Türkmenistan «Mosfilmiň» 100 ýyllyk taryhynda
Russiýanyň iri «Mosfilm» kinostudiýasy 2024-nji ýylyň ýanwarynda 100 ýyllygyny belleýär. Kinofabrigiň şanly taryhynda türkmen sahypalary bolup, olar rowaýata öwrülen kinofilmleriň surata düşürilmegi bilen baglydyr. Nusgawy kinolara öwrülen «Çölüň ak güneşi» («Белое солнце пустыни») hem-de «Kin-dza-dza» ýaly meşhur filmleriň ençeme parçalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde surata düşürildi. Režissýor Wladimir Motylyň we operator Eduard Rozowskiniň surata düşüren «Çölüň ak güneşi» atly filminiň ençeme pursatlary üçin Garagum sährasy saýlanyp alyndy. Filmiň ssenarisini ýazan Walentin Ýežowyň özi hiç haçan çölde bolup görmändir, şonuň üçin ol Ýokary ssenariý okuwlary boýunça ýoldaşy Rustam Ibragimbekowy awtordaş hökmünde ýanyna alýar.