"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Aşgabat sammiti — hyzmatdaşlyk meýdançasy

Häzirki döwürde döwletiň ykdysady ösüşiniň esasyny düzýän döwletara gatnaşyklar we onuň çygrynda dürli ugurlar boýunça ilerledilýän hyzmatdaşlyklar ýurduň häzirki hem-de geljekki ösüşlerini kesgitleýär. Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň, aýratyn-da, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda geljegi uly ugurlary nazarda tutup ösdürilmegi ýurtlaryň sebitde eýeleýän ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilen üçtaraplaýyn sammit hem öz gezeginde suw üpjünçiligi we ondan peýdalanmak, ulag, energetika ýaly özara möhüm ugurlarda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň nobatdaky ädimi boldy. Bu sammitiň ähmiýeti barada häzirki günlerde hem halkara bilermenler we tejribeli hünärmenler iri internet neşirlerinde, abraýly gazet-žurnallarda öz pikirlerini paýlaşýarlar. Biz gazetimiziň şu sanynda halkara bilermenleriň birnäçesiniň Aşgabat sammiti baradaky pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Fernando MORAGON, Ispaniýanyň “Diario Arbat” internet neşiriniň direktory, Özbek-ispan gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça assosiasiýanyň ý

Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

4-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan tagallalary birleşdirmäge çagyrýar

Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmanlary myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we şu saparyň dowamynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan, öz döwletleriniň adyndan Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, üç döwletiň halklarynyň dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy, taryhynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň, ösüşiniň ýakynlygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga çalyşmakdan ugur alyp,

Gazagystan Türkmenistandan Owganystana üstaşyr daşamalarda arzanladyş boýunça ylalaşyk gazandy

Gazagystan ýükleriň Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana üstaşyr daşalmagy boýunça 30 göterim arzanladyş barada ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýewiň Astanada habarçylar bilen ýetip gelýän gazak-owgan işewürlik forumyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “Kazinform” agentligi duşenbe güni habar berdi. Şeýle hem Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Gazagystanyň un we galla önümlerini Owganystana ibermek meselesinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi.

Ätiýaçlandyryş işiniň gadamlary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Guramanyň esasy wezipesi döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridik şahslary emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Karary esasynda, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, şeýle hem şol ýylyň awgustynda «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi ulgamy ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Kanun ýerli düzüm bilen bir hatarda ýurduň çäginde iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalaryny, fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuk bilen üpjün edýär. Bulardan başga-da, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykarylan Karar esasynda täzeden işlenilip kämilleş

Ösüşiň belent nusgasy

Sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Türkmenistanyň sebit we halkara derejeli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär we dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Onuň şeýledigini gözel paýtagtymyzda 4-nji awgustda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitiniň netijeleri hem doly tassyklaýar. Üçtaraplaýyn esasda ilkinji gezek geçirilen Aşgabat sammiti döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak maksadyna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bagly wezipeleriň anyk çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmakda we olar boýunça takyk netijelere gelmekde uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyz sebit döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýaly umumy bähbitleri öz içine alýan ýörelgeleri mynasyp durmuşa geçirýär. Bu döwletleriň arasynda strategik ösüşiň işjeňleşmegine we halklaryň abadançylygynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler hem şu pikir-garaýyşlaryň doly derejedäki subutnamasyna öwrüldi. Samm

Jebislik. ylalaşyklylyk. özara goldaw

Geçen anna güni — 4-nji awgustda paýtagtymyz Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşindäki ilkinji gezek geçirilen bu sammit sebit hyzmatdaşlygynyň täze ugry hökmünde ýurtlarymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Sebit gatnaşyklaryna möhüm itergi

Gojaman Hazar — tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgady

Taryhda 70-den gowrak ady göteren Hazar deňzine türkmenlerde «gojaman Hazar» diýilmegi ýöne ýerden däl. Ençeme müňýyllyklardan bäri bu deňzi ata-babalarymyz dürli hili atlandyrypdyrlar. Ýazuw çeşmelerinde onuň Girkan, Gürgen, Kaspi, Hwalis, Oguz, Tetis, Astrahan, Mazenderan, Tabarystan ýaly birnäçe atlar bilen atlandyrylandygy barada maglumatlar berilýär. Ol bu deňziň kenarlarynda ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň atlary boýunça ýa-da olaryň eýelän ýerleri boýunça atlandyrylypdyr. Biziň häzirki döwrümizde onuň has giňişleýin ýaýran iki sany adynyň biri «Kaspi» bolup, ol 1 müň ýyl ozal günortada ýaşan kaspi taýpalaryndan gelip çykýar. Beýlekisi – «Hazar» bolsa VII asyrda Kaspiniň we Kawkazyň ýanynda, häzirki wagtdaky günorta Russiýanyň çäklerinde mesgen tutan türki dilli halk bolan hazardan gelip çykýar. Hazar deňzi Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, dünýäde iň uly deňiz derejeli köldür. Onuň häzirki hanasy soňky on million ýyllygyň dowamynda emele gelipdir. Ol bir wagtlar, takmynan, 70 million ýyl mundan ozal dünýä ummany bolan Sarmat deňzi eken. Wagtyň geçmegi bilen Sarmat deňzi ikä bölünýär. Olaryň birisi Gara deňiz bolup, Ýer şarynyň Günbataryna süýşýär, beýlekisi Hazar bolup, biziň häzirki ýaşaýan çägimize ornaşýar. Hä

Sebit hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary milli medeniýetiň döwletli ýörelgeleriniň biridir. Baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalary halkymyzyň asyrlarboýy ýöredip gelýän şol milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hem baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasatyny alyp barýar, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär. 4-nji awgustda paýtagtymyzdaky kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammit gadymy dost-doganlyk, gadyrly goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändiginiň özboluşly görkezijisine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit şeýle görnüşd

Üçtaraplaýyn sammit: deňhukukly we deňagramly bähbitler

Soňky ýyllarda türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Üç doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erk-islegi jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine aýratyn ýardam berýär. Halkara we sebitara meselelerde taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşligi, ýakynlygy Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň köptaraplaýyn syýasy meýdançalarda ysnyşykly çykyş edip, sebit we ählumumy derejede oňyn tagallalary öňe sürmegine saldamly goşant goşýar. 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka bolmak bilen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň depginine täze itergi berjekdigi gümansyz. Muňa sammitiň netijesi boýunça kabul edilen 17 bentden ybarat Bilelikdäki Beýannama dolulygy bilen şaýatlyk edýär. Resminama üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny özünde jemlemek bilen, mazmuny boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüş meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklaryň jana-jan bähbitlerine, mi

Bilelikdäki ösüşiň geljegi

Şawkat ALIMBEKOW,Merkezi Aziýa halkara institutynyň uly ylmy işgäri: — 4-nji awgustda Aşgabat şäherinde Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň sammiti geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda, senagat, energetika, oba we suw hojalygy ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary işjeň giňeltmek barada ylalaşdylar. Şunda ulag ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, konteýner daşamalarynyň möçberini we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýükleri daşamak hem-de saklamak üçin bilelikdäki terminallary döretmäge aýratyn üns berildi.

Taryhy waka media giňişliginde

central-asia.news habar-seljerme portaly Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, Aşgabat sammitinde syýasy, söwda-ykdysady, energetika, suw-ekologiýa, ulag we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär. Saýtda täjik Lideriniň: «Täjigistan öz gidroenergetiki serişdelerini nazara alyp, «ýaşyl» energetikanyň önümçiligini ösdürmegi göz öňünde tutýar we bu ugurda sebitiň döwletleri bilen geljekde-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr» diýen sözleri getirilýär. Özbegistanyň Prezidentiniň resmi internet saýty «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» formatynda ilkinji gezek geçirilen üçtaraplaýyn sammit bilen bagly habardyr maglumatlary yzygiderli köpçülige ýetirdi. Habarlaryň birinde duşuşykda sebitiň ýurtlarynyň açyk, agzybir we jebis syýasatynyň anyk netijeleri gazanmaga ýardam berendiginiň nygtalandygyna üns çekilýär. Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi. Özbek Lideri energetika pudagynda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek we üstaşyr geçirmek boýunça hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýratyn nygtady.

Hazar — hoşniýetli goňşuçylygyň özboluşly sebiti

Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň — Tähran Konwensiýasynyň güýje giren gününde Hazarýaka döwletlerinde — Türkmenistanda, Russiýada, Gazagystanda, Eýranda we Azerbaýjanda Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu güne bagyşlanyp, tutuş Hazar sebitinde, şol sanda ýurdumyzda, 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahat we dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Gojaman Hazaryň kenarlarynda ýaşan halklar taryhyň ähli döwürlerinde adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşup gelipdirler. Bu gün dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde şöhratlanýan Hazaryň jümmüşinde jemlenen tebigy baýlyklaryň ummasyz gorlary kenarýaka döwletlere uly ykdysady mümkinçilikleri hödürleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde sebit we bütindünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Dostluk. Düşünişmek. Hoşniýetli goňşuçylyk

4-nji awgustda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurdumyza geldi. Dostlukly ýurtlaryň Liderlerini ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARY BERKIDILÝÄR

Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan: Aşgabat sammitinde ulag ulgamyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Üçtaraplaýyn sammitde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň eýeleýän möhüm orny, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzüminiň döredilmegi bu babatda ähmiýetlidigi bellendi.

Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk

uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris — diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn duşuşykda nygtady Türkmenistan! Täjigistan! Özbegistan! Bu üç ýurdy biri-biri bilen çäkleşip gidýän giňişlikden başga-da, kän zatlar baglanyşdyrýar: Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugurlary, jennetden gözbaşly ýedi derýanyň biri hasaplanýan Amyderýa, söwda-ykdysady, senagat mümkinçilikleriniň derýa berimsiz möwçli akymy, häzirki zaman syýasatyndaky bir-bitewi ýa-da ýakyn çemeleşmeler...

Aşgabat sammitiniň netijeleri

ösüşiň umumy bähbitlerini nazarlaýar 4-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy mundan beýläk-de ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegiň, üç döwletiň, umuman, tutuş sebitiň öňünde duran derwaýys meseleleriň kabul ederlikli çözgüdini tapmak boýunça netijeli dialogy dowam etdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde guralan metbugat maslahatynda bolsa üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sammitiň netijelerini beýan etdiler.

Ýokary ösüş we netijeli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň barha döwrebap kämilleşýändiginden hem görmek bolýar. Şol üstünliklere mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Söwda toplumynyň düzümindäki Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzda lomaý söwdany ösdürmek baradaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, şeýle hem daşary ýurt döwletleri bilen daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň esaslandyrylanyna 1-nji awgustda 29 ýyl boldy. Ol lomaý haryt bazaryny emele getirmek üçin ygtybarly şertleri dörediji gurama bolup hyzmat edýär. Birža işini mundan beýläk-de ösdürmek we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, olaryň içerki we daşarky alyjylaryny, durnukly bazarlaryny tapmak, esasan-da, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna we tejribesine daýanýar. Toplumda şeýle gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady meseleler boýunça maslahatlaryň, bilermenleriň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi aýratyn n

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 40 sanysy hasaba alyndy. Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden, Hytaýdan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, awtobenzini, dizel ýangyjyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 87 million 808 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.