"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy dünýä giňişliginde özara gatnaşyklaryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edildi. Eziz Watanymyz durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleri durmuşa geçirýär, dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ine, 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürmegi hem munuň aýdyň görkezijileriniň biri boldy.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiziň 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Azyk meselesini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyna doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň möhüm ugry bolup durýar. Döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirligiň, tutanýerliligiň, aýgytlylygyň zerurdygyny bellemek bilen, islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeleriň möhümdigine ünsi çeken hormatly Prezidentimiz bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady. Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Aşgabatda geçirmek üçin şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýardygy hem mälim edildi.

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar syýasatyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzyň ösmegi ugrundaky durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň rowaçlandyrylmagyna, döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär. Bu günki günde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine, öz başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine ähli şertler bar. Şonuň üçin hem ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar, röwşen geljege ynamly barýarlar.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm ädim

Halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 28 – 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli köptaraplaýyn çäräniň guralmagy Ýewropanyň bu döwletiniň halkara giňişliginde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän ilkinji Kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş güni dowam edýär.   Maslahata gatnaşan dünýäniň onlarça döwletiniň 130 kompaniýasynyň 250-den gowrak ygtyýarlandyrylan wekilleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen taslamalaryň aragatnaşyk pudagyna ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Kiberhowpsuzlyk boýunça  «CSS 2023» atly halkara maslahaty geçirilýär

Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş gününe dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýeti gatnaşdylar. Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynda sebit boýunça maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygyny üpjün etmek, döwrebap sanly çözgütleri işläp düzmek, bu ugurda tejribe alyşmak we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek baradaky halkara derejeli meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistanda halkara ýaşlar forumy geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi Arkadag şäheri, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» we tor çözgütleriniň öňdebaryjy ýapon üpjünçisi hyzmatdaşlyga gönükdirilendir

Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti.» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly organ bolup, Ýaponiýanyň NEC (Nippon Electric Corporation) bolsa, dünýädäki elektron, kompýuter tehnikalaryny we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän iň uly kompaniýalaryň biridir.

«Turkmendenizderyayollary» agentliginde Yslam Ösüş Bankynyň wekilleriniň we Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Golaýda «Turkmendenizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda halkara ýaşlar forumy geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi Arkadag şäheri, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.

Türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary syýasy hem işewürlik ugurly wakalara baýlygy bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde german işewürleri bilen geçirilen köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy, saparyň çäginde guralan Türkmen-german işewürlik maslahatydyr ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren iş duşuşyklary özara bähbitli ykdysady hem işewürlik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, onuň geljekki mümkinçiliklerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga amatly şertleri döretdi. Biz saparyň dowamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň türkmen bazarynda iş alyp barmak babatdaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Türkmen-german hyzmatdaşlygy: aýdyň maksatlar, anyk teklipler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki ýurduň dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Umumadamzat ähmiýetli tagallalar

Dünýäniň kalbyna uzaýan ýollar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Gündogarda «Dostluk görüşmekden başlanýar» diýen meşhur aýtgy bar. Beýik türkmen akyldary Mahmyt Zamahşary bolsa: «Dünýä ýoldan, ýol ädimden, ädim ýagşy niýetden gözbaş alýar» diýip tekrarlaýar. Ýagşy niýetler bilen dünýä ýüzüne dost-doganlyk ýoluny çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 28-29-njy sentýabrda Ýewropa yklymynyň ýüreginde — Merkezi Ýewropada ýerleşýän Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary dostluk we ynanyşmak ýörelgeleriniň türkmen nusgasyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy. DIALOG BIRLEŞDIRÝÄR

Halkara bäsleşigiň ýeňijisi

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan medeni gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Medeniýet we sungat işgärleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Riştan şäherinde küýzegärçilik senediniň halkara forumy, Kokant şäherinde bolsa amaly-haşam sungatynyň I halkara festiwaly geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, «Hünärment» birleşigi we Fergana şäheriniň häkimligi bilen bilelikde guralan çäre 30-dan gowrak ýurtdan gelen 60-a golaý senetçini hem-de halk sungatynyň ussatlaryny, hünärmenleri, alymlary we ýerli senetçileri bir ýere jemledi. Çärä ýurdumyzdan amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň 7-si gatnaşdy. Halkara forumyň çäklerinde «tegelek stoluň başyndaky» söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar, pikir alyşmalar, hünär mekdepleriniň işleriniň tanyşdyrylyşy, gelin-gyzlaryň we çagalaryň toý lybaslarynyň täze nysaklarynyň görkezilişi, el işleriniň sergisi, halk aýdymlarynyň konsertleri we bäsleşikler geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy. «Biz Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrýarys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanda “Aurus” kysymly ulaglar ulanylyp bilner

Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanda “Aurus” kysymly awtoulaglaryň peýda bolup biljekdigini mälim etdi. “Bu ýerde biziň awtoulag kompaniýalarymyz tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar ulgamy örän möhümdir. “Aurus” we beýleki modelli awtoulaglaryň bu ýerde peýda bolup biljegi ikuçsuzdyr” diýip, Rustam Minnihanow nygtady.

“Türkmenpoçta” ýük ugratmak hyzmatynyň gerimini giňeldýär

Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar. Ýüki demir ýol menziline özüň baryp ýa-da ýüki alyp gitmäge çapar çagyryp hem iberip bolýar. Ýüküň ugradylýan ýerinde poçta kärhananyň işgärleri islendik görnüşli, hala gurluşyk serişdeleri, mebel, iri hojalyk tehnikasy ýa başga ýükler bolsun, ýüklemek we düşürmek işinde ýardam bererler.

Berlin duşuşygy: köpugurly hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyryp

Germaniýanyň paýtagtyna «Köprüleriň şäheri» hem diýýärler. Baý tebigaty, dury suwly kölleri, gat-gat ýollary bolan, gatnawy-gyzgalaňy ýetik şäherde köprüleriň sanardan känligindendir bu, elbetde... 28-29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna sapardaş bolmak miýesser edip, Berlin şäherinde gatnaşan, gözli şaýat bolan wakalarymyz bolsa Aziýanyň ýüreginden Ýewropanyň ýüregine uzaýan oňyn hyzmatdaşlyk köprüleriniň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde ýadymyzda hemişelik galdy. Saparyň hem sebitara derejede, hem ikitaraplaýyn görnüşde duşuşyklara baý bolandygyny, anyk çözgütdir netijelerden, pikir alyşmalardan «ýüküni tutandygyny» turuwbaşdan nygtamalydyrys.

Berliniň binagärlik keşbi

TÄSINLIKLERE BAÝ PAÝTAGT Germaniýanyň paýtagty Berlin orta asyr we häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp eserleriniň sazlaşygyny özünde jemleýän arassa hem-de owadan şäherdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde milli wekiliýetimiziň düzüminde Ýewropanyň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwletiniň baş şäheri bilen ýakyndan tanyşmak bize-de miýesser etdi. Alys ýurda sapar-syýahatdan galan täsirleri paýlaşmak jahankeşdeleriň asylly däbi bolansoň, bizem nemes paýtagty baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-yň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler.