Taryhy gymmatlyklar hem-de edebi mirasymyz
Türkmen milli medeniýetimiz gözbaşyny taryhyň çuňňur köklerinden alyp gaýdýar. Milli medeniýetimize, edebi mirasymyza we taryhyň köklerine aralaşdygyňça, ol özüniň syrly dünýäsine çagyrýar. Arheologlaryň, etnograflaryň, dini öwrenijidir taryhçylaryň, filologlaryň gözlegleri türkmen medeniýetini öwrenmäge ýardam edýär. Ata-babalarymyzyň ylahy zehini siňdirilip, dürli öwüşginler bilen toýundan ýasalyp bişirilen dürli şekiller, bürünçdir kümüşden ýasalan möhürler, tumarlar, daşdan ýonulyp ýasalan täsin tapyndylar ruhy medeniýetiň ösüşindäki ajaýyplyklary şöhlelendirýär. Gadymy döwürde senetçi ussalar daşy, metaly, kümşi, altyny işläp bejermegiň tehnologiýasyndan gowy baş çykaryp, öz hünärini nesillere geçiripdirler. «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýlişi ýaly, wagtyň geçmegi bilen ussalar ýasan önümleriniň daşky görnüşini halk arasynda aýdylýan rowa