"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugry

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda tebigaty goramak, ony bagy-bossanlyga öwürmek hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça uly işler geçirilýär, degişli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghana çäklerinde ygtybarly goralýar. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýelemek hem-de BMG-niň binýat goýujy tebigaty goraýyş boýunça ylalaşyklaryny tassyklamak bilen, möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdine, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreş babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek esasynda suw we oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Ekologiýa howpsuzlygy babatda wajyp başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň ýokary derejeli forumynda çykyş etdi 25-nji maýda milli Liderimiz «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Ekologiýa syýasatynyň nusgalyk keşbi

Ekoabadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly garamak Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bu syýasat Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda has kämilleşdi. Döwletimiziň ekologiýa babatynda tutýan tutumlary dünýä derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzda nusgalyk ekologiýa syýasatynyň emele gelendigini görkezýär. Bu syýasat ýaşaýşymyzyň öz gözbaşyny tebigatdan alýandygy baradaky hakykat bilen sazlaşykly ýöredilýär. Ekologiýa ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasynda esasy üç ugruň biridir. Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýär. Olaryň biri-biri bilen sazlaşykly ösdürilmegi il-ýurda gowulyklary getirýär. Dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan, bäsdeşlige ukyply, ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün edýän döwrebap ykdysadyýetiň döredilmegi bilen durmuş we ekologiýa ugurlaryndaky görkezijiler yzygiderli ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde durmuş we ekologiýa ugurlarynyň ösüşleriniň ähmiýeti biri-birinden kem däldir.

Milli liderimiziň ekologiýa syýasaty ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we rejeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça iri halkara we sebitara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky örän möhüm konwensiýalaryny, maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Bu gaznanyň esasy wezipeleri Aral meselesini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, suwdan tygşytly peýdalanmaga we bilelikde ulanmaga, ony hapalamakdan goramaga gönükdirilendir.

Ýurdumyza, onuň tebigatyna ählihalk söýgüsiniň nyşany

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.

Tebigat gözelligi — abadan ýaşaýşyň çeşmesi

Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen haýran galdyrýar. Olary synlamagyň öz lezzeti bar. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar. Onsoň daşymyzy gurşap alan tebigy gözelligi aýawly saklamak, bu gözelligi öňküden hem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek babatda her birimiziň öňümizde durýan raýatlyk borç-wezipeler dogrusynda biygtyýar oýlanýarsyň. Aslynda, halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata nusgalyk derejede aýawly çemeleşipdir. Onuň bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyr. Daşky gurşawy arassa saklamakda, tebigy baýlyklarymyzy aýawly, rejeli peýdalanmakda pederlerimizden miras galan durmuş ýörelgeleri muňa subutnamadyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda abadan durmuşymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň berk binýadyna öwrülen bu kämil ýörelgeler mazmun taýdan öňküden hem baýlaşyp, täze öwüşginlere eýe bolýar. Munuň özi umumy öýümiz bolan tebigatymyzy gorap saklamakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýän meseleleriň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň netijeli bolmagynda möhüm ähmiý

Tebigata söýgi ýaş nesillerimiz üçin möhüm terbiýedir

22-nji maýda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi Irden hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere bardy. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.

Beýik göreldä eýerip

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi tokaý zolaklarynyň sazlaşykly ösüşini, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Ählihalk ýowary giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Asylly çäräniň dowamynda ozal oturdylan agaç nah

Arassaçylygyň ak şäheri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna uly üns berilýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçen şenbe güni geçirilen ählihalk ýowaryna ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. «Ekologiýa hakynda alada — ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň uzak hem bagtly ýaşamagyna gönükdirilen örän möhüm işleriň biri bolan ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar hem ählihalk ýowaryna işeňňir gatnaşyp, mähriban paýtagtymyzyň arassa ekologiýa gurşawynyň döredilmegine saldamly goşant goşdular. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň sagdyn hem bagtly ýaşaýşy ugrunda hemişe aladalanýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, mähriban paýtagtymyzyň ekologiýa gurşawy nusga alarlyk derejede barha ösýär. Bu asylly hem sogaply işlere geçen şenbe güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, orta we ýokary o

Özgertmeleriň ýoly bilen

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri bilen okgunly ösüşlere we belent sepgitlere ýeten ata Watanymyz daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Tutuş dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermeklik döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şuňa laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy ýaly köpsanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzda göz öňünde tutulan asylly başlangyçlaryň, möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilendigine doly şaýatlyk edýär.

Ajaýyp baglar eziz Diýarymyzyň keşbini alamatlandyrýar

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr

Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.

Daşky gurşawy goramagyň möhüm ugurlary

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Ynsan saglygy üçin arassa agyz suwy ilkinji zerurlyk bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işinde hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Bu asylly iş hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Halkymyz suwa dirilik çeşmesi, tebigatyň aýratyn gudraty hökmünde garap, ony bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyrlar, her damjasyny altyna deňäpdirler. Süýji suwy almagyň özboluşly usullaryny döreden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýýarys. Dag eteklerinde süýji ýerasty suwlary çykarmak üçin ýeriň astyndan gazylan, birnäçe kilometre uzalyp gidýän kärizler, Garagumuň jümmüşinde goýun sürülerini we çarwa obalaryny ýylyň bütin dowamynda suw bilen üpjün edýän guýular, takyrlardaky kaklar we howanyň jöwzaly yssysynda buz ýaly suwly sardobalar türkmenleriň ata-babalarynyň ussatlygynyň, edermenliginiň we zähmetsöýerliginiň, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň nyşanydyr.

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň saglygy hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda her bir adamyň mynasyp dynç almagy, saglygyny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygy Gahryman Arkadagymyzyň baş taglymatlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen, mähriban Diýarymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler däbe öwrüldi. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatdaky ählumumy tagallalaryň biziň ýurdumyzda-da giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garagumuň gözelligine görk goşýar

«Altyn asyr» Türkmen köli, oňa gelip goşulýan akabalar ata Watanymyzyň haýwanat dünýäsi, ilkinji nobatda hem, uçup geçýän guşlar üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Türkmen köli Merkezi we Gündogar Garagumda akabalaryň ýerleşýän ýerlerinde ganatlylar üçin täze amatly ekologiýa we iýmit üpjünçiligini şertlendirýär. Akabalaryň ugrunda ýerleşýän, üstünden akym geçýän köller eýýäm suw--batgalyk şertlerinde ýaşaýan jandarlary: ördekleri, gazlary, sakarbaraklary, jüptünleri, çuluklary we beýlekileri özüne çekýär. Garagumuň merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy seýrek duş gelýän we köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen toýnakly haýwanlaryň: Üstýurt dag goçlarynyň, gulanlaryň, jerenleriň ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň baş sany artýar, olar suw howdanlarynyň kenar ýakalaryna gelýärler.

Kepderiler, serçeler

Tebigatyň gözelligi bolan guşlar, şol sanda suw-batgalyk guşlary hakda metbugatda köp ýazylýar. Her gün görüp ýören, gury ýerde mesgen tutan kepderiler, serçeler hakda bilmegem gyzyklydyr. Şäherlerde, obalarda ýylyň bütin dowamynda diýen ýaly kepderilerdir serçelere gabat gelýäris. Köçelerde ýöräp barýarkaňyz, eger-de syn edýän bolsaňyz, serçeler ylgaşlap gezýärler, ondan--oňa uçup-gonýarlar. Çörek owuntyklaryny, owunjak janly-

Zeminiň ýaşyl guşagy

Adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda, janly--jandarlaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde Ýeriň «ýaşyl guşagy» hasaplanylýan tokaý zolaklaryny döretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda güneşli Diýarymyzda döwrüň möhüm ekologiýa talabyndan ugur alnyp, bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça halkara konwensiýalarydyr ylalaşyklaryna işjeň goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek işlerine badalga berilýär. Olar özüniň ajaýyp miwesini berip, ata Watanymyzyň obadyr şäherçeleriniň, şäherleriniň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döremegine getirýär. Ilatly ýerlerde, ýollaryň, pyýadalar üçin niýetlenen ýodalaryň gyralarynda dürli agaç nahallarynyň, görnüşe baý gülleriň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşyl baglaryň ajaýyp tebigatymyza berýän gözelligi we ynsan saglygy üçin peýdasy diýseň ýokarydyr.

Arassaçylygyň mekany

Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ak şäherimizde hepdäniň dowamynda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Geçen hepdäniň ýekşenbe güni hem bu ugurda möhüm işler üstünlikli berjaý edildi. Aýry-aýry zähmet toparlarynyň mähriban paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş, timarlaýyş işlerine uly buýsanç bilen has-da yhlasly goşant goşýandyklary aýratyn guwandyryjydyr. Aga Berdiýew köçesiniň ikiýan gapdalynda ýerleşýän dermanhanalaryň, söwda dükanlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyp ýaşlary arassaçylyk işlerine saldamly goşant goşdular, baglary timarlap, düýplerini agdaryp, suwardylar.

Belentden ýaňlanýan owazlar

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde «Ak şäherim Aşgabat tämiz geljegi nazarlaýan — bagtyýar şäher» atly dabaraly ekologiýa çäresi geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan dabara Büzmeýin etrap häkimligi tarapyndan guraldy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çärelere giň gerim berildi. Oňa Aşgabadyň ähli ýaşaýjylarynyň agzybirlik bilen gatnaşýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde barha gözel keşbe eýe bolýan ak şäherimiziň bu gün dünýäniň öňdebaryjy, ösen şäherleriniň hataryna okgunly goşulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Aşgabat diňe bir kämil binagärlik aýratynlygy bilen däl, eýsem, ekologiýa howpsuzlygynyň bähbidine ençeme möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän, bagy-bossanlyga bürenen şäher hökmünde hem giňden meşhurdyr. Onuň ak mermere beslenen ajaýyp keşbi tebigatyň ýaşyl dünýäsi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bular hakynda dabarada guralan çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi.