"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Turgenýew we türkmen halysy

Dünýä belli rus ýazyjysy Iwan Sergeýewiç Turgenýewiň ady türkmen okyjylaryna ozaldan tanyşdyr. Öz döwründe ýurdumyzyň tanymal terjimeçileri tarapyndan I.Turgenýewiň «Atalar we perzentler» romany, «Asýa» powesti, «Mumu» hekaýasy türkmen dilinde neşir edildi. Ýakynda ýazyjynyň Russiýa Federasiýasynyň Orýol oblastynyň Msensk etrabyndaky Spassk-Lutowina obasynda ýerleşýän öý-muzeýiniň işgäri Ýelena Nowikowa bu ýerde saklanylýan türkmen halysy barada ýazan gysgajyk makalasyny redaksiýamyza iberdi: 1818 — 1883-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen ýazyjy Iwan Sergeýewiç Turgenýewiň iki gatly öý-muzeýi häli-häzire çenli giňden tanalýan medeni ojaklaryň biridir. Ýazyjynyň ömri we döredijiligine degişli ýazgylarda muzeýiň hemişe köp adamly bolandygy barada aýdylýar. Bu ýerde Lew Tolstoý, Nikolaý Nekrasow, Afanasiý Fet ýaly onuň döwürdeş ýazyjy-şahyrlary myhmançylykda bolup, edebiýat agşamlaryny geçiripdirler. I.Turgenýew bu günki günde dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen eserlerini hut şu ýerde ýazypdyr.

Depderçe (Tymsal)

Kakasynyň adatdakylar ýaly, işden gelip, öz otagyna geçenini gören oglanjyk onuň ýanyna barmakçy bolýar. Muny gören ejesi: — Oglum, kakaň işläp otyr-a, sen barsaň, päsgel berersiň — diýip, ony saklajak bolýar. Oglanjyk: «Onuň bir özüniň ýüregi gysýandyr-a» diýip, otagyň gapysyny açyp ýetişýär. Otaga girişine-de baryp, kakasynyň ýanynda ornaşýar. Ol kakasynyň başagaý bolup bir zatlar ýazyp oturyşyny az wagt sessiz synlaýar-da, onuň öňündäki ýandepderçäni eline alýar. Ýandepderçäniň içiniň dürli belliklerden, ýazgylardan doludygyny gören çagajyk:

Dile geldi — bile geldi

Ýaltalyk — dert, dermany — hereket. * * *

Şygryýet bossany

Alkyşnama Sag bol, Arkadagym, sözlän sözüňdeLagyl bar, göwher bar, merjen bar, dür bar.Ýurda mähir, halka söýgi gözüňde,Her bir jümläň dünýe malyna durýar.Älem baýlygyna durýar paýhasyň,Pähimiňden göwün güllär bag ýaly.Alyp munda ulus-iliň alkyşyn,Ömür güllär, döwür güllär ýaz ýaly.Size sylag-sarpa her bir ýürekde,Deňizleň joşguny, daglaryň sili.Barýar munda bagt ummanyn kürekläp,Ykbaly göterlen türkmeniň ili.Görogly hem Magtymguly, Nepesler,Kerim, Berdinazar, Gurbannazarlar,Munda Garaşsyzlyk, erkinlik isläp,Göreşenler hem-de şygyr ýazanlar,Aýdym döredenler, mukam çalanlar,Bu Watanyň, bu topragyň şanyna,Diňe haýyr işe şärik bolanlarTäzeden, täzeden, galkyp täzeden,Alkyş aýdýar, Arkadagym, adyňa!Alkyş aýdýar tutuş millet-il bolup,Arkadagly Gahryman Serdaryma!Ýedi arkaňyza, alkyş ömrüňe,Asyrlara uzap gitsin ak ýoluň!Ruh berip, nur çaýyp şanly döwrüme,Göterdiňiz bu türkmeniň ykbalyn!

Daglar göwünleri çaglar

Arkadag — Aşgabat ugry boýunça hereket edýän 100-lik belgili awtobus dag etegindäki ajaýyp ýoldan gatnaýar. Belent daglar, dag howasy, tebigatyň täsinligi — giden gözellik. Awtobusyň aýnasyndan synlanyňda, Arkadag şäheri aklyga hem päklige bürenip otyr. «Gudrat görseň — daglara bar» diýleni. Gojaman Köpetdag Arkadag şäherini bezese, Arkadag şäheri Köpetdagy bezäp, iki gözellik özara sazlaşýar. Awtobusyň radiosyndan «Pyragyny gören daglar» diýen aýdym ýaňlanýardy. Dag gözelliklerini synlap barýarkaň şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgusyna dörän bu aýdym Magtymgulynyň gezen ýerlerini, gören daglaryny ýadyňa salýardy. Ýogsam näme, türkmeniň daglary dünýe döräp duran daglar. Müň asyry — müň hasraty gören daglar ahyryn.

Akyldaryň goşgularynda bedewiň keşbi

Türkmeniň  akyldar  şahyry  Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bedewlerimize aýratyn ähmiýet berilýändigini onuň şahyrana dünýäsi bilen ýakyndan tanyşlaryň hemmesi hem bilýär. Bu taryhy hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly akyldarymyz «Watan!» diýip, bedewine atlanan türkmen gerçekleriniň ýygnyny «Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar» diýip, buýsançly teswirleýär» diýen paýhasly setirlerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa topragymyzyň tebigy öwüşginini özünde jemleýän gamyşgulak dal bedewleriň gadymyýetden bäri türkmen gerçekleri bilen bilelikde,  ýurdumyzyň goragynda sak durandyklaryny görkezýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen bedewleriniň wepadarlyk, edermenlik, dostluk ýaly duýgularynyň ýokarydygyny nygtaýar. Şahyr «Gyş bolar» we «Malyna degmez» atly goşgularynda bedew waspyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär:

Häsiýetnama

Häsiýetnama ýazmak dünýäde iň kyn iş bolsa nätjek. Öňler işgärler bölüminde işleýänlere gözüm giderdi. Sebäbi öwseler ak, döwseler gara bolýaň-da. Indi özüm kiçijik hususy kärhananyň işgärler bölüminde işleýän welin, häsiýetnama ýazmaly diýseler, edil duran ýerim-dä. Birnäçe wagtdan bäri bile işleýän bolsaňam, bir adama baha bermek aňsat zat däl eken. Onsoňam: «Kemçiliksiz adam ýok» diýleni. Işdeşleriniň käbir oňat häsiýetlerini kärdeşleriniň bilmeýän hem bolmagy mümkin. Belki, ol işgär öz gowy taraplaryny doly görkezip bilýän däldir. Belki, ol özüniň işleýän ýerinde göwün söýen işi bolandygy üçin däl-de, dürli durmuşy mejburlyklar ýa-da ýakynlarynyň biriniň hut şuny isleýändigi sebäpli işleýändir. Şonuň üçinem, ilki-ilkiler kimdir birine häsiýetnama ýazmaly bolsam, öňki ýazylan nusgalaryň birinden göçürip goýberäýýädim.

Syntgylanan setirler

• Gürlemekden öňürti, diňlemegi öwrenmeli. • Dogryny saýlamak egrä goýulsa, başarmaz, ol özüne meňzeşi gözlär.

Bu topraga bag ekiň!

Parlap al-asmana galary ýaly,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň!Otly tomus saýa salary ýaly,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň! Elbetde, gözüňe görünýär yssyAtyzdaky, pellerdäki bar ekin.Hatar bolsun ýaplaň, pelleň gyrasy,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň!

«Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine»

XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Magtymguly Pyraga bagyşlanan köp sanly ajaýyp eserleri döretdiler. Şolaryň hatarynda türkmeniň kalbyna ýakyndan aralaşmagy başaran ussat şahyr Gurbannazar Ezizow «Pikir derýasynda akyl gämisi» atly poemasyny tutuş Magtymguly Pyraga bagyşlaýar. Poemada beýan edilişine görä, Magtymgulyny G.Ezizow özüniň ruhy halypasy saýypdyr.

Bagtyň şäheri — Arkadag

Şan getirdiň külli türkmen iline,Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.Nusgadyr türkmeniň ýüpek ýoluna,Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.Täze eýýam, täze wagtyň şäheri —Ömrüň uzar gider kän asyrlara. Bezäp gözel Köpetdagyň gujagny,Açyp bereketli türkmen saçagny,Ak ata ataryp türkmen Gerçegni —Pähim-parasatly başlaň şäheri,Arkadag şäheri — ýaşlaň şäheri —Baky nusga bolar kän nesillere.

Damjada jemlenen dünýä

Oglunyň ýaşlygyny ýele berýändigine göz ýetiren kakasy oňa özi bilen gezelenje çykmagy teklip edipdir. Şol gün howa asuda hem ýyly ekeni. Olar ýöräp baryşlaryna kölüň kenaryna gelip ýetipdirler. Şonda kakasy ogluna şeýle diýip ýüzlenipdir: — Daş-töweregiňi ünsli synla! Ähli barlyk: asmanam, Günem, daglaram, baglaram şu suwda şöhlelenýändir.

Durmuşa düşünip

Söýginiň dergähinde Men saňa bu sözleri ýary gije — Jeýhundan Pelwert ýaýlasyna tarap sergin ýaz şemaly öwsende ýazypdym. Sen hem ony menden alyslarda uly höwes bilen okaýansyň diýip umyt edýärin...

Şükür bagşy

Ýene dutar zaryn-zaryn iňleýär, Gyýylyp agzala halkyň halyna.

Gorkut atanyň pentleri

Bir ýigidiň Gara dagyň ýumrusyça maly bolsa, ýygar, düýrer, talap eýlär, emma nesibesinden artygyny iýip bilmez. Tekepbiri Taňry söýmez.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Ýadymda galan pursatlar Ol bütin ömrüne gowy goşgy döretmegiň pikiri bilen ýaşady. «Aý äňetdi aýnamyzdan», «Zer ýapraklar», «Rubagylar» ýaly birnäçe kitaplary neşir edildi. Onuň çuň manyly rubagylary toý-dabaralaryň gelşigi boldy.

Il içinde seniň tutulsa adyň

Ata dünýäsi — ogla gönezlik Dym-dyrslyk. Düňle çöle güýz gyrkymyna gelenler, bir oýtak ýerde mähnet ojary penalap ýakylan oduň başynda dünýäni unudyp Azym Ahmediň, Bekdurdy Amangylyjyň, Nursähet Mämmediň goşgularydyr gadymy gürrüňlerini diňläp otyrlar. Dolan Aýyň şuglasy meýlisi kümüş reňke boýap, nur çaýyp, gözel görnüşe getirip, ýatdan çykmajak ajap pursady serpaý edýärdi.

Siz özüňiz hakda nähili pikir edýärsiňiz?!

Gorkak pikirler gorkak adamy döredýär. Ynamly pikirler ynamly adamy döredýär.

Arkadag şäheri

Yhlas bilen bina bolan,Ajap Arkadag şäheri.Dillerimizde sena bolan,Ajap Arkadag şäheri. Şypaly sergin howaly,Degresi keremli dagly,Jennet deý bakjaly-bagly,Ajap Arkadag şäheri.

Bagt

Bu gün bir adam: «Bir bakyşda aşyk bolanlar baky söýýärler» diýdi. Belki, bu hem dogrudyr. Ýöne meni başga zat pikirlendirdi. «...Men oňa bir ýa-da millionlarça bakyşda aşyk bolmandym. Men ony ýyllaryň dowamynda söýüp galdym. Her bir hereketini, her bir sözüni, özüni. Ol başgalardan üýtgeşigem däl, owadanam. «Elhepus» diýdirjek göze ilginç artykmaçlygam ýok, aýdyp berer ýaly. Çünki men ony maddy, ötegçi zatlary üçin saýlamadym. Men onuň hiç kimiňkä meňzemeýän ýüregini saýladym. Aslynda, öz köňül söýen ýaryň bilen durmuş gurmak, bagtly bolmak uly bagt. Biziň toý edenimize 49 ýyl boldy. «Ýöne hiç haçan aramyzda öýke-kine bolmady» diýip biljek däl. Biri-birimiziň göwnüne-de degdik, düşünişmezlikler hem boldy. Öýkeleşdigem. Bu hemme maşgalada-da bolýan zat. Emma biz şol kinäni bir sagatdan uzak saklamadyk. Bu hem biziň aramyzdaky söýgini has-da berkitdi, süýjetdi. Bir-birege bolan hormatymyzy artdyrdy. Aslynda bagtly ýaşamagyň syry hem şunuň ýaly ýönekeýje zatlardan ybarat.