"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Şu gün öz işini tamamlaýan çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçilik, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mejlis bilen utgaşyklykda Ýewraziýa Patent Guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler hem guraldy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ilkinji bolup EAPO-nyň Konwensiýasyna goşuldy we häzirki wagtda guramanyň Administratiw geňeşinde başlyklyk edýär.

Şöhratly taryhymyza sarpa

Ajaýyp döwrümizde gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ylmy we taryhy ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasy kabul edildi. Degişli hödürnama esasynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 6-sy, ýagny Lebap welaýatyndaky gadymy Amul galasy we Mary welaýatyndaky Mansaf galasy, Könegala, Akjagala we Gyzyljagala kerwensaraýlary hem-de orta asyr Kuşmeýhan duralgasy

Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň işleriniň ýokary hilini görkezýär Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Munuň özi merkezde geçirilýän barlaghana-synag işleriniň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Ýeri gelende, Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna hem Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan şeýle güwänamanyň berlendigini nygtamak ýakymlydyr.

Daşkentde — türkmenistanyň milli sergisi

Düýn Daşkent şäherinde ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleriň iki günlük sergisi öz işine başlady. «Türkmenistanda öndürilen» atly milli sergä ugurdaş ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hususyýetçiler öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işlere üns çekilip, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Daşkentdäki ýurdumyzyň milli sergisiniň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklarda we gepleşiklerde kabul edilýän çözgütlere, gazanylýan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň barha ilerledilýändigi, nobatdaky gözden geçirilişiň hem işewürlik ugurly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgä

Türkmenistan Gazagystanda geçiriljek söwda forumyna gatnaşar

19-20-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Demirgazyk — Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşar. Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediljek foruma Türkmenistan bilen bir hatarda, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus Respublikasy, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE ýaly döwletlerden hem wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Aly Said Bu Şarbak Al-Mansuri bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini, şeýle-de azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler

19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» hususy kärhanasy tarapyndan guraljak bu giň gerimli forum Türkmenistanda, Merkezi Aziýada we GDA ýurtlarynda ýokary hilli önümleri öndürýän we satyn alýan hünärmenleri bir ýere jemlär. Sergä ýerli kompaniýalaryň 150-den, halkara kompaniýalaryň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi täze doglan çagalar üçin niýetlenen önümleri, okuw esbaplary, oýnawaçlary, çagalar modasyny, bilim tehnologiýalaryny hem-de 30-dan gowrak ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alar.

Täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar. Ol sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, täze konteýner otlusy arkaly rus harytlary Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy ulag geçelgesi boýunça gündogar demir ýol geçelgesiniň ugry bilen Türkmenistana we goňşy döwletlere — Owganystana, Eýrana, Pakistana gysga möhletde getiriler.

Daşkentde türkmen milli önümleriniň sergisi öz işine başlady

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji hem-de işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ykdysady ähmiýetli çäreler bilen ugurdaşlykda «ANHOR SAYLI» jogapkärçiligi çäkli kompaniýasynyň sergiler zalynda «Türkmenistanda öndürilen» ady bilen ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen milli önümleriň sergisi geçirilýär. Oňa türkmen-özbek toparynyň wekilleri hem-de türkmen telekeçileri gatnaşýarlar. Toparyň hem-de geňeşiň mejlisleriniň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garalar.

Medeni köprüler arkaly halklary ýakynlaşdyryp

Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly açyldy Ýakynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu döredijilik çäresi dostlukly ýurduň jemgyýetçilik köpçüligini halkymyzyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan — BMG: milli we ählumumy bähbitleri nazarlap

Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli halkara gatnaşyklary berkitmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerdir duşuşyklar milli hem ählumumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň ähmiýeti, türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmegindäki işjeň orny aýratyn nygtaldy.

Täsirli okuw maslahaty

Milli žurnalistikany ösdürmek, žurnalistleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biri bolup, şunda öňdebaryjy halkara tejribeleriň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň edara binasynda daşary ýurtly hünärmenleriň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen iki günlük okuw-tejribe maslahaty-da şu jähetden örän netijeli boldy. Döwlet edaralarynda metbugat gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan maslahata onlaýn usulda daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesi gatnaşyp, žurnalistikanyň derwaýys meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň nazary, amaly esaslary barada gürrüň edildi.

Dialog halklary birleşdirýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Bu hakykat ŞHG-niň Astana sammitinde has-da dabaralandy Halkara gatnaşyklarda birek-birege hormatyň we özara düşünişmegiň zerurdygyny taryhy tejribeler hem, nazaryýet hem, halkara hukugynyň kadalary hem tekrarlaýar. Adamzat ösüşiniň täze döwri, halkara giňişlikde islendik meseläniň çözgüdi döredijilikli syýasatyň we diplomatiýanyň täsirli guralyny peýdalanmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrüň derwaýys wezipelerini çözmeklige işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä döwletleridir halkara guramalary bilen dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi möhüm taryhy hem-de syýasy ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan we ÝB ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini öwrenýärler

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň ulag meseleleri boýunça baş geňeşçisi Henrik Hololeý, DG INTPA-nyň müdiri Peteris Ustubs we Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň (EEAS) wekili Andrea Rossi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ulag pudagynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň orny aýratyn nygtaldy. Taraplar sebitara hyzmatdaşlykda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň ulag pudagyndaky möhüm ösüşini bellediler we bu ugurda Türkmenistanyň işjeň garaýşyna ünsi çekdiler.

Abadan durmuşyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 11-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurdumyzyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleri Aktauda geçiriljek halkar ulag forumyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri 19-20-nji iýulda Aktauda geçiriljek Demirgazyk-Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşarlar. HHM-niň ElDala.kz salgylanyp berýän habaryna görä, foruma Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediler. Foruma Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE-den wekiller gatnaşar.

Abadan durmuşyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 11-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurdumyzyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwrüň demografik meýilleri

Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan duşuşygyň üns merkezinde Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan çäre geçirilip, ÝUNFPA-nyň 2024-nji ýylda dünýäniň ilaty hakynda ählumumy Hasabatyny tanyşdyrmak onuň gün tertibiniň esasyny düzdi. Bu hasabatda häzirki döwrüň demografik meýilleridir wehimleri beýan edilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bu ugurda maglumatlary toplamagyň we ulanmagyň möhümdigi bellenilýär. Esasy çekişmeleriň we sowal-jogap alyşmalaryň dowamynda ilat meselelerini çözmekde inklýuziw maglumatlaryň ähmiýeti baradaky pikir-garaýyşlara aýratyn orun berlip, çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen jemlendi.

Halkara giňişlikde

Gender syýasatyny ilerledip Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Adam hukuklary boýunça geňeşiň 56-njy mejlisiniň çäginde ugurdaş çäre geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary bilen bilelikde guralan çäräniň dowamynda gender deňligi boýunça milli syýasatlary durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy, bu ugurda ileri tutulýan garaýyşlar barada maglumatlar diňlenildi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan gender syýasatynda hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda edilýän toparlaýyn tagallalara aýratyn üns çekildi. Hususan-da, gender deňligi meselelerinde uzak möhletli çözgütleri öňe sürmek we ösdürmek üçin täsirli sebit meýdançasy bolup çykyş edýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, bu düzüm BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde sebitde zenanlary goldamak, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylda döredildi. Türkmenistan 2022-nji ýylda bu dialogda üstünlikli başlyklyk etdi.

Ähmiýeti artýan gymmatly kitap

Milli Liderimiziň gymmatly hem baý maglumatlary özünde jemleýän kitaplaryny okanyňda, olaryň ähmiýetli aýratynlyklaryna içgin göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň biri-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda örän ähmiýetli bu kitaba diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da gyzyklanmalar barha artýar. Kitabyň birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň birinji jildiniň pars diline terjime edilmegine başlanylmagy bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak maksady bilen, şu ýylyň 2 — 7-nji iýuly günlerinde dostlukly goňşy ýurda amala aşyran iş saparymyzyň barşynda biz bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby öz ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da gyzgyn seslenme döretdi. Lukman Arkadagymyzyň adamlar üçin peýdaly, gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemleýän bu düýpli ylmy iş