"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Kazan duşuşygy: bilelikdäki tagallalar — geljegiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyndan soňky oýlanmalar Döwür, durmuş, dünýä hemişe özgerişde. Adamlaryň, uly hasapda adamzadyň ykbaly-da öz ugruny-utgasyny şol özgerişlere dogry-dürs gurap, sazlap bilşine görä hasyl bolýar. Häzirki döwrüň ýönekeý bolmadyk şertleridir öňe çykarýan talaplary bolsa halkara giňişlikde täze wezipeleri öňde goýýar, ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikdäki tagallalaryňdyr jebis hereketleriň zerurlygyny has-da artdyrýar...

Dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň nyşany

Kazan şäherinde iş saparynda bolmagynyň çäklerinde 24-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, şol hyzmatdaşlyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik we bilelikdäki işiň ägirt uly oňyn tejribesi esasynda guralýar. Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler türkmen-tatar dialogynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berildi.

OGT-2024: Türkmenistan tebigy gazyň geljegi we maýa goýum mümkinçilikleri barada maslahatlaşýar

24-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” atly 29-njy Halkara ylmy maslahatynyň we sergisiniň işiniň ikinji güni dowam edýär. Çäräniň çäklerinde iki sany bölümçe çekişmeleri geçirilip, onda täze eksport ugurlaryna we türkmen tebigy gazyň mümkinçiligine aýratyn üns berildi. “Türkmengaz” DK-niň Başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew eksportyň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da ösdürip biljekdigini belledi. Maslahatlaşmalaryň mowzuklary gaz pudagynyň ýüzbe-ýüz durýan eksport bazarlarynyň we çagyryşlarynyň häzirki ösüş ýagdaýyndan ybarat boldy. Ikinji bölümçe tebigy gazyň energetika geçişiniň esasy elementi hökmünde girdejiligine bagyşlandy. Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow gaz pudagyna maýa goýumlary çekmek strategiýasy we nol derejeli zyňyndylara ýetmekde tebigy gazyň orny barada belledi. Maslahatlaşma gatnaşyjylar infrastrukturanyň ösüş mümkinçiliklerini we metan zyňyndylaryny azaltmak üçin häziri zaman tehnologiýalaryň ulanylmagynyň zerurlygy barada maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Kazan, 24-nji oktýabr (TDH). Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.

Ynanyşmak, hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda deňhukukly hyzmatdaşlygy ilerledip

Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy Kazan — Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Kazan, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Üns merkezinde — dünýäniň energetika bazaryndaky täze meýiller

23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Üns merkezinde — dünýäniň energetika bazaryndaky täze meýiller

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady Aşgabat — Kazan, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Üns merkezinde — dünýäniň energetika bazaryndaky täze meýiller

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.

Milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagynyň mümkinçilikleri

nobatdaky Aşgabat forumynda giňden şöhlelenýär Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dünýäniň nebitgaz pudagynda iş alyp barýan iri düzümleriniň ünsüni özüne çeken möhüm çäre — «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi ýokary guramaçylykda öz işine başlady. Indi 29-njy gezek geçirilýän bu forum milli we halkara kompaniýalaryň 200-siniň wekillerine nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesidir geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Nobatdaky maslahat bilen ugurdaşlykda guralan sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar forumyň wekilçilikli derejesine, giň gerimine hem-de işjeň häsiýetine ýokary baha berýärler.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen

Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek bilen, halkara geosyýasy giňişlikde öz abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ýokary derejedäki forumlaryna gatnaşmaklary halkara hyzmatdaşlygyň has netijeli we döwrüň talabyna laýyk gelýän görnüşini kemala getirmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Golaýda paýtagtymyzda birnäçe döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi hem Magtymguly Pyragynyň öňe süren hoşniýetli garaýyşlarynyň, belent ynsanperwer ideýalarynyň adamzat üçin ilkinji derejeli gymmatlyk bolup galýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Mälim bolşy ýaly, 10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy açyldy. Ol halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeken möhüm wakalaryň biri boldy. Oňa gatnaşmak üçin 26-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrdy. 27-nji sentýabrda bolsa ýurdumyz sessiýada ählumumy howpsuzlyk meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan

Döredijilik ylhamynyň çeşmesi

Golaýda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli guraldy.

Türkmenistan bilen Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlary azaltmagy maslahatlaşdylar

Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşigi (UND) bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde, Türkmenistan we Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlaryny azaltmagy maslahatlaşdylar.  Ulag düzüminiň “Lojiyol” habarlar portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu meselä Halkara ýolçular federasiýasynyň (IRF) 15 – 18-nji oktýabrda Türkiýede geçen Bütindünýä kongresiniň çäklerinde  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşiginiň (UND) wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň dowamynda garaldy. 

GDA agza ýurtlaryň weterinariýa boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisi

Düýn paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň weterinariýa boýunça Hökümetara geňeşiniň nobatdaky, 46-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda bu ugurda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ser salnyp, ýakyn geljekde bilelikde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň weterinariýa boýunça Hökümetara geňeşiniň agzalary, Türkmenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň oba hojalyk, maldarçylyk we weterinariýa boýunça ugurdaş edaralarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Syýahatçylyk: mümkinçilikleri öwrenip, täze gözýetimlere

Düýn Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk babatynda özüne çekijiligi» atly bilelikdäki syýahatçylyk hem-de amaly-haşam sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleridir beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Biz hem eýranly myhmanlaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Ýagub GASEMI,«Iran Markaz» halkara syýahatçylyk kärhanasynyň ýerine ýetiriji direktory:

Akyldar şahyryň beýik sarpasy

Energetika bazary we milli mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan energiýa serişdelerine baý döwletleriň biri hökmünde nebitgaz pudagyny giňden döwrebaplaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nebitgaz pudagynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge, dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga uly üns gönükdirilýär. Eziz Watanymyzda indi her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahaty we sergi hem şeýle çäreleriň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi energetika pudagynyň ýurduň ykdysady ösüşinde öňdebaryjy orny eýeleýändiginiň aýdyň görkezijileriniň biri bolup durýar. Bu halkara çäräniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär, onuň işine dürli ýurtlardan işewür toparlar, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalar, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri gatnaşýar. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplum

Meşhur alymlara bagyşlanan duşuşyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy oktýabrynda Änewde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alym-arheologlar Wadim Mihaýlowiç Massonyň we Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralyp, oňa türkmen we daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar. Belli bolşy ýaly, türkmen halkynyň baý medeni mirasy, şanly taryhy bar. Muny ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýadygärlikler, dünýä we milli derejesindäki kitaphanalarda, muzeýlerde saklanýan golýazmalar, kitaplar hem-de tapyndylar doly tassyklaýar. Bu hakykat bizi diýseň buýsandyrýar.