"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatla

«Aksakgal ak baş bolar...»

Halkymyzda: «Aksakgal ak baş bolar, ýöne göwni ýaş bolar» diýlişi ýaly, bu günki gün kalby juwan ýaşulularymyz ähli başlangyçlarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň bismillaçysy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ahyrky günlerinde alysdan-ýakyndan myhman çagyryp toýlanan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda-da ýaşulularymyz döwre gurap, maslahat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 10-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde amal edilen işlere seljerme berlip, geljegiň wezipeleri kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Halk Maslahatynyň hem-de Ýaşulular geňeşiniň agzalary mynasyp işleri alyp barýarlar. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň aňyrsyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň bagtyýar döwrümizde-de mynasyp dowam edýändigini görkezýär. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m

Açyk göwünleriň açyk ýollary

Üstünlikler bilen garşylaýan ýyllarymyzy şol depginde jemlemek ajaýyp zamanamyzda adaty ýagdaýa öwrüldi. Muny biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýöredilýän içeri syýasatymyz babatda-da, daşary gatnaşyklarymyz dogrusynda-da buýsanç bilen aýdyp bileris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyna buýsançly sahypalaryň ençemesini goşdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi-de Watanymyzyň parahatçylygy goramak, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek babatdaky tagallalarynyň halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle buýsançly habarlaryň yzly-yzyna gelip durmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzda halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýändiginiň miwesidir. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bolsa bu işlere täze depgin bagyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň dialog arkaly halklara, k

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 29-njy no­ýabr­da we 6-njy de­kabr­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sleri­ni ge­çir­di.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gel

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Asylly ýörelgeler dowamat-dowam

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan asylly başlangyçlaryny has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, beýik ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmäge ähmiýet berilýär. 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmaklarynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berilmegi hem halkymyzyň köpasyrlyk milli ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Gurbandurdy GURBANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, toplumyň müdiri, podpolkownik: — Hajy Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlamagy türkmen halkymyzyň öz Milli Liderine bolan söýgüsini, guwanjyny has-da artdyrdy. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň ýagşy däpleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Goý, Milli Liderimiziň halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin mukaddes toprakda iki rekagat namaz okap, eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Haýyr-sahabat nusgasy

Durmuşyň gülleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, oňa kömek-ýardam etmek ýaly asylly ýörelgeleriniň özenini özünde jemleýändigi barada belläp geçýär. 

Jemgyýet we ynsanperwerlik

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy,  «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durmuşa mäkäm ornaşmagy üçin uly işler alnyp barylýar. Durmuş ulgamy döwletiň ykdysady we durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ilkinji nobatda, ol ähli raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durmuş goraglylygyna mätäç raýatlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr. Islendik jemgyýetiň ösüşi ilatyň ýaşaýşy, hususan-da, zähmete bolan hukuklaryň we kepillikleriň üpjün edilişiniň, durmuş goragyna mätäç adamlara döwlet tarapyndan goldaw berlişiniň derejesi bilen kesgitlenilýär. Bu kadalar adam hukuklary babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilýän konwensiýalarda we ylalaşyklarda ykrar edilýän binýatlaýyn ýörelgelere daýanmak bilen, raýatlaryň durmuş hukuklarynyň goralmagyny hem-de goldanylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu gurama bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.