Ylym-bilim bilen belentliklere
Haýsy ýurtda ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi barada irginsiz aladalar edilýän bolsa, diýmek, şol ýurduň ertirki güni has-da bagtyýardyr, eşretlidir. Sözüň güýjüne ser salyp otursaň, «ylym», «bilim», «okamak», «öwrenmek»... sözleriniň ählisinde-de aýdyňlyk, giňlik, çäksizlik bar. Diýmek, binýady halallyga, lebiz päklige eýlenen halkymyzyň şu güni we geljegi berkarardyr, aýdyňdyr, ýagtydyr. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm pikir-garaýyşlar beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geljekde uly wezipeleriň öňümizde durýandygyny nygtap, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky aýdanlary has-da buýsandyryjy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gy