"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Bagy-bossan Watanym

Her ýyl ýere ýyly girip, Halyl Kulyýewiň ussatlyk bilen beýan edişi ýaly, gaýalaryň gary eräp, agaçlar pyntyklap başlanda, ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Şahyryň bu goşgy setirleri tebigata aşyk ýüregimize agaç nahallaryny oturtmagyň, ekmegiň sogaplygy hakyndaky pikirleri guýýar. Meýdana ýa bolmasa-da howlyňdaky boş ýere çykagada bolmanda, ýeke agaç bir ekesiň, ony nesillere ýadygärlik galdyrasyň gelýär. Bize häli-şindi belli-belli adamlar hakyndaky gürrüňleriň gidýän ýerinde: «Şu agajy ol hut öz eli bilen ekipdir. Üstünden näçe ýylyň geçendigine garamazdan, ol agaç entegem guraman otyr. Şahalarynda guşlar saýrap, saýasynda adamlar düşläp geçýär...» diýen gürrüňleri eşitmek miýesser edýär.

Bag ekmek — sogaply iş

Bag — barlyk hem baýlyk. Türkmençilikde daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmek ýagdaýyna ähli döwürlerde hem borç hökmünde garalypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Şu gün — 18-nji martda ýurdumyzda geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy asylly däbe öwrülen ekologik tutumyň mynasyp dowamydyr. Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbi ekiler. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüşiň gözbaşy

Ýakynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Köpsanly bähbitleriň gazanylmagy üçin Aral deňziniň basseýninde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamy gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde biologik köpdürlüligi gorap saklamagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda bolup geçen amaly-usuly okuw maslahaty halkymyzyň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek babatda ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Etrap häkimliginiň mejlisler eýwanynda geçirilen maslahata USAID TSK-niň – ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, Daşky gurşawy goramak gullugynyň, welaýat tokaý hojalygynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň oba hojalyk bölümleriniň hünärmenleri, suw hojalyk işgärleri, bagbanlar, kärendeçi daýhanlar gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň «Ekodurmuş» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni Aýnabat Ataýewanyň, şu maksatnamanyň ýerli ilat bilen işlemek boýunça hünärmenleri Akmyrat Gardaş

Türkmenistan — bagy-bossanly watanymyz

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Birigün, ýagny 18-nji martda bolsa Türkmenistanda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sözüň doly manysynda, Türkmenistan — bagy-bossanly Watanymyz. Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşanyna, sazlaşygyň we gözelligiň nusgasyna öwrülen ýurdumyzyň paýtagtynyň keşbi bolsa günsaýyn özgerýär. Türkmenistanyň paýtagtyny dünýä ähmiýetli şähere öwürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri gözümiziň alnynda emele gelýän täsin binagärlik keşbi bilen göreni haýran galdyrýar. Olarda beýik binalar hem-de giň meýdançalar, şaýollar, baglara bürenen köçeler, oňaýly seýilgähler, ägirt uly tokaý-seýilgäh zolaklary täsin sazlaşyk döre

Gül-gülüstan, bagy-bossan Diýarym

Bosagada — möhüm möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew batly gadamlar bilen gülläp ösýän mähriban ýurdumyzyň gül görküne görk goşýan ýazky bag ekiş möwsümine Daşoguz welaýatynda ykjam taýýarlyk görülýär. Demirgazyk sebitiň giň sähra gol berýän künjeginde täze döredilýän «ýaşyl zolagyň» tutuş boýy gözellik döredýän zähmet joşguny, ýaz ýakymly aladalar bilen nurlanýar. Ýylsaýyn bagy-bossanlyga bürelýän, ynsan zähmeti bilen gülzarlyga beslenýän ýerlerde şu günler agrotehniki çäreler geçirilýär, toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýat merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň 32-nji kilometrinden başlap, alys gözýetime uzap gidýän bu giňlikde öňki oturdylan nahallar daragt bolup, boý alýar, olaryň nyzamly hatary uly meýdanyň gül meňzine keşde çekýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýazky bag ekiş möwsümine badalga berilýän sogaply günde gül açýan meýdanyň 10 gektar ýerinde bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdylar. Günüň şugla saçyp, topragyň gülgün roýunyň durlanýan häzirki günler bu töwerek ýaz ýakymly hereketlere dolýar, bag ekişi üçin bellenilen meýdanda dürli kysymly traktorlar işledilýär, sürüm, tekizleýiş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Arkadagly Serdarymy

Bag ekmek — durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi

Ýurdumyzda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek çäresi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Däp bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ata Watanymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Taryhda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döreden halkymyz bag ekmek işlerine, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmegine zerur üns beripdir. Bu ýörelgeleriň häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp derejede dowam etdirilýändigini bellemek ýakymly. Şäheriň gözelligi we arassalygy adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, şäher ilatynyň döredijilik we watansöýüjilik ruhuny belende göterýär. Şäheriň çäginde seýilgäh zolaklarynyň köpelmegi, meýdançalarda, ýol ýakalarynda hem-de paýtagtymyzyň eteklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi we bar bolan baglara degişli derejede ideg edilmegi ekologiýa ýagdaýyny ýokarlandyrýar. Seýilgähleriň belent başly suw çüwdürimleri bilen utgaşmagy ýakymly howa gurşawyny emele getirýär.

Türkmenistan — bagy-bossan

Eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, täze ýaşyl zolaklary döretmek boýunça durmuşa geçirilýän wezipeler, ilki bilen, geljekki nesilleriň bähbidini nazarlaýar. Şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginde adamyň ruhy, ahlak dünýäsi, belent oý-pikirleri esasy orun eýeleýär. Ýaşlarda Watana bolan çäksiz söýgi duýgusyny, ony has-da kuwwatly döwlete öwürmek höwesini kemala getirmekde daşky gurşawa, tebigata bolan garaýşymyz, söýgimiz uly ähmiýete eýedir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň baharynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasy hem ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, bag ekmek, gurmak, döretmek ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygyna şaýatlyk edýän çäreleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda şu ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek, degişli düzümlere bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle-de «Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenis

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýleki edaralar tarapyndan 1,5 million, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan hem 1,5 million düýp nahaly ekiler. Munuň özi Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklarynyň geriminiň has-da giňelmegine mümkinçilik berer. Şeýleli

Nesilleriň öňündäki borjumyz

Daşky gurşawy arassa saklamak hem-de ilatyň saglygyny goramak berkarar döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bütin adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa, daşky gurşawy arassa saklamak, ilatyň saglygyny goramak babatynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigini, ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini aňladýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýap saklamak, onuň biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Ol ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyklaryň, kärhanalaryň, şeýle-de beýleki önümçilik düzümleriniň daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biodürlüligi gorap saklamaga, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurş

Tebigat

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu babatda alnanda, şäher we oba ýerlerinde tokaý zolaklaryny döretmek işlerine ajaýyp döwletimizde aýratyn uly ähmiýet berilýär» diýip belleýär. Häzirki wagtda tokaý zolaklaryny döretmek boýunça diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýanyň arassalygy adamlaryň bagtyýar durmuşynyň, asuda, abadan geljeginiň kepilidir.

Derýa täsinlikleri

Iň syrly derýalaryň biri Kolumbiýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Kano Kristales derýasydyr, uzynlygy 100 km, ini 20 metr. Onuň suwy 5 ýaşyl, mawy, sary, gyzyl hem-de gara reňklidir. Bu derýanyň suwunyň şeýle görnüşde bolmagy — şöhleleriň serpikmesi, derýadaky suwotularynyň hem-de derýa çägeleriniň täsiri bilen düşündirilýär. Şeýle hem ol dünýäde iň owadan derýa hasaplanýar. Grenlandiýa adasyndaky suwly çeşme — derýajygynyň suwunyň mawy reňkli bolmagy syrlygyna galýar.

Möhüm mesele

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýokary we orta mekdeplerde ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen daşky gurşawy goramak boýunça uly öňegidişlikler gazanyldy. Biz mekdebimizde okuwçylara daşky gurşawy goramak barada hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde her bir adamyň ornunyň uludygyny düşündirýäris. Mekdebimizde «Biosfera» gurnagy hereket edýär. Onda okuwçylar ekologiýa meseleleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrýarlar, mekdepde ekologiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biziň mekdebimiziň daş-töweregi gür baglyga bürenip dur. Bu biziň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşýan goşandymyz. Biz — mugallymlar okuwçylaryň ünsüni daragtlaryň peýdaly taraplaryna çekýäris. Şeýlelik bilen olarda daş-töwerege aýawly göz bilen seretmegi terbiýeleýäris. Sapaklar bilen utgaşdyrylyp geçirilýän şeýle çäreler oňyn miwelerini hem berýär.

Wodorod energetikasy — geljegiň ýangyjy

Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara daýanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini özleşdirmek, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ulanmak giňden goldanylýar, 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň Ýol kartasy tassyklanylyp, ýokary öndürijilikli eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagy döredilýär. Wodorod önümçiligi dünýäniň ösen ýurtlarynda «geljegiň ýangyjy» strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýar.

Ekişe badalga berildi

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýakynda geçirilen ylmy-tehniki maslahat sazak tohumynyň ekilişiniň agrotehniki kadalaryna bagyşlandy. Ekiş ir baharda fewral-mart aýlarynda we güýzde noýabr-dekabr aýlarynda geçirilýär. Ekişe taýýarlanylan ýerlerde joýa çekilip, tohumlar joýanyň içine 1-2 santimetr çuňlukda ekilýär. Ekilen tohumlar 1,5-2 aýyň dowamynda gögerýär. Gögeren nahallara suw, organiki we mineral dökünler berlip, ideg işinde agrotehnikanyň talaplary berjaý edilýär. Ösdürilip ýetişdirilen 3 ýyllyk nahallar meýdanlara çykarylyp oturdylýar. Goraghana işgärleri ekilen nahallary gözegçilikde saklap, ýangyndan, mal bakylyp zaýalanmagyndan goraýarlar, olaryň endigan ösüp ulalmagy ugrunda alada edýärler.

Bereketli türkmen topragy – ekologiýa abadançylygynyň nusgasy

Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler. Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşaw

Daşky gurşawyň goragynda

Döwletimiziň ählumumy ekologik meseleleriň çözgüdine bolan garaýyşlarydyr çemeleşmeleri dünýä derejeli forumlarda yzygiderli beýan edilýär. Bu babatda anyk teklipler, başlangyçlar öňe sürülýär. Olar örän uly ähmiýete eýedir. Adamyň durmuşy we hojalyk işleri dürli galyndylaryň köp mukdarynyň emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Dünýä boýunça soňky 10 ýylyň dowamynda önümleriň sarp edilmeginiň güýçli depginde artmagy gaty galyndylaryň möçberiniň köpelmegine getirdi. Häzirki döwürde bu akymyň biosfera düşýän agramy has artyp, ol her ýylda ortaça 400 million tonna çenli ýetdi.

Sazlaşykly hereketiň höziri

Awtomobiliň oýlanyp tapylmagy adamzadyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirip, döwrüň hem ösüşiň tizligini çaltlandyrdy. Tehniki öňegidişligiň daş ýollary ýakynlaşdyrýan miwesiniň ummasyz peýdasy bilen bir hatarda, tebigata we ynsan saglygyna täsirini ýetirýän galyndylary bölüp çykarmak görnüşindäki oňaýsyz tarapy hem bar. Şeýle ýaramaz şertleriň täsirini peseltmek maksady bilen, okyjylarymyza awtoulagy ýerlikli peýdalanmak boýunça maslahatlarymyzy hödürleýäris. Jemgyýetçilik ulagynda

Tebigat bilen sazlaşyk döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugrudyr

Türkmen halky hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşapdyr. Mele topragyny eziz enä deňän halkymyz onuň ynjamazlygyny gazanypdyr. Topraga aýawly çemeleşip, zaýalanmazlygy üçin, ekinleri gezekleşdirip ekip, şorlaşmagynyň öňüni alypdyr. Şeýlelikde, olar ýetişdirilen bol hasylyň ― gök we bakja önümleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygyna düşünipdirler. Şeýle milli ýörelgelere eýerilýän ýurdumyzda ekologiýa meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň wajyplygy ekologiýanyň köpdürli meseleleri özünde jemleýändigi, ykdysadyýetiň ähli ulgamlary bilen sazlaşyklydygy we häzirki döwürde global häsiýete eýe bolandygy bilen baglydyr. Her bir ulgamyň özboluşly, aýratyn kanunlara laýyklykda özgerýän, tebigat bilen jemgyýetiň gatnaşyklaryna gabat gelýän baý tejribesi bolýar. Pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda ýurdumyzda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly asylly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ösdürmek we kämilleşdirmek, tebigata we onuň gymmatly baýlyklaryna aýawly garaýşy terbiýelemek bilim-terbiýeçilik edaral