"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Syýagalamlaryň taryhyndan

Internet maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde 1 sekuntda ortaça 125 sany syýagalam satylýar. Eýsem, biz gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen syýagalamlar barada nämeleri bilýäris? Olaryň döreýşi, ilkinji gezek ulanylyşy, dürli görnüşleri ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Syýagalamyň ilkinji çykan görnüşi ýazuw perleri hasaplanýar. Iňlis dilinde ulanylýan «pen» sözi hem guşuň peri diýmekligi aňladyp, ýazuw işinde adamlar, köplenç, gazyň perini ulanypdyrlar. 1944-nji ýylda bolsa žurnalist Laslo Biro şarjagazly syýagalamlary oýlap tapýar. 1945-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde şarjagazly syýagalamlaryň ilkinji tapgyry satuwa çykarylýar we şol günüň özünde 10 000 sany syýagalamyň her biri 12 dollardan satylýar. Bu baha şol wagtlar Amerikanyň ýokary derejeli işçileriniň bir günlik iş hakyna deň bolupdyr. Ýene-de bir täsin zatlaryň biri, şarjagazly syýagalamlaryň syýa guýulýan özeni ilki egrem-bugram şekilde bolupdyr. Bu bolsa oňa köp syýa guýmaga ýardam beripdir. Ýöne onuň öndüriliş tehnologiýasynyň kynlygy sebäpli, syýagalamlaryň özeni häzirki görnüşe getirilipdir. 

Şirin-şeker gawunlar

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň jahankeşdeleri, taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Türkmenistanyň ekerançylygyny öwrenen alym N.I.Wawilow 1935-nji ýylda ýazan kitabynda «Türkmenistan dünýä gawunynyň Watanydyr» diýip belleýär. Merw we Horezm gawunlary arap halyflarynyň köşgüne daşy buz bilen gurşalan gurşun gaplarda eltilipdir. ХII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy: «Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmadym» diýse, şol asyrda ýaşan meşhur taryhçy Al-Makdisi: «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýipdir. Gawunlar hytaý imperatorynyň we beýleki şalaryň desterhanlaryny bezäpdir. Orta asyrda gawun-garpyz ekýän daýhanlar salgytdan boşadylypdyr. Ene topragymyzda daýhanlarymyzyň zähmeti bilen ýetişdirilýän gawunlar diňe bir süýjüligi bilen däl, eýsem dermanlyk häsiýeti bilen hem özüne çekýär. Meşhur Ibn Sina «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» diýen kitabynda türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr, çigidinden alnan ýag bilen gan damarlaryny arassalapdyr. Şeýle-de: «Gawun böwrekdäki we peşew haltadaky daşlara garşy ulanylanda, kiçi daşlary çykarmaga kömek edýär» diýip belläp geçýär.

Hojaidat galasynyň taryhyndan

Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli uly şäherler we galalar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, söwda gatnaşyklarynyň ýüze çykmagynda, senetçiligiň hem-de ösen medeniýetiň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny üstünden geçirýändigi üçin geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda halkymyzyň baý taryhy, türkmen topragynyň gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşýändigi, şol döwrüň halkynyň hal-ýagdaýy, kerwenleriň düşleýän mekanlary bolan uly ilatly taryhy ýerleriň, şäherleriň, ululy-kiçili bazarlaryň we kerwensaraýlaryň gurluş aýratynlyklary giňişleýin açylyp görkezilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda geçirilýän ylmy-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan dürli eýýamlara degişli tapyndylar, biziň günlerimize çenli gelip ýeten rowaýatlar hem şaýatlyk edýär.

Taryhda sardobalaryň orny

«7/24 tm» № 34 (169) 21.08.2023  Geç­miş­de türk­men top­ra­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan çyl­şy­rym­ly suw gur­lu­şyk des­ga­la­ry­nyň we ul­gam­la­ry­nyň dür­li gör­nü­şi­ni dö­ret­mek­de baý ta­ry­hy tej­ri­be top­la­nyp­dyr.

Milli miras — hazyna

Ata-babalarymyzyň dünýä medeni giňişligine goşan goşandy sanardan kän. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplanyp, halkymyzyň ruhy hazynasyna öwrülen milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Munuň özi ýaş nesilleriň aňynda watançylyk duýgularynyň ösmegine, pederlerimiziň durmuşa ornaşdyran işlerine bolan düşünjesiniň artmagyna ýardam edýär. Şu jähetden biz pederlerimiziň halk durmuşyna ornaşdyryp, hazyna öwrülen gymmatlyklaryndan söhbet açmagy müwessa bildik.   Tamdyr goçak

Doňdurmanyň taryhyndan

Tomus paslynda islendik ýaşdaky adamlaryň iň halaýan tagamlarynyň biri hem doňdurmalardyr. Bu tagama Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly gabat gelmek mümkin. Geliň, bu tagamyň taryhyna ser salalyň! Doňdurmanyň ilki 2200 ýyl mundan ozal Hytaýda tüwä süýt goşup, sowatmak üçin gar guýlup tagam taýýarlanandygy barada internet maglumatlarynda aýdylýar. Bu tagam XIII asyrda Italiýada peýda bolýar. Ol şol döwürler Aziýa ýurtlaryna syýahat eden Marko Polo tarapyndan getirilendir diýlip çaklanylýar. Soňra bolsa, ol Fransiýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Doňdurma taýýarlamakda adamlar has kämilleşip başlapdyr. Şeýlelikde, XVIII asyrda doňdurmalar Russiýada peýda bolup başlaýar. Ruslar gaýmak bilen bala şokolad ýa-da ülje goşup taýýarlap, sowuk bolmagy üçin oňa gar ýa-da buz garypdyrlar. 1851-nji ýylda bolsa Amerikada ilkinji doňdurma kärhanasy işe girizilýär. Biziň ulanýan doňdurma gutularymyzyň hem şol ýyllarda ýasalandygyny bellemek gerek. Doňdurma taýýarlamagy has gowy öwrenen italýanlar häzirki wagtda diýseň meşhurdyr. Bu tagamyň tomus paslynda köp iýilýändigine garamazdan, Şwesiýa, Daniýa, Finlýandiýa ýaly sowuk howaly ýurtlar doňdurma sarp etmekde öňdeligi eýeleýär. 

Oguz ýurdunyň owazasy

Sanlyja aý mundan ozal gurlup ulanmaga berlendigine garamazdan, Arkadag şäheri, turuwbaşdan, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän we binagärlik gurluşy taýdan tutuş sebitde nusgalyk şäher hökmünde taryha girdi. Biz Arkadag şäheriniň ozalyebetde taryha ymykly ornan, gadymy sebitde ýerleşýändigini buýsanç bilen aýtmaga borçludyrys. Muňa delil hökmünde bolsa, täze şäheriň demirgazyk-günbatarynda 1,5 kilometr gowrak uzaklykda miladynyň III — VII asyrlarynda hem-de X — XVII asyrlarynda ýaşaýyş bolan Garawuldepe ýadygärligini, demirgazyk-günbatarynda 3,5 kilometr uzaklykda, miladydan öňki VI — IV asyrlara degişli Göweçdepe ýadygärligini, günbatarynda 3 kilometr uzaklykda, IX — XII asyrlara degişli Elidepe ýadygärligini, gündogarynda 3,5 kilometr uzaklykda, miladydan öňki III — II müňýyllyklara degişli Paryzdepe ýadygärligini, demirgazyk-günbataryndaky 4,5 kilometr uzaklykda, miladydan öňki II asyrlardan, miladynyň III asyrlary aralygyna degişli Çakandepe ýadygärligini, demirgazyk-günbataryndaky 5,5 kilometr uzaklykda ýerleşýän I — IV asyrlara degişli Ýandaklydepe ýadygärligini, şeýle hem Öwlüýädepe, Mansurdepe ýadygärliklerini, şäherden demirgazyk-günbatarda 14 kilometr uzaklykda Gökdepe galasyny, şäherden demirgazykda, 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän, miladydan öňki

Fotožurnalistikanyň taryhyndan söz açyp...

Fotožurnalistika — bolup geçýän bir wakany, hadysany beýan edeniňde, şol ýazgynyň, makalanyň ynandyryjy bolmagy üçin ony fotosurat bilen birlikde bermekdir. Fotožurnalistikanyň taryhy XX asyryň başlaryndan we ondan hem biraz öňräkden gözbaş alýar. Žurnalistikanyň bu ugrunyň döremegine itergi beren sebäp — okyjylara habarlaryň has göze doly bolmagy üçin fotosurat goşup bermekden ybaratdyr. Fotožurnalistika adalgasyny 1925-nji ýylda Frenk Lýuter Mott ulanyşa girizipdir. Ol şol döwürde ABŞ-nyň Missuri uniwersitetiniň žurnalistika mekdebiniň dekany bolup işläpdir. XX asyryň başlarynda fotoapparatyň janly durmuş şekilini «saklamak» mümkinçiligi ýüze çykansoň, ýekeje surat arkaly tutuş sahypany dolduryp duran habardan has köp zat berip boljakdygyna düşünilipdir. Bu babatda şol döwrüň şygary: «Bir surat müň sözüň ýerini tutup biler». Rus ýazyjysy, žurnalisti Konstantin Fedin: «Oňat žurnalda berlen surata men dilsiz-agyzsyz zat diýip bilmerin. Olar, gürrüňsiz, gepleýär, özem, köplenç, sözli reportaždan-da täsirli gepleýär» diýip belleýär.

