"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Polat ýollaryň taryhyndan

Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly ulag üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Ýurdumyz dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary hem-de merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär. Geliň, şu ýerde ýurdumyzda gurlan ilkinji demir ýol barada söhbet edeliň! Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan demir ýol häzirki Türkmenbaşy şäherinden başlanyp, Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryny kesip geçýär. Häzirki döwürde bu demir ýoluň günbatar tarapdaky başlanýan ýeri Türkmenbaşy şäheri bolup durýar. Emma XIX asyryň ahyrynda, ýagny demir ýoluň gurluşygy başlananda onuň ilkinji relsleri Türkmenbaşy şäherinden 190 kilometrden gowrak günorta-gündogarda, häzir gurap giden Mihaýlowsk aýlagynyň gündogar kenaryndaky adybir berkitmeden başlanýar.

Maksat — Aşgabady döredijilik şäherine öwürmek

30-njy aprelde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça düzülen işçi toparyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa topara agza hökmünde saýlanan ugurdaş döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, degişli hödürnamany taýýarlamagyň esasy meseleleri we bu ugurda öňde durýan wezipeler bilen bagly çykyşlar diňlenildi. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 23-nji aprelde geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak üçin meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň 29-njy apreldäki sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Işçi toparyň ilkinji mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa şular barada aýdyp, ýurdumyzyň BMG

Türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

26-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler.

Zenanlaryň dialogy — möhüm halkara çäre

Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde maý aýynda meýilleşdirilen baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň tertibine garalyp, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns çekildi. «Taryhy ähmiýetli wakalara hem-de şanly senelere bagyşlanan çäreleriň hemmesi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, şolarda döwletimiziň umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine eýerýän parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Bellenilen möhüm çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy hem bar. Ony 12-13-nji maýda paýtagtymyzda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Üçünji Suw sammitinde kabul edilip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen Ýapon Jarnamasynyň tekliplerini durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de suw serişdeleri bilen baglanyşykly dürli meseleler forumyň gün tertibine girizildi. Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde sammitiň guramaçylary hem-de ony kabul edýän ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Soňra ýokary wezipeli myhmanlaryň çykyşlaryna orun berildi.

Dost-doganlygyň, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mekany

Bitaraplyk syýasatyna pugta eýerýän Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň dabaralanýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyz özüniň daşary syýasatynda parahatçylygy saklamak we howpsuzlygy berkitmek, sebitleriň, ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini hem-de durmuş-ykdysady taýdan abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar. Halkara jemgyýetçilik, aýratyn hem, abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebit parahatçylygy, halklaryň abadançylygy we ösüşi ugrunda durmuşa geçirýän anyk çärelerini giňden goldaýar. Şeýlelikde, döwletimiz parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanan daşary syýasatyny amala aşyrmak bilen, milli we tutuş adamzat bähbitlerini goramak maksadyndan ugur alyp, global howpsuzlygyň bitewi ulgamyny üpjün etmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär.

Dünýä nusgalyk senet

Gözel Watanymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Her ýylymyz guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen başlandy. Dünýä ýüzündäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak, halkymyzyň abadan durmuşyny, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny has hem işjeň ösdürmek dowam etdirilýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde halkymyzyň gadymy medeniýetini, şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmek, olary ösüp gelýän ýaş nesillerimize öwretmek, milli gymmatlyklarymyzy, ruhy mirasymyzy giňden wagyz etmek we dabarasyny dünýä ýaýratmak babatynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň netijesinde türkmen medeniýetiniň şan-şöhraty dünýä ýüzünde gitdigiçe dabaralanýar. Elbetde, türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň dünýä ýüzündäki ornuny çuňlaşdyrmakda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ylym we medeniýet meseleleri barada ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşmeginiň ähmiýeti uludyr. Geçen ýylyň, ýagny «

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýene bir gezek doganlyk Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.

Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Iki atdaşyň hyzmatdaşlygynyň miwesi  Biziň söhbedimiz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 45 goşgusyny özünde jemleýän şygyrlar ýygyndysyny 1912-nji ýylda Russiýanyň Astrahan şäherinde bir müň nusgada arap elipbiýinde neşir edip, halk köpçüligine hödürlän atdaşlar türkmen Abdyrahman Nyýazow (Nyýazy) bilen nogaý tatarlarynyň (garagaş nogaýlaryň) wekili Abdyrahman Umerow hakynda bolar. Dogry, türkmen kitabynyň çap ediliş taryhyndan görnükli hünärmen, taryh ylymlarynyň doktory, Almaz Ýazberdiýewiň ilkinji türkmen neşirçileriniň biri Abdyrahman Nyýazy hakynda deslapky maglumatlary toplap, çap edendigine garamazdan, bu şahs hakynda belli edilenler soňky wagtlara çenli onuň özüniň agzalan kitapda ýazanlaryndan känbir aňryk geçmeýärdi.

Türkmen-tatar gatnaşyklary: işjeňlik, netijelilik, oňyn tejribe

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Russiýa, onuň iri sebitleri we senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan özara ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygy hem tassyklaýar. Russiýanyň bu sebiti bilen Türkmenistany öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Suw diplomatiýasy: daşary syýasatymyzyň möhüm ugry

23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi «Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil» diýen ugra bagyşlanyp, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryňdyr sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemledi. Üçünji Suw sammitinde kabul edilip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen Ýapon Jarnamasynyň tekliplerini durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de suw serişdeleri bilen baglanyşykly dürli meseleler forumyň gün tertibine girizildi.

Däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

24-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň kemala gelmeginde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Arkadagymyz maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň ähmiýetini nygtady. Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär.

Milli toparyň nobatdaky mejlisi

23-nji aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi. ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak şu ýylyň meýilnamasynda ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda görkezildi.

Parahatçylyk agajy

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022  Zeýtun agajy gadym döwürlerden bäri bellidir. Alymlar zeýtun miwesiniň mundan 6000 ýyl öň hem peýdalanylandygynyň subutnamasyny gözleg işleriniň barşynda anykladylar. Zeýtun agajynyň şahasy  parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylýar. Çünki zeýtun şahajykly kepderi gadymy rowaýatlarda hem duş gelýär. Zeýtunyň we ondan ýag almak üçin niýetlenen enjamyň şekillendirilen suraty Gadymy Müsür medeniýetine mahsusdyr. Taryhçy Feowrast bolsa zeýtunyň Fiwde, Liwiýanyň çöllüklerinde ösýändigini ýazypdyr. Gadymy Ýunan eposlarynda-da zeýtun baradaky rowaýatlar köp duş gelýär. Gomeriň «Odisseýinde» nar, armyt, injir bilen birlikde zeýtun köp ýatlanylýar. Solonyň kanunlarynda zeýtun agajyny köpeltmek baradaky talaplaryň ýerleşdirilendigi oňa bolan garaýşyň gowulygyndan habar berýär.  

Hormatly Prezidentimiz dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşdy

Aşgabat, 23-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil” diýen ugra bagyşlanyp, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryňdyr sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemledi.

«Apol­lon» Mas­kyň «Twit­ter»-i sa­tyn al­mak tek­li­bi­ni gol­dap bi­ler

«The Wall Street Jour­nal»-yň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, akyl-teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny sa­tyn al­mak bo­ýun­ça «Apol­lon Glo­bal Ma­na­ge­ment» kom­pa­ni­ýa­sy meş­hur­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa ma­ýa go­ýu­jy fir­ma­sy «Twit­ter»-i sa­tyn al­mak üçin bäs­le­şi­ge ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni ýer­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýa­kyn­da «Apol­lon» «Twit­ter»-i sa­tyn al­mak bo­ýun­ça ge­le­şi­gi gol­da­mak mak­sa­dy bi­len, gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Tek­li­bi gol­da­mak üçin Ilon Mas­ka we beý­le­ki gat­na­şy­ja paý­na­ma ýa-da karz ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni ber­mek­çi­di­gi bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat üçin, öň Ilon Mas­kyň «Twit­ter»-i ABŞ-nyň 43 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­mak­çy bol­ýan­dy­gy ha­kyn­da ha­bar ber­lip­di.

«SpaceX» uçu­şlar üçin il­kin­ji Wi­-Fi şert­na­ma­syny baglaşdy

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy «Star­link» hem­ra ul­ga­my ar­ka­ly, ho­wa gat­na­wyn­da­ky uçuş­lar­da Wi-­fi in­ter­net hyz­ma­ty­ny üp­jün et­mek üçin «JSX» awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma­ bag­laş­dy. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, «SpaceX» 100 uça­ry «Star­link» ter­mi­nal­la­ry bi­len en­jam­laş­dyr­ar. «Star­link» en­ja­my or­naş­dy­ry­lan il­kin­ji uçar şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li uçu­ry­lar. Mag­lu­mat üçin, «SpaceX» 2019-njy ýyl­dan bä­ri Ýer or­bi­ta­sy­na 2000-e go­laý «Star­link» hem­ra­sy­ny uçu­ryp­dy.

Işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netijesi

23-nji aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi. ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak bilen bagly mesele boýunça çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň bu halkara resminamany tassyklamak baradaky degişli Karary kabul etmeginiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama 20 ýyl

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň şu ýylda 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistany hem-de Russiýa Federasiýasyny dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly sene mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine iberen hatynda belleýşi ýaly, geçen döwür Şertnamanyň diňe bir biziň halklarymyzyň dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň taryhy däplerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin hem pugta hukuk binýady döredýändigini aýdyň görkezýär. Türkmen döwletiniň Baştutany Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi. ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak şu ýylyň meýilnamasynda ilkinji nobatdaky meseleleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň bu halkara resminamany tassyklamak baradaky degişli Karary kabul etmeginiň ähmiýetini bellediler. Munuň özi ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň K