"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Arzuwlaryň hasyl boldy, Pyragy!

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak berkarar döwletli bolmagy baradaky arzuwlary bu gün hasyl boldy» diýip belleýär. Munuň özi diýseň buýsandyryjydyr. Çünki biz şahyryň berkarar döwlet, kämil jemgyýet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan zamanynda ýaşaýarys. Bilşimiz ýaly, dana akyldara adalatly döwlet gurmak bilen baglanyşykly paýhaslar atasy Döwletmämmet Azadydan geçýär. Beýik şahyr bu taglymaty milli ruhda ösdürýär. Ony özbaşdak, garaşsyz döwletli bolmak ýaly çuňňur pikirler bilen baýlaşdyrýar. Şahyr öz kalbynda, ruhy dünýäsinde guran türkmen binasyna juda buýsanýar we ony şeýle setirleriň üsti bilen taryp edýär:

Iň soňky gezek haçan kitap okadyň?

Okamagyň sogaby hakynda heniz oglankam eşiden şeýle mazmunly hekaýatym ýadyma düşýär: Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abywerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgilliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi bilen gyzyklanypdyr. «Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime ýetmegi beýlede dursun, hatda ýekeje lukmany arkaýyn agzyma ýetirip bilemok, bu ýagdaýda nädip sadaka bereýin?!» diýip, ýere bakypdyr. «Ýeri, bolýar, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?» diýip, alym ýene-de oňa sowal bilen ýüzlenipdir. «Öz derdime başagaý bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme gelmändir» diýip, ýigit göwünli-göwünsiz dillenipdir. «Ýeri, bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?» diýip alym sorapdyr. «Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym bolandyr» diýip ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. «Baý-bo-ow, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar. Onsoň ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy h

960 minutyň 5 minuty ýa-da «Bir sahypa — bir roman» ýörelgesi

Ýazgylarymyza gije-gündiziň minutlaryndan netijeli peýdalanyp bilmek baradaky ýönekeýje hasaplamalar bilen girişeliň! Bu hasapdan hem gije uklaýan wagtymyzy aýryp, hamana, ir sagat 07:00-da oýanýarys, giçlik bolsa 23:00-da ýatýarys diýip hasap ýöredeliň! Bu aralykda 16 sagat bar. 16 sagada 960 minut ýerleşýär. Şunça minutyň 955 minutyny başga işler üçin sarp edip, bary-ýogy 5-je minutyny kitap okamak üçin aýryp bilersiňizmi? Munuň üçin günüň dowamynda eliňiziň boşrak wagtyny saýlap bilersiňiz. Esasy zat: şol 5 minuty tapmak. Bolmajak zat däl, şeýlemi? Telefonymyzy elimize alyp, jemgyýetçilik torlaryndaky suratlardyr wideolary dörüşdirip çykmak üçin hem azyndan 10 ― 15 minutymyzy harçlaýarys. Özi hem bir gezekde. Günüň dowamynda bolsa şeýle «dörüşdirmeler», gör, näçe gezek bolýar?! Işiňiz hernäçe gyssaglam bolsa, mawy ýaýlymda görkezilip duran bir gyzykly filmiň «şujagaz ýerinem göreýinleriňiziň» wagt aralygy käte ýarym sagada çenli uzap bilýär. Kimdir birine möhüm bir mesele bilen jaň etseňiz hem, möhüm däl gürrüňler ara goşulyp, bu söhbetdeşlik meýilleşdireniňizden has uzaga çekip bilýär. Garaz, günüň dowamynda 960 minutyň 5 minutyny kitap okamaga aýyrmak üçin wagt ýeterlik. Esasy zat: islemek. Ýürekden isleseňiz, siziň has köp wagty tapyp b

Ýitirilen günler

■ Kitaplar. Köp-köp kitaplar daş-töweregime üýşüp dur. Okalmaly kitaplara görä okamaly kitaplaryň köpräk bolmagyny isleýän. Okadygymça-da, okalmaly kitaplar has köpelip gidip otyr... mundan alty ýyl ozal ýazan bir belligim öňümden çykdy. Onuň içinde pany dünýä bilen hoşlaşyp — eňek atyp ýatan Mäne baba-da bardy. Goja pir bu ýagdaýyň — okamagyň ahyrky pursada çenli dowam etmelidigini sargaýardy. Ine, şol ýazgy... 1582-nji ýylda Rim papasy Grigoriý XIII katolik ýurtlarda öňki ýulian senenamasyna derek grigorýan kalendaryny girizýär. Şoňa laýyklykda, şol ýylyň 4-nji oktýabryndaky penşenbe gününiň ertesi göni 15-nji oktýabr, anna güni bolýar. Bu maglumaty okadym-da, taryhdan gaçyp galan, ýagny atsyz-sorsuz ýitip giden şol günler barada oýlandym. Diňe bir goja taryhyň, senenamanyň ýitiren bu günleri barada däl-de, adamlaryň her biriniň ömründe bolup biläýjek ýitirilen günler barada çynlakaý oýlandym.

Şapakdaky şuglalar (Ýene kitaplar hakynda)

KUÇKOR NORKOBIL,(Özbegistan). ■ Dünýe — meniň öýüm. Kitaplar onuň çyraglarydyr.

Magtymgulynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň setirlerinde öňe sürülýän pikirler, beýan edilýän meseleler, öwüt-ündewler örän çuň mana ýugrulandyr. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň mazmuny bilen utgaşyp, nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär. Dana şahyryň eserleri ýaşlarda watançylyk duýgusyny ösdürmegiň egsilmez çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat jemgyýetçiligi üçin saýlap alan iň bähbitli ýoly öwüt-nesihat ýoludyr. Bu babatda şahyr «Maksadym nesihat etmekdir halka» diýip, nesihat edipdir. Şahyryň taraşlap, şagladyp, bize ýadygärlik goýan edebi mirasy örän giň we köptaraplydyr. Akyldaryň şygyrlary häzirki wagtda ýaş nesilleri h

Türk­men di­li — mil­li dil

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Türk­men di­li halk­la­ry, kalp­la­ry, bü­tin adam­za­dy dost­laş­dyr­ýan, ýa­kyn­laş­dyr­ýan gymmatlykdyr. Türk­men di­li tür­ki dil­le­riň iň öz­bo­luş­ly we ta­ry­hy kö­kü­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaý­dyp, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de has-da baý­la­şyp, onuň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­dä­ki we me­de­ni­ýe­tin­dä­ki bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny açyp gör­kez­mek üçin türk­me­niň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň tut­ýan or­ny diý­seň ulu­dyr.

Gysgajyk kyssalar

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Siz nähili ýatlanmak isleýärsiňiz?

Janym, tenim, ruhum şu Watandadyr

Ylham ýaýlasy

Atamyrat ATABAÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Arkalaşyk

Berkarar döwletdir arzuw eýläni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle gymmatlyklar ata Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrmakda, ynsanperwer duýgulary kemala getirmekde, aňyýeti, aň-düşünje hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmakda bahasyz baýlykdyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen edebiýaty hem giňişleýin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu işlerde, esasan, geçmiş mirasymyza daýanylýar, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri öwrenilýär, halka ýetirilýär. Şeýle şahyrlaryň biri-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr. Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýip beýan edişi ýaly, halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň at-abraýyny dünýä doldurýar.

Nesilleriň aýdymy

Ýyldyrym deý çakyp, sil kibi joşup,Asman deý gümmürdäp, deňiz deý daşyp,Öz ýurdunyň aşygydyr hak aşyk,Şu Diýardyr owal-ahyr yşkymyz,Şu Watanyň,                     şu milletiň nesli biz! Şu ýurt diýip, şirin jandan geçip bor,Huzurynda Hakdan kasam içip bor.Hyzmatyna ýaramasak niçik bor?Miras aldyk bu mukaddes keşgi biz,Şu Watanyň,                     şu milletiň nesli biz!

Duýguly dünýä

AHWAL Asmanyň böwrüni ýyldyrym kesdi,Agaçlaň saçlaryn syranda şemal.Gamgyn gamyşlaram sygyrdy esli,Ýüregme geň duýgy ornadyp şo hal.

Şygryýet bossany

MAGTYMGULY PYRAGA Ýaňlanyp dur dünýäde mukamlaryň seresi —«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Danalaryň danasy, akyl ýetmez dereje —«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Şygryýet çemeni

ISLEG Meniň ýaşap ýören owadan dünýäm —Süýjüje hyýaldan gurulan wysal.Kakam gursagynda gaýapdyr yşky,Arzyly arzuwyn almaz ýaly a:l.

Bagyşlamak (Oýlanma)

Oňa hiç haçan «Gel» diýmändim. Kiçijek derýa mysaly dünýämiň içinde ýalňyz gämim bilen oňňut ederdim. Oňňut etmän nätjekdiň diýsene?! Hemme zada kaýyl bolup ýaşaýan günlerimiň birinde sataşypdym oňa. Ýalňyz gämini bilelikde küreklemek isleginiň bardygyny ýaňzydypdy. Men onuň bu islegini ilki gözlerinden okapdym. Üýtgeşikdi ol. Tanan we tanaýan ähli ynsanlarymdan parhlydy. Ýeke kişilik dünýämiň çäginden oňa-da orun bermegim, belkem, şonuň üçindir. Ýok, hut şu sebäpden orun beripdim oňa ýürek törümden. Men we ol — ýürekdeş hemem kürekdeş. Indi gäminiň kürekleriniň herimiz birine erk edýärdik. Şeýdip durmuş derýasyndaky menzilleri külterläp boljakdygyna ynanypdyk. Ilkibadalar derýa örän asudady, parahatdy. Asman bilen reňkdeş suwunyň içinde söýgi gämimiz aňsatlyk bilen öňe omzaýardy. Onuň üçin men dünýäniň iň gözel gyzydym, meniň üçin ol dünýädäki iň görmegeý ýigitdi. Aslynda, biz ýüzleriň däl, ýürekleriň aşygydyk. Edil şol derýanyň suwy kimin dury hem päk ýüregi bardy. Belki, beýle-de däldir, şol ajaýyp duýgularyň täsirine düşüp, ýüregini duýmak isleýşim ýaly duýandyryn. Aýdýan datly kelamlarynyň yzyna, köplenç, menlik ýöňkemesiniň goşulmasyny tirkärdi. Soňlugy bilen bu mende-de endige öwrüldi. Şahyr aýtmyşlaýyn,

Ylham joşguny

DURALGADA Awtobuslar gatnap dursun wagtynda,Hemem uzak garaşmaly etmesin.Şonsuzam köp zada garaşýas munda,Alýar durmuş wagtymyzyň essesin.

Şygryýet

Bagban Bagban kän bag ekdi, miwe getirdi,Baglar ony arzuwyna ýetirdi.

Nur (Oýlanma)

Şahyr ol. Özem ýaşan gysga ömrüniň dowamynda türkmeniň kalby ýaly giň sährany synlap, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmagy halan şahyrdy. Sähra onuň üçin sallançak ýaly mukaddes ýerdi: Bizi üwrän sallançaga,

Bagtdan paýlylyk (Oýlanma)

Atam hemişe: «Mukaddeslik düşünjesine manydaş sözler bolýar. Şolaryň esasylarynyň biri-de Watandyr. Sebäbi bu mukaddes sözüň içine ynsan üçin gymmatly bolan zatlaryň ählisi girýär» diýerdi. Kiçiräkkäk bu sözleriň uly manysynyň bardygyny aňsagam, onuň çuňňurlygyna göz ýetirip bilmezdik. Ýöne wagtyň agdarylan sahypalarynyň sany artdygyça, ol sözleriň manysy-da, datlylygy-da, çuňňurlygy-da aýdyňlaşyp gidip otyr. Asyl ol sözler ýaňy bir many aňşyryp ýören döwürlerimizden bizi durmuş ýolunda abraý lybasyna beslemegiň aladasy ekeni. Çünki Watana söýginiň ömür menziliniň başlangyç ädimlerinde kalba siňňitli edip guýulmagy bizi üstünlikden, ýeňişden doly menzillere atarýar. Many aňşyryp, aňymyz goýalyp ugrandan biziň kalbymyzda bir duýgy hemişelik orun alýar. Ol duýgy — Zemin togalagynyň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyza, bagt atly üleşikden paýlydygymyza buýsanç, şüküranalyk duýgusy. Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýoly hakda oýlananyňda, kalbymyzda süýjümtik gussanyň peýda bolmagy-da hut şol duýgynyň täsiridir. Ol bilniksizje täsin duýgy biziň şu Watan, şu toprak bilen göze görünmeýän eriş-argaçlar arkaly birikýän bitewülikdigimizi aňladýan mukaddes hakykat.