Türkmen-awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlarynda
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10 — 12-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýada iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Awstriýanyň onlarça kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda «tegelek stol» görnüşinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine, şol sanda oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, maşyn gurluşygy, sanlylaşdyrma we maglumat tehnologiýasy ýaly ugurlara garaldy. Şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we täze taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine ýokary baha berýän taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar.