"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Dag gözelliginiň waspy (Täsin tebigat)

Tomusky dynç alyş möwsüminiň özboluşly hezilligi bar. Çünki bu möwsümde biz ýurdumyzyň gözel künjeklerine, täsin tebigatymyza gezelenç edýäris. Golaýda kakam bizi Köýtendaga alyp gitdi. Ilki bilen, ýol ugrunda ýerleşýän Gaýnarbaba çeşmesine bardyk. Ol ýerde aýnanyň ýüzi ýaly dury suwda iki ýana ýüzýän ululy-kiçili balyklary synladyk. Soňra belent daglaryň arasy bilen ýolumyzy dowam etdirdik. Köýtendag barada enem kän gürrüň berenem bolsa, heniz baryp görmändim. Daglaryň depesine göz ýetmeýärdi. Baýyrlaryň üstünde oýnap, dagdan akýan dury çeşmäniň suwundan içip, hezil etdik. Arça tokaýlyklary, jeňňellikler, Köýten obasyndaky uly çynarlar, göm-gök suwly köl, dinozawrlaryň aýak yzlary, «Kyrkgyz» gowagy bizde uly täsir galdyrdy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

«Üçýyldyzda tün sowar...»

Atgarlawaç

Guşlar arassa asmanyň hem tebigatymyzyň ýaraşygy. şolaryň biri-de atgarlawaçlardyr. Biri-birine örän çalymdaş bolan garlawaçlar we atgarlawaçlar köp wagtyny howada geçirip, uzak aralyga uçup bilýärler. Garlawaçlaryň dünýäde 90, atgarlawaçlaryň 117 görnüşiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alnypdyr. «Ýazyň buşlukçysy» hasaplanýan garlawaçlar serçe şekilliler maşgalasyndan bolup, şahalara, simlere, käte ýere-de gonup, dynç alýarlar. Türkmenistanda atgarlawaçlaryň üç görnüşi duşýar. Garamtyl reňkli bu guşlar, esasan, obada, özüne amatly ýerlerde, derýalaryň jülgesindäki köwüklerde ýa-da jaýlaryň üçeginiň aşagynda höwürtgeleýär. Atgarlawaçlaryň uçuş tizligi garlawajyňkydan has ýokary bolup, olar sagatda 160 km töweregi ýol geçýär. Olaryň dünýäde iň kiçi guş hasaplanýan kalibri atly guşa ýakynlygy barada hem maglumat bar. Atgarlawaçlar maýda mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu çalasyn guşlaryň säher bilen howada sesli gaýmalaşyp ýörenini köpimiz görýändiris. Olar uzynly gün uçup, garaňky düşmänkä, höwürtgesine dolanyp gelýärler.

Awaza: sapaly dynç alyş, şypaly melhem

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda her bir raýatyň sapaly we sagdyn durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin döredýän şertleri «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  ýiti zehini we çuň paýhasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak bilen adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrýar.

Tomus halk hasaby

Nakyllar halkyň söz sungatynyň iň bir gadymy görnüşidir. Şolarda orun alan many-mazmun, paýhas aňrybaş derejede milli düşünjelerdir.

Tebigata söýgi — Watana buýsanç

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azaltmakdan, zeper ýetirmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir» diýlip bellenilýär. Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz halkara ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerin

Güller açýan Garagum

Garagum sährasynyň özboluşly jana şypa beriji tenekar howasy, tylla reňkli çägesidir ulgam-ulgam bolup duran gum depeleri, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsi her bir türkmen raýatynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde öz Watanyna bolan söýgini artdyrýar. Şeýle-de, olaryň kalbynda eziz Watana bolan buýsanç duýgusyny belende galdyrýar. Türkmeniň göz guwanjy, hazynaly Garagum çöli güneşli ýurdumyzyň 80 göterimini eýeleýär. Uç-gyraksyz sähra köp sanly oňurgaly haýwanlaryň, şeýle hem çöle mahsus ösümlikleriň gadymy mekanydyr. Çölüň mör-möjekli dünýäsi has-da baýdyr we täsindir. Merkezi Garagumda kebelekleriň, tomzaklaryň, garynjalaryň we beýleki mör-möjekleriň dürli görnüşlerine köp duşmak bolýar. Garagum çöli dünýäniň çölleriniň içinde ösümlik örtüginiň we haýwanat dünýäsiniň özboluşly tebigaty bilen meşhurdyr. Garagumuň tebigy gözellikleri daşary ýurtly jahankeşdelerde we tebigaty öwrenijilerde uly gyzyklanma döredýär.

Tebigat we biz

Keşt edeliň ülkämize “Giňdir dünýä, geňdir dünýä” diýen jümle bilen ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dünýädäki geň-taň zatlar barada köp ýazylýar. Ýöne, biziň ýurdumyzyň çäklerinde hem geň-enaýy zatlar az däl. Şolaryň käbiri hakynda okyjylara gürrüň beresim gelýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine hem-de howanyň temperaturasynyň gijelerine +19... +24 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar.

Dört is­leg

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Gyş pas­ly baş­la­nyp­dy. Mit­ýa he­zil edip buz­da ta­ýyp oý­nap ýör­di. Bir­de­nem yl­gap ge­lip ka­ka­sy­na:

Günden goranalyň!

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir.

Tebigat gözelligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Gadyrly okyjylar, žurnalymyzyň bu sanynda fotosuratçy Ilaman Çüriýewiň «Bathyz» döwlet goraghanasyndan düşüren ajaýyp suratlaryny size ýetirýäris. Suratlarda ata Watanymyzyň tebigy gözellikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi açylyp görkezilýär. Biz hem sizi zehinli fotosuratçynyň ajaýyp işlerini synlamaga çagyrýarys.

Tebigaty goramaga çagyrýan neşir

Gadyrly çagalar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän işler ertekini ýadyňa salýar. Sebäbi her bir baýramçylyga, şanly senä bagyşlanyp, zähmet üstünlikleri, belent ösüşler gazanylýar. 5-nji iýunda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giň gerimde bellenilip geçildi. Şol güne gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Mähriban çagalar, siz orta mekdepde «Tebigaty öwreniş», «Biologiýa» ýaly derslerde Gyzyl kitap hakynda kän eşidensiňiz, okansyňyz. Gyzyl kitap Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, baýlaşdyrmaga gönükdirilen neşirdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi. Bu ýyl bolsa olaryň üsti ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri elimize gelip gowuşdy.

Gözellik gorly «Gaplaňgyr»

Iolit daşy

Iolit gözelligi bilen özüne çekiji, maýyl ediji daş. Bu mineral gök bilen goýy benewşe reňklerde, käbir yşyklandyryş şertlerinde reňksiz, dury görnüşlerde bolýar. Iolit pleohroizm häsiýetli daşdyr. «Pleohroizm» grek sözi bolup, «dürli reňkli» diýen manyny berýär. Daş dürli reňklerde öwüsýänligi üçin, zergärçilik bezeglerinde uly islegden peýdalanýar. Bezeg işlerine-de iolit daşy ajaýyp öwüşgin goşýar. Bu daş ilkinji gezek 1813-nji ýylda fransuz mineralogisti Pýer Lui Antuana Kordýe tarapyndan öwrenilip, açylýar. Iolit daşyna Norwegiýada, Şri-Lankada, Hindistanda, şeýle-de Afrikanyň we Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde duş gelinýär. Taryhda wikingler ýagtylyk şöhlelerini polýarizirlemek ýaly özboluşly ukyba eýe bolanlygy sebäpli, iolit daşyny gämi gatnawlarynda nawigasiýa (kompos) guraly hökmünde ulanypdyrlar. Nawigator hökmünde Günüň ýagdaýyny kesgitläp, şoňa laýyklykda giň ummanda gäminiň ugruny sazlapdyrlar.

Gyzyl kitap: dördünji neşiriň aýratynlyklary

1985-nji ýylda neşir edilen Türkmenistan SSR-niň Gyzyl kitaby bir jiltden ybarat bolup, oňa oňurgaly haýwanlaryň 101, şol sanda balyklaryň 8, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 1, süýrenijileriň 30, guşlaryň 35 we süýdemdirijileriň 27 görnüşi girizilipdi. Bu neşire ýokary derejeli ösümlikleriň 52 görnüşi-de goşuldy, olaryň berk goraga mätäç bolan ýene 23 görnüşi goşmaça sanaw bilen girizildi. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, 1999-njy ýylda ýurdumyzyň Gyzyl kitabynyň gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen ikinji neşiri çap edildi. Ol iki jiltden ybarat bolup, birinjisi «Oňurgasyz we oňurgaly haýwanlar», ikinjisi «Ösümlikler» diýlip atlandyryldy. Neşiriň birinji jildine haýwanlaryň jemi 152 görnüşi girizilip, olaryň 45-si oňurgasyz, 107-si bolsa oňurgaly haýwanlara degişlidir.

TOMSUŇ TÄSIN GÖZELLIGI

Elbetde, türkmen tebigatynda gaýtalanmajak gözellik bar. Ol gözellik bolsa, hemişe göwünlere ylham, şadyýanlyk, ruhubelentlik paýlaýar. Eziz Watanymyzyň asuda säherlerini hiç bir zada çalşar ýaly däl. Olar şeýle bir jana şypaly, jana tenekar. Haçan-da al-asmanda göwünleri ýyladýan nurly Gün doganda älem-jahan ýagtylýar. Säheriň mymyjak şemaly assalyk hem näziklik bilen ýüzüňi ýelpäp geçýär. Guşlaryň şirin owazy sende ýakymly täsir galdyrýar. Säher bile sülmüreşip oýanýan güller dünýä gözellik çaýýar. Al-elwan gülleriň ysy burk urýar. Bütin barlyk ajaýyp keşbe girýär. Aslyýetinde her paslyň dünýämizde öz orny bar welin, arly tomsuň täsinligem başgaça... Howlymyzyň bagynda ýetişen erikdir almalar şahalarda özüni güjeňläp otyrlar. Şol ir-iýmişlere hyrydar kebelekler, balarylary gara başagaý bolup, agaçlaryň daşynda aýlanýar. Baglaryň düýbünden akyp geçýän suwly ýabyň boýunda oturyp, bu täsinligi lezzet bilen synlaýaryn. Tebigatyň täsinligini diýsene, hatar gurap agaçlara çykyp barýan garynjalar esgerleriň nyzamly ýörişini ýadyňa salýar. Ýap boýundaky gurbagalaryň «warryk-warryk» seslerine düşünmesem hem, olaryň bir zada şatlanýandyklaryny aňlamak kyn däl.

SEÝILBAGLARYŇ ŞÄHERI

Günorta-günbatarynda gojaman Köpetdag, demirgazyk-gündogarynda bolsa Garagum derýasy ýerleşen Aşgabat şäheriniň örän amatly tebigy şertleriniň, hoştap howasynyň, hasylly topragynyň bolmagy mermer şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmäge mümkinçilik döredýär. Paýtagt şäherimizde köp ýyl ýaşan taryhy baglaryň bolmagy onuň ekologiýa taýdan amatly ýerleşýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şäherimiziň taryhy ýerlerinde 100 ýaşdan geçen baglaryň ençemesi hasaba alnandyr. Köp ýyl ýaşan baglaryň arasynda çynar agajyny, tut agajyny, glediçiýany, ýapon saforasyny, dagdan we arça agaçlaryny görkezmek bolar. Ýüz ýyl ýaşan baglar botaniki ýadygärlikleriň  sanawynda durýar.

Gum ýylagy

Güneşli ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi bar. Sähra ýerlerinde ösýän ösümlikler hem özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzda bitýän täsin ösümlikleriň biri-de gum ýylagydyr. Gum ýylagy topalaklar maşgalasyna degişli bolan efemer, ýagny ösüş döwri gysga bolan ösümlikdir. Ýaşaýyş şekili boýunça porrukly köpýyllyk ösümlikleriň hataryna girýär. Gum ýylagynyň köp şahajykly ýaýraň kök ulgamy bolup, esasy köki gögereninden 2-3 aý geçensoň guraýar. Onuň dik ösýän silindr şekilli inçe baldaklary bolup, 7 santimetrden 30 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Ösümligiň açyk ýaşyl reňkli gynýapraklary bardyr. Gum ýylagynyň gyralary ýiti digirlenen çalymtyl öwüsýän ýaşyl reňkli göni ýapraklary bolup, olaryň ölçegleri ösüş döwürlerine baglylykda üýtgeýär. Gülleýän döwründe ýapraklary uzyn bolup, güllän wagty örän owadan görnüşe gelýär. Miwelände ýapraklarynyň uzynlygy baldaklarynyňkydan tas iki esse dagy gysgalýar. Bu ösümligiň gül degresi bolmaýar. Bir sünbülde 3-den 6-a çenli erkek jynsly gülleri dykyz birleşendir. Bu güller ýumurtga şekiline eýe bolup, ölçegleri 1,5-2,5 santimetr aralygynda bolup bilýär. Gum ýylagy mart aýynda gülläp, maý aýynda miwe getirýär hem-de çägesöw toprakda gowy ösýär. Şeýle-de g