Ylmy-tehnologik merkezleriň işi kämilleşdirilýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de olaryň ýanyndaky ylmy merkezleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 28-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamanyň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylmy-tehnologik merkezleri öz işini «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Täjirçilik syry hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de agzalan Düzgünnama esasynda alyp barýar. Düzgünnama laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezler täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň iň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilýär. Ylmy-tehnologik merkeziň işiniň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň p