ELEKTRON SPORT: ÝÖNEKEÝ GÜÝMENJEDEN HAKYKY HÜNÄRE ÇENLI
Häzirki zaman jemgyýetini kompýuter tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, garaz ähli pudaklarda kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Göräýmäge, sport janlylygy, ýaryşyjylygy bilen tapawutlanýanlygy üçin kompýuter tehnologiýasyna zerurlyk ýüze çykmajak ýaly, ýöne tersine, türgeniň sportda kämilleşmegi üçin onuň ähmiýeti uly. Meselem, futbolda we basketbolda ulanylýan kompýuterleşdirilen täze enjamlar bellenilen aralyga, bellenilen tizlikde topy zyňmagy ýa-da sportuň käbir görnüşlerinde türgenleşik zallarynyň köpüsiniň sport inwentary hökmünde ulanylmagy, köpüsinde türgen, ýagny garşydaş hökmünde kabul edip, bäsleşip bolýanlygy türgenleşikleriň hiline täsir edip, netijeliligi artdyrýar. Şeýlelikde, maglumatlar we internet eýýamynda kompýuter tehnologiýalarynyň peýdalanylşynyň ýaýbaňlanmagy netijesinde sportuň täze görnüşiniň emele gelmegine täsir etdi. Kompýuter sporty ýa-da elektron sport (e-sport) diýlip atlandyrylýan kibersportuň taryhy 1997-nji ýyldan – KSL-niň (kompýuter sport ligasynyň) döredilen wagtyndan başlanýar diýlip hasaplanylsa-da, kompýuter oýunlaryny oýnamak boýunça ilkinji köpçülikleýin ýaryş geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Stenford uniweristetinde 25 oýunçynyň gatnaşmagynda Spacewar oýnuny oýna