"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Göterildi il ykbaly, Pyragy

Beýik akyldar, söz şalygynyň serweri, jahankeşde, filosof, kämil şygyr bossany dünýä nusgawy edebiýatynyň gymmatly genji-hazynasyna öwrülen ynsanperwer, dana şahyryň üç asyrlyk toýunyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bile bellenilmegi, elbetde, döwletlilikden nyşan. Magtymguly sözüm gysga şerhi köp,Bilmeze hiç, bilenlere nyrhy köp

Esger oglum bar

Eziz hem edermen oglum! Ene ýüregimiň seniň Watan goragçysy bolandygyň üçin nähili begenýändigini bir bilseňdiň! Men bu ajaýyp pursatlary sen entek ak gundagdaky bäbejik wagtyň sallançagyňy üwräp, hüwdä salyp arzuw edipdim. Şol wagt juda kiçijek bolanyň üçin ol hüwdi seniň ýadyňa düşýän däldir, meniň bolsa sözme-söz ýadymda... Allan-allan aklasa,Sallançakda uklasa,Ulalyp, esger bolup,Watan duzun haklasa.

Watanyň toýy

Gujagynda bu bagtyýar zamanaň,Bitarap Watanda toýlar toýlanýar. Dünýä dolup belent şöhratym-şanym,Bagt sazy çar tarapda ýaňlanýar. Bitaraplyk toýy — Watanyň toýy,Mähre beslär her bir ojagy-öýi,Nurlanypdyr älem-jahanyň roýy,Belent işler dünýä içre oňlanýar.

Magtymguly hakda bilýänlerim

Magtymguly Pyragy diýlende biziň gözümiziň öňünde diňe akylyň ýa-da paýhasyň däl, eýsem, ylmyň, ynsabyň, ygraryň, ykraryň, yhlasyň iň ýokary çäk ölçegini görkezen ajaýyp hem beýik ynsan janlanýar. * * *

Arkadag şäheri

Sözleri: A.REJEBOWYŇKY Sazy: A.TOGTAMYRADOWANYŇKY

Şygryýet

Akmyrat Muhadow

Ýeke nar

(Dokumental hekaýa) — Eý, Çynar, gel-eý bäri, men nar tapdym! Gaty kä-än, özem uly-uly...

Durmuş pursatlary

Oklohoma şäheriniň güneşli şenbe öýlänleriniň biridi. Meniň dostum we onuň kakasy Bobby Lewis bizi kiçi golf oýnuny oýnatmak üçin äkidip barýardy. Ol kassa bardy-da: «Petegiň bahasy näçekä?!» diýip sorady.

Şu toprakda

Şu toprakda doguldym, Şu toprakda ölerin.

Tymsallar

KIM HAÝRA, KIM ŞERE Bir ýurduň hany iki adamy ýanyna çagyryp, olaryň hersine 24 tylla berýär.

Hekaýat

GYZGYN ÇÖREGIŇ GUDRATY Gadym eýýamda giň sähradaky obalaryň birinde bir dana goja ýaşapdyr. Ol dürli ylymlardan habarly bolupdyr. Goja kişi lukmançylyk ylmyndan bolsa, has gowy baş çykarýan ekeni. Şeýle bolansoň ol obadaşlary bilen birlikde daş-töwerekdäki obalardan gelýän kişilere hem saglyk bilen bagly kömek eder ekeni. Adamlar ondan hoşal bolupdyrlar. Onuň at-abraýy köp ýere ýaýrapdyr.

Hemra wäşiniň degişmeleri

BIZIŇ ÝANYMYZDA Obanyň ortasyndaky ýoldan geçip barýan Hemradan bir nätanyş kişi:

Tymsallar

Islegler daragty Bir gezek çölde teşnelikden hem-de açlykdan halys eňkamy agan, şirin janyndan el üzere gelen biri süýşenekläp barýarka öňünden gyrymsy agaç çykypdyr. Şonda ol:

Şygryýet älemi

Watanym Türkmenistan Bitaraplyk derejäň dünýä dolan ykraryň,Hemişelik Bitarap Watanym Türkmenistan!Saýlap alan ýoluňa bardyr mydam ygraryň,Hemişelik Bitarap Watanym Türkmenistan!

Ene mähri (Tymsal)

Bir gün sapakda mugallym: — Çagalar kimiň ejesi has köp işleýärkä?! — diýip, okuwçylaryndan sorapdyr.

Buýsançnama

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — bu milletiň ýalkanyşy,Keremli türkmen topragyň bereketli ýazy, gyşy,Alkyş Size, Milli Lider — Gahryman Arkadagymyz,Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Diýarymyz — gül-gülüstan, Watanymyz — bagy-bossan,Buýsançly, guwançly sözler bu günki gün dilde dessan:«Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!»Alkyş Size, Milli Lider — Gahryman Arkadagymyz,Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Watan şöhraty

Bedew batly ösýän Türkmenistanda, Baky Bitaraplyk bagtymyz biziň. Barha öňe barýas bagy-bossanda,Baky Bitaraplyk bagtymyz biziň. Okaýas, öwrenýäs, döredýäs erkin, Mekanym — meňzeýär behişde görküň. Şu eziz topraga baglydyr örkümBaky Bitaraplyk bagtymyz biziň.

Köňül aýdymy

Ýaz deý ýaşyl Baýdagymda nyşany,Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.Watanmyň şöhraty, halkymyň şany,Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr. Abat dünýä aýdym bolsa, saz bolsa,Göwünler bir bolsa, ýürek saz bolsa,Arzuw hasyl bolsa, ömür ýaz bolsa,Bagtymyň bahary Bitaraplykdyr.

Pelegiň çarhy we ykbaly

Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiliginde pelek we ykbal hakyndaky temalar halkyň arzuwlary bilen baglanyşyklydyr. Bu sowallar il-halkyň ýagty günlere çykmagyna bolan umyt uçgunlarydyr hem-de akyldarlaryň ýüregini lerzana getiren ynamydyr. Magtymguly Pyragynyň «Dert nedir» atly goşgusynda durmuşyň sowaldan doly dürli ugurlary açylýar. Şahyryň bu goşgusynda döredýän ýüregiň otly örtenmesi okyjynyň hem hyýalyny öz duýgy dünýäsi bilen birleşdirýär. Şahyryň ilki başky iki setirini mysal getireliň: Akyl, göz hem ykbal, iman dördüsi,Jyda galsa, derman nedir, dert nedir.

Pyragy barada rubagylar

Baky ýandy bagtymyzyň çyragy,Garaşsyz döwletiň bu ajap çagy,Bu gün türkmen seniň toýuň toýlaýar,Tirsegňe gal, Magtymguly Pyragy! * * *