Goňşy döwlete dostana goldaw
Halkymyz goňşuçylyk gatnaşyklaryna, şeýle gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Bu jedelsiz hakykata gulluk edýän eždatlarymyz ajaýyp nakyllaryň we atalar sözleriniň köpsanlysyny döredipdirler. «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşynyň haky — Taňrynyň haky», «Goňşy — goňşynyň bazary», «Goňşy ýykylsa, söýget ber»... Ata-babalarymyz diňe bir duldegşir goňşulary bilen däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ülkeler bilen hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, parahatçylykda, asudalykda ýaşaşmagyň nusgalyk ýörelgesini döredipdirler. Şeýle röwşen ýol-ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we barha çuňlaşdyrylýar. Bu babatda goňşy Owganystan döwletine berilýän goldaw-hemaýat hem-de ýola goýlan gatnaşyklar aýratyn orunda durýar. Türkmenistan Owganystana köptaraplaýyn goldaw bermek arkaly bu ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Soňky ýyllarda elektroenergetika ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Türkmenistandan indi köp ýyldan bäri goňşy ýurda elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde üznüksiz ugradylýar. Bu möhüm işe welaýatymyzyň elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işgärle