Oňyn başlangyçlar — abadançylygyň hatyrasyna
Baky Bitarap türkmen döwleti abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýär, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz sebitde we bütin dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýaragsyzlanmak, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň getirilmegine, döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek çygrynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns gönükdirýär. Parahatçylyk we abadançylyk BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň esasy şertleri bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň uly ähmiýeti bardyr. Ine, 6-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde beýan edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, oňyn