"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Bosagamyzda 2025

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Senenamada 31-nji de­kabr. Bu gün asyr­larbo­ýy ta­ryh­da tä­ze sa­hy­pa­la­ry açyp gel­ýär. Aý­lar aý­la­nyp, pa­syl­lar çal­şyp, gün­ler gaý­ta­la­nyp dur­şu­na 2024-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ry­na ge­lip ýe­te­ni­mi­zi hem duý­man ga­lyp­dy­rys.

Fo­to­su­rat­lar bo­ýun­ça bäs­le­şik

Bagt­dan paý­ly ne­sil­le­r

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak şan­ly ýy­ly­my­zyň bagt­dan paý­ly ne­sil­le­ri TMÝG-niň Bal­ka­na­bat şä­her ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­nyň myh­man­la­ry bol­du­lar.

Täze ýylda nähili maksatlaryňyz bar?

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýyl - tä­ze mak­sat­la­ra ba­dal­ga. Tä­ze ýyl - tä­ze ar­zuw­dyr umyt­la­ryň baý­ra­my. Tä­ze ýyl - yn­san öm­rü­niň tä­ze bir sa­hy­pa­sy. Bu sa­hy­pa­ny her kim ýag­şy ar­zuw-umyt­lar, mak­sat­lar, ha­ýyr­ly iş­ler bi­len be­ze­mek is­le­ýär. Biz hem «Tä­ze ýyl­da nä­hi­li mak­sat­la­ry­ňyz bar?» di­ýen so­wal bi­len dö­re­di­ji­lik yn­san­la­ry­na ýüz­len­dik. Ge­liň, ola­ryň jo­gap­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň.

Täze ýyl barada faktlar

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy äh­li yn­san­la­ryň kalp­la­ry­na nur paý­lap, uly-uly umyt­la­ra, owa­dan ar­zuw-is­leg­le­re bes­le­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk aja­ýyp bir dün­ýe­wi baý­ram­çy­lyk bo­lup, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­de dür­li gör­nüş­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Kim nähili sowgat almak isleýär?

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýy­lyň ýa­kyn­la­ma­gy bi­len hem­me­ler uly baý­ram­çy­ly­ga taý­ýar­lyk gö­rüp, öz­le­ri­niň go­şant­la­ry­ny goş­ma­ga, bi­rek-bi­re­gi be­gen­dir­mek üçin sow­gat ber­mä­ge baş­la­ýar­lar. Tä­ze ýy­lyň lez­ze­ti­ni her kim dür­li­çe duý­ýar. My­sal üçin, bi­ri gy­şyň gel­me­gi­ne sabyr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyp, ýa­gan il­kin­ji gar­da oýun oý­na­mak is­le­ýär. Se­bä­bi ol gy­şyň lez­ze­ti­ni ak­ja gar­lar­da gör­ýär. Kä­bir adam­lar bol­sa, hu­susan-­da, ça­ga­lar tä­ze ýyl­da Aýaz­ba­ba­nyň ag­şa­my­na tüs­se çy­kar­dan ýa-da aý­na­dan ja­dy esa­syn­da gi­rip baý­ram­çy­lyk ar­ça­sy­nyň aşa­gyn­da ar­zuw edip ýa­zan ha­tyn­da­ky sow­gat­la­ry go­ýup gi­der di­ýip umyt ed­ýär. Ge­liň, bu ge­zek biz si­ziň bi­len tä­ze ýyl sow­ga­dy ha­kyn­da gür­rüň ede­liň.

Täsin dessurlar

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň ge­lip çy­ky­şy­ny, dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny bil­mek hem­me­ler üçin hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Tä­ze ýyl­da be­zeg aga­jy hök­mün­de ar­ça aga­jy be­ze­lip­dir. Ar­ça aga­jy­ny ulan­mak XVII asy­ryň ba­şyn­da dö­räp­dir. Adam­lar ar­ça aga­jy­ny dür­li reňk­li ka­gyz­lar we mi­we­ler bi­len be­zäp baş­lap­dyr­lar. Ga­dy­my ynanç­la­ra gö­rä adam­lar­da, Ar­ça aga­jyn­da be­zeg nä­çe köp bol­sa, gel­jek ýyl rys­gal­ly, be­re­ket­li bol­ýar di­ýen dü­şün­je bo­lup­dyr. Aý­la­ryň, ýyl­la­ryň, asyr­la­ryň geç­me­gi bi­len, ar­ça be­zeg­le­ri­ne has-da öwüş­gin ber­mek üçin il­kin­ji ge­zek 1895-nji ýyl­da Ame­ri­ka­da dür­li reňk­li çy­ra­jyk­lar oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Şon­dan bä­ri hem ar­ça be­zeg­le­ri­ne görk ber­ýän çy­ra­jyk­lar dür­li ýurt­lar­da ýör­gün­li ula­ny­lyp ge­lin­ýär.

Tä­ze ýyl sow­ga­dy

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 De­kabr aýy gel­di­gi Gül­ja­ha­ny bir ala­da gur­şap al­ýar. As­lyn­da bu ala­da di­ňe bir Gül­ja­ha­ny däl beý­le­ki ça­ga­la­ram oý­lan­dyr­ýar, ýö­ne Gül­ja­ha­nyň ala­da edi­şi beý­le­ki­le­re ga­ran­da has ar­ty­g­rak ýa­ly. Ol ala­da hem bol­sa Tä­ze ýy­la üýt­ge­şik sow­gat taý­ýar­la­mak, eje-ka­ka­sy­ny, do­gan­la­ry­ny be­gen­dir­mek. Go­wy edip ar­ça be­ze­mek, gün­de­li­gi­ni di­ňe bäş­lik­den dol­du­ryp gör­kez­mek, goş­gu­lar ýat­lap aý­dyp ber­mek ge­çen ýyl­lar­da edi­len sow­gat­lar. «Bu ýyl nä­me et­me­li? Baş­ga­rak bir tä­ze­lik et­me­li. Beh, Tä­ze ýyl diý­mek, tä­ze­lik tap­mak diý­mek eken-ow.»

Aýazbabanyň ýoly

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Bu dü­şün­jä­niň hal­ky­my­zyň, ýaş hem-de kör­pe ne­sil­le­ri­mi­ziň aňy­na ha­çandan bäri or­nan­dy­gy­ny anyk aý­daý­mak kyn. Ýö­ne ýyl­lar geç­di­gi­çe, bu dü­şün­je, bu duý­gy kö­nel­mä­ge, gar­ra­ma­ga de­rek, gaý­ta ýyl­dan-ýy­la tä­ze­len­ýär, öz­ger­ýär, tä­ze öwüş­gin­le­re bes­len­ýär.

Aýazba­ba ha­kyn­da­ky tä­sin­lik­ler

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Aýazba­ba — Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň gu­wan­jy, ol öz ja­dy­ly keş­bi bi­len köp­le­riň esa­san hem ça­ga­la­ryň ýat­dan çyk­ma­jak ýa­kym­ly pur­sat­la­ry­ny dö­red­ýän öz­bo­luş­ly nus­ga­dyr.

Täze ýyl. Täze şäher. Täze jaý

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde bagtyýar maşgalalaryň birnäçesi döwrebap öýleriň açaryny alyp, jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabara ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky her bir gününiň şatlykly wakalara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Munuň özi ýurdumyzyň hem halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlaryň giň, ýagty öýlerine göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny guwanç bi

Türkmen diplomatlaryna baýramçylyk sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günleri Özbegistanda işleýän türkmen diplomatlary üçin ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Düýn Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan diplomatik gullugyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş we iş şertleriniň döredilýändigini aýdyň görkezmek bilen, buýsanjyňa buýsanç goşýar. Täze jaýyň açylyş dabarasyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Daşkentde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden iki ýurduň resmi wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Pr

Taryha ýazylan wakalar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda belent ruha, beýik işlere beslenen 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde geçilen menzillere ser salyp, ýetilen sepgitler barada buýsanyp söhbet edýäris. Şunda 11-nji sentýabrda bolup geçen şanly wakalar hem aýratyn bellenilmäge, gaýta-gaýta nygtalmaga mynasypdyr. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdan sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäklerinde, türkmen-owgan serhedinde bolup geçen taryhy wakalar göwünlere ganat eçilen, ýüreklerde röwşen geljege mizemez ynam, umyt döreden tutumly işler hökmünde ebedi ýatda galdy. Diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, tutuş sebitiň, umumadamzadyň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berilmegi, möhüm desgalaryň ulanyşa girizilmegi bilen baglylykda geçirilen çärelere gatnaşyp, il-ýurt bähbitli taryhy wakalara dahylly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Biz munuň üçin özümizi juda bagtyýar saýyp, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýollary bilen Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýän, halkymyzy röwşen gel

Biri-birinden zyýada ýyllar

Halk senenamasy boýunça ýylan ýyly ýetip gelýär. Taryhçy alymlaryň tassyklamaklaryna görä, ýylanyň keşbi örän köp zatlarda — gündelik ulanylýan gap-gaçlarda, möhürlerde we köşk bezeglerinde hem şöhlelenipdir. Gadymy Änew metjidiniň girelgesiniň ýokarsynda, gök reňk bilen syrçalanan ýuka kerpijiň ýüzünde iki sany ýylan görnüşli aždarha şekillendirilipdir. Edil şeýle keşpleri öňki döwürlerde tanymal serkerdeleriň göteren baýdaklarynda hem görmek bolýar. Gündogar halklarynda ýylan pähim-parasadyň, sabyrlylygyň, baýlygyň, mertligiň we eserdeňligiň nyşany hasaplanypdyr.

«Nygmat bardyr näçe diýseň...»

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Welaýatyň köpugurly we beýleki bazarlarynda, söwda merkezlerinde hem welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine, hususy pudaga degişli dükanlarda ir ertirden giç agşama çenli gyzgalaňly baýramçylyk söwdasy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilen bazar bolçulygy ildeşlerimize baýramçylyk saçaklaryny giňden ýazyp, olaryň üstüni naz-nygmatdan, gök-bakja, datly miweler hem-de dürli görnüşli azyk önümleridir senagat harytlary bilen gelşikli edip bezemäge giň mümkinçilik berýär. Ilata hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň hut öz ýurdumyzda öndürilip, olaryň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli bolmagy baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Daýhanlarymyzdyr telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen oba hojalyk önümleri, banandyr beýleki miweler özüniň terligi, tagamlylygy bilen tapawutlansa, sebetlerde we owadan gaplarda ýerleşdirilen senagat harytlary köp görnüşliligi we amatly bahasy bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Şahandaz halkyň wäşileri okyjylarymyza iň gowy arzuwlaryny aýdýarlar

Her birimiz Täze ýylyň sepgidinde ömrüň iň ýakymly pursatlary hakyndaky süýji ýatlamalara berlenimizi duýman galýarys. Öz ýanyňdan geçen günlere nazar aýlap, täze bat, täze gadam bilen täze ýyla aýak basýarsyň. Her ýyl bolşy ýaly, 2024-nji ýyl hem watandaşlarymyz üçin iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, biz hem baýramçylyk günlerinde şahandaz halkymyzyň wäşi ogullary, ykbalyny sahna baglan ussatlar — Tikgi, Potdyş, Çepbe we Garly kaka bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Siz Täze ýyla taýýarmy?

Ýer planetasynyň Günüň daşyndan bir gezek doly aýlanmagy bilen tamamlanýan 365 gün «1 ýyl» diýlip atlandyrylýar. Ýylyň tamamlanyp, täze ýylyň başlanmagy bolsa dünýäniň çar künjünde uly şowhun bilen bellenilýär. Eýýäm noýabr aýynyň soňky hepdesinden Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli söwda merkezlerinde arzanlaşyklar başlaýar. Dekabryň gelmegi bilen bolsa bütin dünýä Täze ýyl baýramynyň ruhuna girýär. Daş-töwerekdäki bezelen arçalar, Aýazbabalar, sowgatly torbalar... baýramyň golaýlaşyp gelýändiginiň buşlukçysydyr. Eýsem, siz Täze ýyla taýýarmy?! NÄME ÜÇIN TÄZE ÝYLY BELLEÝÄRIS?

Aýagyň düşsün, 2025! (Durmuş we biz)

Eýýäm üçje gün galaýypdyr geleriňe. Köçeler ýene şagalaňa beslenipdir. Bir-iki sapar gar dagam ýagdy. Mazaly sowady howalaram. Şunça adamlar ýene seniň geleriňe howlugýarlar. Dünýäniň süýjüden-süýji günleriniň, başdan geçirilmeli gowulyklaryň, ýürekde beslän arzuwlarynyň hasyl bolary üçin hemme senden umytda. Üsti naz-nygmatdan doly saçaklaram hut şol yrym bilen ýazylýar. Her ykbala alyp geljek şohlugyňy, dile getirilmese-de, her kimiň şol bolluk bilen ölçäsi gelýär. Şeýdibem, tutuş Zemin bolup seni garşylaýarys. Hasam çagalar gowy görýär seni. Dükanlardan sowgat baryny ýüklenip, öýe gelýän kakalaryna garaşmak, goşgy aýdyp, arçanyň daşyndan aýlanmak häzir olar üçin nähili ýakymlydyr. Ynsan jady diýilýän zada özüniň iň arassa duýgulary bilen ynanýar, iň arassa arzuwlaryny siňdirýär. Onuň bu duýgulary uly adam çykansoň hem ýatlaýanlygy şondan. Köçeden alagoh bolşup, Medeniýet öýüniň öňündäki arça tarap howlugyp barýan çagalary görüp ýylgyryşyma, birden hyýalymda olara goşulyşyp gidiberesim, edil şolaryňky ýaly, Aýazbabanyň başgabyny geýip, surata düşesim geldi. Çagakak töweregiň oglanlary bolup, Täze ýyl agşamy münjek ulagymyzy zer bilen bezeýşimiz, köçeme-köçe aýlanyp, adamlary Täze ýyl bilen gutlap, el salgaýşymyz ýadyma düşse

Bereket çeşmeli ammar

Ýurdumyzda ýetişdirilen ter miweler, gök-bakja önümleri bilen ak bazarlarymyzy, söwda nokatlarymyzy ýylyň ähli paslynda üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli welaýatlarymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň, gök-bakja, miwedir ir-iýmişleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şeýle desgalaryň biri-de Daşoguz welaýatyndaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin niýetlenen ammardyr. 3 müň tonna barabar önümleri saklamaga niýetlenen bu desga 2016-njy ýylda işe girizildi. Ol ýerde miwe we gök-bakja önümleriniň ýylyň ähli paslynda-da ilata terligine ýetirilmegi üçin şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen ýylyň başyna şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök we miwe önümleri satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär. Hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu bolsa sahawatly toprakdan bol hasyl alyp, ykbalyny topraga baglan ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň öz kärine söýgüsini artdyrýar.

Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Düýn — 27-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Çagalar awtoşäherçesinde «Garaşsyz Watanymyza Täze ýyl geldi!» atly dabara geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan 4-5-nji synp okuwçylar gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň görkezen çykyşlary çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.