"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Golaýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkeziniň «Altyn» toý zalynda «Arkadagly Serdar bilen ýurdum Täze ýyla barýar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyla bagyşlanyp geçirilen dabarada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredijilik toparynyň, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Akdepe etrabynda hem geçirildi. Etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda medeniýet merkezinde geçirilen dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy, asylly däp-dessurlarymyzy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda, röwşen ertirlere ýetirmekde, uly tutumly işleri durmuşa ornaşdyrmakda «Hakyda göwheri» atly täze kitabyň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar. Kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň bular baradaky garaýyşlarynyň we pikirleriniň giň beýanynyň tapýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Alym Arkadagymyzyň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň geljekki nesiller üçin gymmatly hazynadygyny aýtmak bilen, çykyş edenler milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy dünýä tanatmakda «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň okyjylaryň ýankitabyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.

Täze kitaba buýsanç

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Oňa bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler ajaýyp kitabyň milli medeniýetimiziň aýratynlyklary barada anyk maglumatlara salgylanýandygy, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, taryhy medeni-mirasyna  bolan buýsanjynyň artmagynda, taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebi däp-dessurlarymyzy, ruhy mirasymyzy ýakyndan öwremmekde uly ähmiýete eýedigi, onuň  ýaşlar üçin hem uly gollanma, terbiýe mekdebi bolup durýandygy dogrusynda biýsanç bilen giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Şatlyk-şowhuna beslenip, Täze ýyl geldi Diýara

Şeýle at bilen Türkmenbaşy şäherindäki «Tagam» toý mekanynda aýdym-sazly çäre geçirdik. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsançly söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, ata Watanymyzy gülledýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň,  Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.

Rysgal-bereketli ýyllardan bolsun!

Täze ýyl baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly  dabaraly çäre geçirdik. Oňa Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  welaýat birleşmesiniň işgärleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýetip gelýän täze ýylyň hem tamamlanyp barýan ýylymyz ýaly rysgal-bereketli bolmagy, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda  Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.

Täze ýyl arçasyndaky dabara

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde ýerleşýän welaýatymyzyň baş arçasynda “Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ýyl arçasyndaky dabarany welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim we Medeniýet müdirlikleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Toý meýdançasynda hoş owazly, şirin mukamly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary joşgunly aýdym-sazlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi hem-de dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Bu ýerdäki çykyşlarda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşdir özgertmeleri, döwrümiziň eşretleri, asuda asmanymyz, halkymyzyň bagtyýarlygy öz waspyny tapdy.

Sungat mekdebindäki baýramçylyk konserti

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilen konsert Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralaryň üstüni ýetirdi. Konsertiň başynda çykyş eden halypalar zala ýygnanan talyplary we mugallymlary ýetip gelýän Täze — 2025-njy ýyl mynasybetli gutlap, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Owadan sahnany sungat mekdebiniň talyplarynyň çykyşlary bezedi. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary türkmen sungatyny geljekde has-da ösdürjek hünärmenleriň kemala gelýändigini dabaralandyrdy. Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň, Rejep Rejebowyň, Aşyr Kulyýewiň döreden sazlarynyň talyp ýaşlar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi baýramçylyk konsertiniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu konsert ýakymly duýgulary döretdi.

Täze ýyl şüweleňi

Sarahs etrap bilim bölüminiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda etrabyň 4-nji çagalar bakja-bagynda “Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi” ady bilen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi. Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly geçirmek, şeýle-de körpeleriň türkmen milli sungatyna, halk döredijiligine bolan söýgüsini ösdürmek we kämilleşdirmek, şeýle hem olarda döredijilige söýgi döretmek, ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň uly täsirleri döretdi. Körpeler öz çykyşlarynda ata Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek babatdaky özgertmelerini çaga kalbyndan beýan etdiler. Körpeleriň çaga kalbynyň täsin döredijiligi we ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary aýtmak, surat çekmek, ýelimlemek, şekil ýasamak ukyplaryna hem baha berildi.

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýakynda Gyzylarbat etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza bu ajaýyp eseri üçin köp sagbolsun aýtdylar hem-de galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler. 

Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara

Ýakynda Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara TKA-nyň  welaýat birleşmesiniň hünärmenleri, welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň hem rysgally, bereketli ýyl bolmagyny arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Türk­me­nis­tan GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, gu­ra­ma ag­za ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri esa­syn­da ös­dür­ýär. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek­de baş­lan­gyç­ly or­ny eýe­läp, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şun­da ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da GDA-nyň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li dia­lo­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh

Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hi

1998-nji ýylyň 28-nji no­ýab­ryn­da Aýaz­ba­ba­nyň oba­syn­da (Jou­lu­pu­kin Pa­ja­ky­lä) ady­bir Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hi açyl­ýar. Bu dynç alyş we güý­men­je mer­ke­zi Finl­ýan­di­ýa­da­ky iň go­wy se­ýil­gäh­le­riň bi­ri­dir. Ark­ti­ka te­ge­le­gin­de ýer­leş­ýän bu se­ýil­gäh Aýaz­ba­ba­nyň go­wak­da­ky ota­gy­na meň­ze­di­lip, ga­ýa­la­ryň için­de gur­lup­dyr. Dür­li me­de­ni­ýet­ler­de Aýaz­ba­ba­nyň Lap­lan­di­ýa ül­ke­sin­de ýa­şa­ýan­dy­gy be­lle­nil­ýär. Ça­ga­la­ryň Tä­ze ýyl baý­ra­myn­da­ky gah­ry­ma­ny ha­ky­kat­da ýok hem bol­sa, Aýaz­ba­ba­nyň oba­syn­da bü­tin dün­ýä­niň ça­ga­la­ryn­dan hat ka­bul ed­ýän poç­ta we se­ýil­gäh bar. Bu oba Finl­ýan­di­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Lap­lan­di­ýa se­bi­ti­niň mer­ke­zi şä­he­ri Ro­wa­nie­mi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar Ro­wa­nie­mi şä­he­ri­ne Aýaz­ba­ba bi­len gö­rüş­mek üçin gel­ýär­ler. Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hin­de adat­ça, Aýaz­ba­ba de­giş­li zat­lar sak­la­nyp, bu ýer Tä­ze ýyl däp-des­sur­la­ry­ny, şeý­le-de lap­land me­de­ni­ýe­ti­ni we te­bi­ga­ty­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len gur­lup­dyr.

Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:

Is­pa­ni­ýa­da, Portu­ga­li­ýa­da we La­tyn Ame­ri­ka­sy ýurt­la­ryn­da Tä­ze ýyl gi­je­si üzüm ýa-da kiş­miş iýil­ýär. Ita­li­ýa­ly­lar ýa­ry­gi­je 12 çem­çe gaý­na­dy­lan mek­ge­jö­wen iý­mek bi­len Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ýar­lar.

Tä­ze ýy­ly kim nä­hi­li gar­şy al­ýar?!

Bo­sa­ga­da Tä­ze ýyl. Hem­me­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şan baý­ram­çy­ly­gy ýe­tip gel­di. Be­ze­len ar­ça, şat­lyk­ly ýüz­ler, bi­rek-bi­re­ge ýol­lan­ýan gut­lag söz­le­ri, aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar – bu­lar Tä­ze ýy­la mah­sus ala­mat­lar bo­lup, her bir halk öz me­de­ni­ýe­ti­ne we däp-des­sur­la­ry­na gö­rä Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ýar. Köp halk naz-nyg­mat­dan do­ly sa­çak ba­şyn­da maş­ga­la bo­lup Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýan bol­sa, kä­bir halk baý­ram­çy­ly­gy baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da, ho­wa men­zi­lin­de, de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýa-da se­ýil­gäh­ler­de ge­çir­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da kä­bir halk­la­ryň Tä­ze ýy­ly gar­şy al­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry ýerleşdirmegi makul bildik. Ýa­po­ni­ýa. Ýa­pon­lar Tä­ze ýy­ly mil­li däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gar­şy alyp, 31-nji de­kabr­da kö­ne tu­ma­ry­ny yba­dat­ha­na el­tip, tä­ze­si­ni alyp gaýd­ýar­lar. Olar Tä­ze ýyl­da sa­tyn alan tu­ma­ry­nyň şow­lu­lyk ge­tir­ýän­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Ýa­pon­lar Tä­ze ýyl gi­je­si yba­dat­ha­na­da, kö­çe­de köp­çü­lik bo­lup kre­wet­ki­den we iş­bil­den taý­ýar­la

«Çelsi» utuk ýitirmezden 1/8 finala çykdy

UEFA Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da li­ga tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. 6-njy oýun­lar­da du­şu­şyk­la­ryň deň ýa­ry­sy deň­lik­de ta­mam­la­nyp, şo­la­ryň 2-sin­de ha­sap açyl­ma­dy. «Çel­si» to­pa­ry 6 du­şu­şy­gyň äh­li­sin­de-de ýe­ňiş ga­za­nan ýe­ke-täk to­par bol­dy. «Çel­si» bi­len bir ha­tar­da, Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Wi­to­ri­ýa de Gi­ma­raýnş» to­pa­ry hem li­ga tap­gy­ry­ny ýeň­liş­siz ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy (4 ýe­ňiş, 2 deň­lik). 6-njy du­şu­şyk­lar­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Ir­lan­di­ýa­nyň «Şam­rok Ro­wers» to­pa­ry­ny 5-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da lon­don­ly­la­ryň is­pa­ni­ýa­ly ýaş oýun­çy­sy Mark Giu 3 gol ge­çir­di. 23-nji, 34-nji we 45+3-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nan 18 ýa­şyn­da­ky fut­bol­çy­nyň gol­la­ry­nyň sa­ny 6-a ýe­tip, ol bu ugur­da iň ne­ti­je­li oýun­çy­la­ryň sa­na­wyn­da öň­de bar­ýar. «Wi­to­ri­ýa de Gi­ma­raýnş» bi­len mun­dan öň­ki 2 ýa­ry­şyň fi­nal­çy­sy «Fio­ren­ti­na­nyň» ara­syn­da­ky oýun bol­sa 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­la­nyp, olar 2-3-nji orun­la­ry paý­laş­dy­lar. Öz meý­dan­ça­syn­da «Ko­pen­ga­ge­

Hepdäniň esasy duşuşyklary

27-nji dekabr (anna) Braýton – Brentford (00:30)

Ýa­rym fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gyn­da (EFL Cup) ýa­rym fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. Lon­don der­bi­sin­de «Ar­se­nal» «Kris­tal Pa­la­sy» Že­su­syň het-tri­gi esa­syn­da 3-2 ha­sa­byn­da ýeň­di (Že­sus 54, 73, 81 – Ma­te­ta 4, Nke­tia 84). Şeý­le-de, «Nýu­kasl» «Brent­for­dy» 3-1 (To­na­li 9, 43, Şer 69 – Wis­sa 90+1), «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «So­ut­hemp­to­ny» 2-1 (Nun­ýes 24, El­li­ot 32 – Ar­çer 59) ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da bol­sa «Tot­ten­ham» öz meý­dan­ça­syn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted­den» 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy (So­lan­ke 15, 54, Ku­lu­sews­ki 46, Hyn Min Son 88 – Zirk­zee 63, Amad 70, Ewans 90+4). Ýa­rym fi­nal­da «Ar­se­nal» «Nýu­kasl» bi­len, «Tot­ten­ham» bol­sa «Li­wer­pul» bi­len du­şu­şar. 1-nji oýun­lar 7-8-nji ýan­war­da, jo­gap du­şu­şyk­la­ry bol­sa 5-6-njy few­ral­da ge­çi­ri­ler.

Ikin­ji du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy

«Ar­ka­dag» to­pa­rynyň Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­ ýaryşyndaky yz­ly-yzy­na 2-nji ýeňşi

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­na «Ar­ka­dag» to­pa­ry my­na­syp bol­dy. «Aş­ga­bat» köpugur­ly sta­di­on­da oý­na­lan fi­nal­da «Ar­ka­dag» bi­len «Ahal» to­par­la­ry du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 45-nji mi­nut­da Be­genç Ak­mäm­me­dow öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­na bas­syr 2-nji ge­zek my­na­syp bo­lan

Ýapon awtoulag öndürijileri birleşdi

Soň­ky ýyl­lar­da aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ber­kid­ýär­ler. Ýa­po­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li «Nis­san», «Hon­da» we «Mit­su­bis­hi» brend­le­ri hem öz ara­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­ki­dip, bir­leş­mek ka­ra­ry­na ge­len­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­lar gel­jek ýy­lyň iýu­n aýy­na çen­li gep­le­şik­ler ge­çi­rer we şon­dan soň­ra bir kom­pa­ni­ýa öw­rü­ler. Bir­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ryň umu­my kom­pa­ni­ýa­da deň de­re­je­de paý­na­ma­la­ry bo­lar. Kom­pa­ni­ýa­lar bir­le­şen­le­rin­den soň­ra her ýyl­da­ky umu­my ön­dür­ýän aw­tou­lag sa­ny 8 mil­li­on­dan ge­çip, «Toyo­ta»-dan we «Volks­wa­gen»-den soň­ra üçün­ji or­na çy­kar. Dö­re­dil­jek kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry 2026-njy ýyl­dan baş­lap dün­ýä bir­ža­la­ry­na çy­ka­ry­lar. Hä­zir­ki wagt­da «Toyo­ta» her ýyl­da 11 mil­li­on­dan gow­rak aw­tou­lag ön­dü­rip bu ba­bat­da dün­ýä­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär.