"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Gözellikleri goralyň!

Bagy-bossanlyk — tebigatyň ýaraşygy. Ozal hem bir dana kişi bagy-bossanlygyň goýnunda ýaşaýanlaryň kalplarynyň hem edil gözel tebigat ýaly owadandygyny aýdypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny berkitmek, mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar. Mähriban ildeşler! Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň şahalarynyň elektrik geçirijilerine degýän ýerlerini ýangyn howpy döremezligi üçin kesip aýyrmaly. Otluk (baglyk) meýdanda işledilýän tehnikalaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndürijiler bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýyň elmydama gurat bolmag

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bu günki gün dünýä halklarynyň ykbalyna täsir edýän derwaýys wezipeleri netijeli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýän ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar. Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmek bilen, BMG-niň dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak ugrundaky tagallalaryna uly goşant goşýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilýär.

Ekologiýa barada bilimiň ähmiýeti

Durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri ilatyň ekologik bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň we jemgyýetiň ekologik medeniýetini, aňyny we düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Bularyň bary adamlaryň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder. Ekologik bilim — bu adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw, we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Bu işleri netijeli alyp barmak we ekologik bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek üçin ekologik taýdan sowatly hünärmen mugallymlary taýýarlamak, okuw-usulyýet binýadyny güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär, ýagny ekologik bilim we terbiýe meselesine üns berýänleriň sany artýar, okuw dersleriniň ekologiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ýör

Ekologiýa abadançylygy — gaýragoýulmasyz wezipe

Ekologiýa arassalygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Bu günki gün ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, aýawly saklamak, ekologiýa diplomatiýasyny dabaralandyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Adam saglygyna täsir edýän arassaçylyk biziň jemgyýetimizde has-da möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagallasy netijesinde bu möhüm ähmiýetli mesele boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýän arçalar we beýleki agaç nahallary howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýär. Daşky gurşawyň arassaçylygy bilen bagly ýerine ýetirilýän işlerde türkmen ýaşlarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we onuň agzalary bu işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar işden boş wagtlary paýtagtymyzda we onuň çäklerinde agaç nahallaryny oturtmak boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Suwaryş, ekiş işlerinde ýaşlarymyzyň ruhubelentlik bilen zähmet çekmekleri ýurdumyzyň ekologiýa arassaçylygyna, daşky gurşawyň abadançylygyna uly ýardam edýär.

Baglyga bürenýär güneşli Diýar

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysy ekiler. Bu iş eýýäm giň gerimde dowam edýär. Biz hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren döwrebap mekdebinde ýaşlara bilim we terbiýe bermek bilen birlikde dürli miweli, saýaly hem-de pürli daragtlary, üzüm nahallaryny ekmäge işjeň gatnaşýarys. Mekdebimiziň daş-töweregi hem baglyga öwrülip barýar. Baglar howany tämizleýär, tebigatyň görküne görk goşýar. Bu bolsa saglyk üçin hem peýdalydyr. Üstesine, bag ekip, watançylyk hereketine goşulmakdan alýan lezzetiň ruhuňa-da oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň we edara ediş binalarynyň daş-töwereklerinde, köçeleriň ugrunda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Suwaryş ýaplary arassalanylýar, daragtlar oturdylýar, öňden ösüp oturanlaryna ideg edilýär. Täze baglar döreýär.

Bag bagdyr bezegi-idegi bilen

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi Ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut şonuň üçin-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen ählihalk ýowaryna hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.

Ýokary guramaçylyk bilen

welaýatymyzda köpçülikleýin ýowar geçirildi Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny toýlamaga uludan taýýarlyk görülýär. Şu şanly seneleri baýram etmäge taýýarlygyň çäklerinde obadyr şäherlerimizde daş-töweregi abadanlaşdyrmak, baglara timar bermek işlerine hem giň gerim berilýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni şu maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ýowar geçirildi. Bu il-ýurt bähbitli çärä hormatly Prezidentimiziň hut özi gatnaşyp, watandaşlarymyza şahsy göreldesini görkezdi.

Ekologiýa syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň durmuş ösüşini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýete eýe bolan daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp meseleleri çözmek babatynda beýan edýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalary bilen utgaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär.

Berekediň gözbaşy

Her damjasy zere deňelýän suwy halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, oňa çäksiz sarpa goýupdyr. Onuň bisarpa ulanylmagyna ýol bermändir. Mahmal toprakdan ýokary hasyl almagyň ýollaryny jepakeş pederlerimizden miras galan zähmetsöýerlikden, ene ýere bolan yhlasdan gözleýän halkymyz derde derman suwy uly mukaddeslik hasaplaýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan suw diplomatiýasyna ünsi çekýär. Ýurdumyzyň suw desgalarynda, akabalarda, howdanlarda yzygiderli abatlaýyş we gurluşyk işleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz suwuň ähmiýetiniň uludygy barada «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Bol suwly durmuş hakynda arzuw edip, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, biz bu gün jana şypaly mele suwumyzy rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, täze suwarymly ýerleri özleşdirmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýäris» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we halk hojalygynyň ösmegi bilen baglylykda ulanylýan suwa bolan isleg barha artýar. Şoňa baglylykda, suw baýlyklarynyň ýerlikli we aýawly peýdalanylmagy, onuň hapalanmagyna garşy giňişleýin köptarapl

Ekene sogap bar

Bir agaç ekmegiň sogabynyň näderejede uludygy barada hemmeler bilýän bolsa gerek. Sebäbi seniň eken agajyň saýasynda adamlar dynç alýarlar, yssydan goranýarlar. Eger sen miweli agaç ekseň, onuň datly miwesinden uly-kiçi hemmeler datýar. Şeýdip adam agaç ekmek bilen uly sogap gazanýar. Biziň ýurdumyzda bag ekmek hem-de daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Baharyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Oňa ildeşlerimiziň ählisi gatnaşýar. Biz hem mekdebimiziň talyplary we bilim işgärleri bolup bag ekmek ýaly sogaply işden çetde durmaýarys. Oňa ählimiz bir adam ýaly bolup, agzybirlikde gatnaşýarys. Hut şonuň üçin mekdebimiz gür baglyga bürenip dur. Owadan güller, asman bilen bäsleşýän daragtlar mekdebimiziň görküne-görk goşýar. Gülleriň we agaçlaryň sagdyn ösmegi üçin mugallymlarymyz uly adala edýärler. Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi, ozaly bilen howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ýaly wajyp meselelerdir. Olar mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tut

Tebigatyň gözelligini goramak mukaddes borçdur

Eziz Diýarymyzda milli baýlyklarymyz bolan tebigatymyzyň gözelliklerini, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamaklyga, oňa eýeçilik gözi bilen garamaklyga uly üns berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda ýurdumyzda ýola goýulýan döwletli tutumlar hem-de bu ugurda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan döwlet syýasatynda tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamaga, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge uly üns berýändigini görkezýär. Ählumumy goldawa eýe bolýan şeýle tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy aýratyn bellenilmäge mynasyp bolup, kabul edilýän kanunçylyk namalary hem-de uzak möhletleýin maksatnamalar berkarar Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär. Daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleri agzybir halkymyzyň abadan, eşretli hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimize aýdýan hoşallyk sözlerimiz egsilmeýär.

Saýaly hem barly baglar

Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köp mukdarda agaç nahallary oturdylýar. Bag ekmek möwsüminiň başlanmagy hemişe uly joşguna, dabaralara beslenýär. Bu möhüm ähmiýetli çärä hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi obalarymyzda, şäherlerimizde bag ekmegiň ýokary derejede guralmagyna ýardam edýär. Şu ýylam şeýle boldy, bag ekmek guramaçylykly başlandy, gyzgalaňly dowam etdirilip, ýakyn wagtda tamamlanar. Bu gün ýaşyl öwsüp oturan baglar göwünleri göterýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hatara uzaýan tokaý zolaklaryny, ajaýyp köçelerine bezeg berýän daragtlaryny, keşbini özgerden şäherlerimiziň baglaryny we beýlekileri biparh synlamak mümkin däl. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işler bu meselä uly üns berilýändigini tassyklaýar. Ozalky ekilen baglar indi saýa salýar, bar getirýär. Belli bolşy ýaly, bag ekmek çäresine öňünden taýýarlyk görülýär, nahallar taýýarlanylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde-de birnäçe işler alnyp barylýar. Bölümimiziň öz nahalhanasy bar. Onda agaçlaryň dürli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirýäris.

Tebigaty goramakda täze çelgiler

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgam esasynda ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary hem-de maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, obasenagat toplumyny tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sanly ulgama geçilmegi pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar hem-de köp amatlyklary döredýär. Köpçülikleýin innowasion tehnologiýa geçmek önüm öndürmek boýunça bäsdeşlige ukyply kärhanalaryň köpelmegine getirýär. Olaryň ykdysady taýdan netijeliligi ýokarlanýar, girdejileri artýar. Her pudakda, meselem, maldarçylykda her bir mal boýunça hasaplamalary awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmak işine girişildi. Ösen önümçilik we tohumçylyk hojalyklarynyň, barlaghanalaryň we weterinar gulluklaryň arasynda maglumatlaryň alyş-çalşygy başlandy. Bu bolsa tejribe toplamaga ýardam berýär. Oba hojalygynda resminamalar bilen işleşmek elektron görnüşe geçirildi. Maglumatlary barlamak hem ýeňilleşdirildi.

Ekologiýa sazlaşygy — ömre dowamat

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda Zeminiň «öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar topragy ýel-ýagmyryň täsirinden gorap, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün edýärler. Şonuň bilen birlikde-de, tokaýlar şu günüň wajyp ekologiýa meseleleriniň biri bolan howanyň ählumumy maýylganlygyna düýpli täsir edýän kömürturşy gazyny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky 30 ýylyň dowamynda çapylmagy, ýangynlaryň döremegi we beýleki täsirler netijesinde, Ýer ýüzünde tokaýlaryň 178 million gektary ýok bolupdyr.

Her kim bir agaç ekse ýadygär...

Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky başlangyçlary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda asuda Watanymyzda şanly günleriň şanyny beýik işler bilen birlikde, agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi şanly geçmişimize hormaty, ajaýyp şu günümize buýsanjy, ýagty geljegimize bolan ýagşy arzuwlarymyzy alamatlandyrýar. Ekologiýa we adam saglygy biri-birinden aýryp bolmaýan düşünjelerdir. Döwletimizde halkyň saglygy iň gymmatly baýlykdyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak arkaly adamlaryň saglygyny gorap saklamak kanunçylyk taýdan berkidilendir. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip berkidilýär.

Daşky gurşawy goramak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirilýär. Döwletimiz ekologiýa babatynda ýurt, sebit we dünýä möçberindäki wezipeleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ekologiýa abadançylygy — sagdynlygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin amatly toprak-howa şertlerinde pürli, saýaly we miweli baglaryň, şeýle hem üzümiň görnüşleriniň köpçülikleýin ekilişi guramaçylykly hem-de yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda, pudagara we sebitara gatnaşyklary amala aşyrmakda awtoulaglaryň ähmiýeti örän uludyr. Awtoulaglar biziň gündelik durmuşymyzda ençeme ýeňillikleri döredýändigine garamazdan, olar atmosfera howasynyň hapalanmagyna täsirini ýetirýär. Awtoulaglardan çykýan zyýanly tüsseler daşky gurşawyň ekologik bozulmalaryna getirýär. Hasaplamalara görä, bir awtoulagyň ýakýan ýangyjynyň howa çykarýan zyýanyny aradan aýyrmak üçin 10 düýp agajyň ösdürilip, ýetişdirilmegi zerurdyr. Awtoulaglaryň zyýanly tüssesi adamlaryň dem alyş ýollarynyň kynlaşmagyna we çykarýan sesleri nerw dartgynlylygynyň döremegine getirýär.

Ekologiýa howpsuzlygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurdaky işleriň milli kanunçylyk taýdan yzygiderli kämilleşdirilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Şu ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda-da geljek üçin ähmiýetli boljak kanunlaryň ýene-de biri, ýagny «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek barada durup geçdi. Çünki energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler bar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň energetika ulgamynyň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagyna, gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleriň giňden peýdalanylmagyna ýardam edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmekde häzirki wagtda giň gerimli

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hemişelik Bitaraplyk hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. Dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Dünýädäki syýasy ýagdaýlaryň çalt we çylşyrymly özgerýän şertlerinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli pugtalandyryp gelýär. Geçen çärýek asyrlyk taryhy döwrüň dowamynda toplanan baý tejribe Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň ynamyny doly ödändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýady bolup durýan hemişelik Bitaraplyk halkara hukugynyň üýtgewsiz ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň mizemez gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Döwletimiziň halk