"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Tagallalar birleşdirilýär

Golaýda Milli Geňeşiň Mejlisinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy. Duşuşygyň dowamynda parlamentarizmiň gurallaryny häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ulanmak bilen bagly netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň ençeme ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Oňyn hyzmatdaşlyk

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty ýurtda, sebitde we dünýä ýüzünde abadan, parahat ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary we tabşyryklary berýär. Olaryň hatarynda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gerimini giňeltmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça tabşyryklar bar. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ol syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan ýurdumyz ähli taraplaýyn kuwwatl

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň ýoly bilen

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Arkadagyň ak ýoly bilen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek ugrunda uly alada edilýär. Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň hem--de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli kämil şahslar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Ata-babalarymyz ýaş nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatly mirasa daýanyp, ýaşlary Watana wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemek, häzirki wagtda baş wezipeleriň hatarynda durýar.

Parlamentara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

Bu günki gün dünýä döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz dürli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň goldamagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ornunyň bardygyny tassyklaýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn tejribe

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Çünki umumadamzat bähbitli bu ýörelgeler eziz Diýarymyzyň, şeýle hem beýleki döwletleriň-de aýdyň maksatlaryna ýetmegine, öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmegine degerli täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we oňa esaslanýan daşary syýasaty dünýäde we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň baglaýjy halka bolup çykyş edýändigi umumy ykrar edilen ýagdaýa öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary yzygiderli bermek bilen bir hatarda, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky tabşyryklaryny berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly,

Ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Geçen çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Türkmenistan — Russiýa: netijeli hyzmatdaşlyk

26-njy aprelde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigini belledi. Çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy. Şeýle hem RF-niň Baştutany koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Astrahana iberen ynsanperwer ýüki üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistan — Owganystan: gatnaşyklar pugtalandyrylýar

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Taraplar özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.

Žurnalyň nobatdaky sany

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň golaýda çapdan çykan sanynyň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn üns berilýär. Neşiriň şu sany aýry-aýry döwletler, hususan-da, goňşy we dostlukly ýurtlar — Türkiýe, Owganystan, Azerbaýjan, Özbegistan hem-de abraýly halkara guramalar we sebit düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary barada gürrüň berýän syn bilen açylýar.

Dostana gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär we mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Bu babatda ýurdumyzyň sebit howpsuzlygynyň we parahatçylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Owganystanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalary wajyp ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlary Owganystanyň syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň özgerdilmegi bilen bagly bolup, ýurdy sebit derejesindäki gatnaşyklara hem-de geljegi uly bolan taslamalara çekmek arkaly amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar we onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine iş ýüzünde goldaw berýär. 2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistandan Owganystana azyk, dokma harytlary, mekdep okuwçylary üçin okuw esbaplary, kitaplary, mekdep mebelleri, sport eşikleri ynsanperwer kömek hökmünde yzygiderli ugradylýar. Türkmenistanyň hasabyna Owganystanda birnäçe durmuş maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Farýap welaýatynyň Garamgol etrabynda saglyk öýüni, Jowuzjan welaýatynyň Şordepe

Hormatly Prezidentimiziň telefon arkaly geçiren söhbetdeşlikleri

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi.

Ak şäherim Aşgabat!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljekdigi halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran ak şäherimiz bu gün ajaýyp wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Şeýle ajaýyplyklary synlanyňda bolsa buýsançly duýgular seriňe dolýar. Hakykatdan hem Aşgabat — ak mermerleriň şäheri. Aşgabat — asuda, abadan durmuşyň nusgasy. Aşgabat — ylmyň we bilimiň ojagy. Şeýle ajaýyplyklaryň ählisini jemläniňde bolsa, Aşgabat — türkmen dünýäsiniň ýüregi diýesiň gelýär. Biz hem geljekde hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, döredýän oňyn şertlerinden peýdalanyp, Watanymyza mynasyp nesli kemala getirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.