Hoşniýetli goňşuçylygyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň nusgasy
«Daragt — köki, adam dostlary bilen güýçli», «Dostluk — bahasyz baýlyk», «Dostuň orny — törde» diýýän gazak halky hemişe-de dostluga aýratyn gadyr goýup, dünýä dost goluny uzadýar. Ine, şu günlerem tutuş Ýewraziýanyň dostlukly ýurtlarynyň Liderleri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitine gatnaşmak üçin «Beýik sährada» jem boldular. Doly hukukly agzasy bolmasa-da, Bitarap Türkmenistan hem bu guramanyň geçirýän sammitlerine yzygiderli gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyz dürli ýyllarda onuň çärelerine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny üýtgewsiz durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ŞHG-niň 2021-nji, 2022-nji, 2023-nji ýyllarda guralan sammitlerine çagyryldy we Milli Liderimiz tarapyndan beýan edilen teklipleriň üstüni ýetirip, olary mazmun taýdan baýlaşdyrýan täze başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu asylly däbiň nobatdaky Astana sammitinde-de dowam etdirilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygynyň anyk güwäsine öwrüler. Taryhyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda geriminiň giňeldilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna öwrülen bu