýazandygyny mälim edýär. Şeýle-de akyldaryň «Baharystany» ýazmagyna Sagdy Şirazynyň «Gülüstan» atly eseriniň ruhlandyrandygyny hem aýdyp geçýär. Jamy «Baharystanyň» rowaç almagyny Allatagaladan diläp, eseriň sekiz «bagdan» ybaratdygy hakynda maglumat berýär. Söz ussady okyjysyna: «Şu tikeneklikden boş baga tomaşa edýänlere haýyş: Haçan-da şu baglara gadam goýanlarynda we ygtybar nazary bilen baga seredenlerinde bagy ösdürip ýetişdiren we ony ýetişdirmek üçin gije-gündiz jan eden, jiger-bagryny gan eden bagbany doga-dilegler bilen ýatlasynlar we taryp bilen ony şat etsinler» diýip ýüzlenýär. Eseriň “Baharystan” diýlip atlandyrylmagy ýylyň bahar-ýaz paslyny aňlatman, göçme manyda ulanylypdyr. Onuň şeýledigine esere çuňňur aralaşanyňda birkemsiz göz ýetirip bolýar. Esasan-da Abdyrahman Jamy ynsan gylyk-häsiýetlerini, ahlak-etiki gymmatlyklary çeper beýan etmek arkaly adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny, onuň kalbynyň kir-kimirden saplanyp, bahar gülleri dek açylmagyny, ýazyň howasy dek

Pähim-paýhasy durlaýan eser

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininiň önümi bolan her bir eser halkymyzda uly seslenme döredýär. Bu olarda gozgalýan meseleleriň düýplüdigini, eserleriň çeperçilik derejesiniň örän ýokarydygyny aňladýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby-da baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda Zemin abatlygy, ylym-bilim, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik, pähim-paýhaslylyk hakda giňişleýin pikir ýöredilýär.

Ynsan ömrüniň nury

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem ilkinji nobatda saglyk-amanlyk soraşylýar» diýlip beýan edilýär. Lukmançylyk ylmynda uly yz goýup giden Ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň işleri, döreden eserleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan içgin öwrenilýär. Şeýle-de, Ali ibn Sahl Rabban, Ibn Musa we Seýit Ysmaýyl Gürgenli ýaly lukmanlar orta asyrlarda uly yz goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji tomunda şeýle setirler bar: «...Orta asyrlarda hut Merwde lukmançylyk ensiklopediýasynyň awtory Ali ibn Sahl Rabban (IХ asyr), onuň döwürdeşi, iýmitleniş kadalary, suw arkaly bejergi bermegiň usullary, gan almagyň düzgünleri, derman ösümlikleri we botanikanyň dürli ugurlary boýunça gymmatly ylmy işleri miras goýup giden Ibn Musa ýaly öňdebaryjy lukmanlar ýaşapdyrlar. Gündogaryň lukmançylygynda öçmejek yz galdyran, milli lukmançylygyň

Kendirik — öýüň rysgaly

Öýlerimiziň ýaraşygy, oba-syrgynyň gelşigi bolan mährem eneler ýaş gelin-gyzlara görüm-görelde bolýarlar. Olaryň her bir aýdýan sözleri akyl, edýän işleri nusgadyr. Men muňa öz durmuşymda hem aýdyň göz ýetirdim. Enemiň bizi — gyz agtyjaklaryny daşyna üýşürip, beren öwüt-ündewleri, el işlerini öwredişi ýadymda mäkäm orun aldy. Onuň kendirik hakynda beren gürrüňleri hem uly täsir galdyrypdy.

Medeni miras — müdimi miras

DAGDANLY TAÝMAZ Dagdan agajy daglyk ýerde ýetişip, daş ýaly berk bolýar, ýyllar geçdigiçe has-da dykyzlanyp mäkämleşýär. Şonuň üçinem maşgalalarda berklik, sagdynlyk, agzybirlik bolsun we ýyllar geçdigiçe-de, ol mizemez mähir-muhabbete öwrülsin diýlip yrym edilipdir. Dagdan agajyny ýonup, dürli görnüşli şekilleri ýasap, alaja ýüplere baglap, çagajyklaryň boýnundan, goşarjygyndan asypdyrlar, gundagbagyna, tahýajyklarynyň depesine dakypdyrlar, öýleriň işiginiň ýokarsyndan görnükli ýere berkidipdirler. Dagdan agajyndan şekiljikleri diňe bir çagajyklar däl, eýsem, uly adamlar hem hassalasa, gyzdyrsa, ýörite dakynypdyrlar. Bu ýagdaý dagdan agajynyň tebigy täsiriniň güýçlüdigini äşgär edýär.

Halkymyzyň ajaýyp gymmatlygy

Milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna, wepaly ýoldaşyna öwrülen alabaý itlerimiz barada olara belet adamlar: «Alabaý eýesine wepalylygyň nusgasyny görkezýär» diýen sözleri buýsançly gaýtalamagy gowy görýärler. Eýesine çakdanaşa wepalylyk, garadan gaýtmazlyk, duýgurlyk, hüşgärlik, akyllylyk, hoşgylawlylyk düşbülik türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakaňda ýakyn kömekçi, öýüňde garadan gaýtmaz sak goragçy — bular türkmen alabaýlaryna mahsus häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdir. Şeýle hem olary diýseň eý görüpdirler we iň ýakyn dost hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip, tü

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy ugurlaryň biri bilimli, päk ahlakly ýaşlary terbiýelemek wezipesidir. Çünki, şahsyýetiň kämilligi päk terbiýeden gözbaş alýar. Ylmy nazaryýetiň, tejribäniň şu günki gazananlarynyň talaplary esasynda gelejegimiz bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek beýik geljegimiziň, durnukly ösüşini üpjün etmegiň girewidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, kanagatlylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli-medeni mirasyň aýratyn orun tutmalydygyna hemişe üns berýär. Ýaş nesillerimize tebigatymyzyň gözelligini goramagy, oňa aýawly çemeleşmegi öwretmelidiris. Munuň özi çagalarda tebigatyň, sungatyň gözelligini dogry kabul etmek başarnygyny terbiýelemegi aňladýar. Şeýle bolanda, çagalar özleriniň sungata bolan ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Estetiki terbiýe umumy terbiýäniň beýleki düzüm bölekleri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykda amala aşyrylanda has-da ygtybarly bolýar. Estetiki terbiýe diňe bir gözelligi döretmek, okalan kitaplaryň, tomaşa edilen sahna oýunlarynyň, diňlenilen sazlaryň sanyny köpeltmegi aňlatman, eýsem, ynsany kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Ýollarymyza şugla saçýan şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän, gadymyýetden şu günki günlerimize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzdan, edim-gylymlarymyzdan, türkmen halkyna mahsus ynsanperwer häsiýetlerden söz açýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr, ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr. Pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýol-ýörelgeleriniň parasatlylyga ýugrulan rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen ýokary çeperçilikde beýan edilmegi bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Halkymyzyň döwletlilik hakyndaky düşünjesiniň, garaýşynyň agzybirlik, dostluk, ynsaplylyk, myhmansöýerlik ýaly häsiýetlerde jemlenýändigi kitabyň bölümlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ynsanyň mertebesini belentde tutmagyň ähli döwürleriň esasy meselesidigi, iň ýokary gymmatlygyň Zeminiň abadanlygynda, sagdyn durmuşda eşretiň hözirini görüp ýaşamakda jemlenýändigi eserde nygtalýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata daýanylýan häzirki günlerimizde-de adamyň gadyr-gymmatynyň hemişe belentde saklanylmagynyň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýandygyny görkezýär. Kitapda halkymyzyň agzybirlige, myhmansöýerlige, ylma, bilime bolan söýgüsi baradaky parasatly pikirler gyzykly rowaýatlaryň, jümleleri

Hünärine dünýe haýran

Megerem, nepislik, näziklik we gözellik barada söz açylanda, türkmen gelin-gyzlarynyň we olaryň on barmagynyň hünäriniň göz öňüne gelmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Sebäbi eli çeper gelin-gyzlarymyzyň yhlasyny, paýhasyny jemläp döreden el işleri, owadan lybaslary, nepis halylary gymmaty egsilmeýän, sünnälenilen senet hökmünde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Şu gymmatly mirasyň kemala gelmeginde we syntgylanylyp häzirki günlerimize gelip ýetmeginde türkmen zenanlarynyň hyzmatynyň juda uludygyna hiç haçan synmajak taryhy we edebi nusgalar şaýatlyk edýär. Häzirki günlerde gelin-gyzlaryň tahýasyna, köýneginiň ýakalaryna, kürte-çyrpylaryna, elbukjalaryna, erkek adamlar üçin niýetlenilen ezýaka köýnekleriniň ýakasyna we akgaýma tahýalaryna çekilen nepis keşdeler dünýäni haýrana goýýar. Keşde çekmek we haly dokamak gelin-gyzlaryň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän inçe sungatdyr. Zenan maşgalalar öz el işlerine, nepis halylarynyň öwüşgini öçmejek göllerine gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny siňdirýärler. Bu asylly ýörelgäni mynasyp derejede dowam etdirmek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şuňa görä biz çagalar we ýetginjekler döred

Kesbi-käri — nesillere nusgalyk

El hünärimiz bize ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp sungatdyr. Olaryň ruhy dünýäsiniň aň-paýhasynyň özboluşly beýany bolan el işleri arkama-arka dowam edip, häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ýurdumyzda el hünärini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesle ýetirmek üçin halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilip, bu ugurda birnäçe işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, el hünärini ýaş nesle öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «El hünärim ― nesillere dowamat» atly sergi guraldy. Oňa eli çeper halypalardyr okuwçy gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Sergide zenanlarymyzyň el hünärleriniň welaýatymyza mahsus nusgalary ýaýbaňlandyryldy. El işleriniň sergisinde keçeler, kilimler, owadanlygyna taý gelmeýän ýüpek halylar bu ýere gelenleriň hiç birini-de biparh goýmady. Gadymdan galan nusgalyk el işlerine şu günki nesillerde söýgi, höwes döretmek, olara müň öwüşginli el hünärini öwretmek maksady bilen guralan sergä gatnaşan zenanlar ýaş gyzlara ik egirmek, gelin-gyzlaryň lybaslarynyň biçüwi, gurama düşekçäniň guralyşy, halydyr kilimleriň dokalyşy, keçe basylyşy

Gadymdan galan nusgalar

Edil silkme telpek, agar çäkmen, tirme guşak, keteni köýnek ýaly biziň halkymyza mahsus milli gymmatlyklaryň biri hem bökejeň ädikdir. Maglumatlara görä, ýokary hilli gönden tikilýän bu aýakgaplar durmuşa çykýan gyzlaryň sepinde hökman bolaýmaly goşlaryň sanawyna giripdir. Bu aýakgaplar ýurdumyzyň dürli ýerlerinde «böke», «bökeje», «bökejem» kimin dürlüçe atlandyrylýar. Bökejeň ädik — ýokary hilli gönden tikilen toý aýakgaby. Aýakgabyň burny gelşik üçin yza gaýşardylyp tikilýär. Ökjesine bolsa birnäçe gat gön goýlup, ep-esli beýgeldilýär. Bu ädigiň, köwşüň bökejeň ady şonuň bilen baglanyşykly bolmagam mümkin.

Çaý çorba

Il arasynda şeýle aýtgy bar: «Ertirki iýip-içeniň özüňki, günortankysy dostuňky, agşamkysy duşmanyňkydyr». Hudaýa şükür, bolçulyk, dokçulyk, abadançylyk. Sähel salymda bişirmäge, gowurmaga, kaklamaga gaz plitalary, tok bilen işledilýän kaşaň-kaşaň, hil-hil gap-gaçlar, gazan-taganlar we beýleki enjamlar öý bikeleriniň gol astynda dur. Emma ýeňil bolmadyk durmuşda ýaşan ene-mamalarymyz, ata-babalarymyz hem her edip, hesip edip, aýtgyda nygtalyşy ýaly, «özüňki» saýylýan ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä?! Çaýçorba! Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne ol ýüzünde suw durlanyp duran sowuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmalydy. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa düýekäse diýýänlerem, pyýala diýýänlerem bardy. Şol düýe käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, keşdiniň çekişine görä, gant bilen mal ýagyny atardylar. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowy, onuň derejesine ýetip biljek mal ýagy barmy! Indiki gürrüň dograljak çöregiň mukdary barada. Çümhörekler onuň bir käsesinden kanagatlansalar, işdämenler piýalany 2-3 gaýra çörekden doldurman doýdum diýmezdiler. Çaýçorbanyň ahyrynda adaty käseler bilen süýtli çaý içerdiler. Ç