Pelsepeçi lukman

Türkmen halky hemişe zehinli, ylymdar, bilimdar şahsyýetleri bilen şöhratlanyp gelipdir. Orta asyrlarda ylmyň ähli ugurlarynda dünýä boýunça tanalýan beýik alymlar, Al Horezmi, Al Faraby, Al Biruny, Abu Aly ibn Sina, Nowaýy, Magtymguly we başga-da Gündogar halklarynyň beýik ogullary, köp sanly danalar hut şu mekanda beýik ylmy açyşlar edip, ümmülmez äleme pähim-paýhas nuruny saçypdyrlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Lukmançylyk ylmyny düýpli özgerden — dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi, alym, tanymal lukman Ibn Sina, döwrüniň «Ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly görnükli ýüzlerçe lukman-alymlarymyz dünýä ylmynyň ýiti şuglaly ýyldyzlarydyr» diýip belleýär. Dünýä ylmyny ösdürmäge ägirt uly goşant goşan, taryhda öçmejek yz galdyran görnükli danalaryň biri, Gündogar halklarynyň ensiklopediýaçy alymy Ibn Sina 980 — 1037-nji ýyllarda Horezm topragynda ýaşap geçipdir. Ol özüniň ajaýyp ylmy işleri bilen adamzat taryhynda hemişelik yz goýan beýik alymdyr. Türkmenler oňa söýgi we ynam, hormat bilen «Lukman» diýýärler. «Lukman» sözi türkmen dilinde «şypa beriji», «derdiňi dep ediji halasgär», «saglygyňy goraýjy»

Ýü­pek­çi­li­giň ga­dy­my oja­gy

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýip belleýär. Bu bolsa Merwde ýüpekçiligiň ýokary derejede ösendigini görkezýär. Arheologik tapyndylardan belli bolşy ýaly, 5000 ýyl mundan ozal Hytaýda çig ýüpekden dürli matalar öndürilipdir. Adamzada belli bolan ýüpek matalarynyň iň gadymy nusgalary Hytaý arheologlary tarapyndan Henan welaýatynyň Sintaý obasynyň golaýyndaky düşelgede tapylyp, olaryň ýaşy 5500 ýyla barabardyr.

Asyr­la­ryň ýa­ňy — döw­rü­mi­ziň şöh­rat-şa­ny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, etnografiýa gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, arheologiýa ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek maksadynda, şeýle hem gözel Diýarymyzda ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklere, täsin tebigy künjeklere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekde asyrlara ýaň saljak toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy-medeni baýlyklarymyzy gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmek hem-de olaryň aýratynlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde tassyklan Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde giň gerimli işler gyzgalaňly durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenmekde, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny wagyz etmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýolgörkeziji bolup durýar. Hut şu eserlerde beýan edilen taglymatlara esaslanyp, häz

Abu Aly ibn Sinanyň çagalygy

Abu Aly Al-Hüseýin ibn Abdallah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçen dünýä belli alymdyr. «Sina» sözi «dür deşiji» diýmegi aňladýar. Gündogar ýurtlarynda «Lukman Hekim» ady bilen tanalýar. Günbatarda onuň adynyň ahyrky «ibn Sina» bölegi ýoýlup, «Awensina» — «Awisenna» öwrülipdir. Buharanyň Afşana obasynda doglan Ibn Sina çagalykdan ýatkeş, düşbi, başarjaň, zehinli bolupdyr. Ibn Sina kakasyna diňe kitap sowgat bermegini haýyş edipdir. Mümkinçiligi boldugyndan şol döwürlerde belli bolan kitaplary satyn alyp, özbaşdak köp okapdyr, lukmançylygy, matematikany, fizikany, hukugy, filosofiýany, astronomiýany, geografiýany we beýleki ylymlary çynlakaý öwrenipdir. Bu bolsa onuň dünýä belli alym bolup ýetişmegine itergi beripdir. Ibn Sina Buharada bilim alyp, şol ýerde hem ilkinji lukmançylyk işine başlapdyr. Ol Buharanyň hökümdary syrkawlanda, köşkdäki tebiplerden hem ökde çykyp, ony birkemsiz bejeripdir. Şonda hökümdar: «Saňa islän zadyňy sowgat berjek» diýipdir. Ýaşajyk Hüseýin hiç bir sowgadyň gerek däldigini, onuň ýerine Buharanyň baý kitaphanasyndaky kitaplary okamaga rugsat bermegini sorapdyr. Şeýdip, ibn Sina özüniň bilim ýüküni has-da baýlaşdyrýar. Ol 22 ýaşynda Buhara göçüp barandan soňra, Gündogaryň belli alymlary

Gadymy medeniýetiň ojagy

Köneürgenç şäheri türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty Gürgenç şäheriniň galyndylarynyň ýanynda gurlan häzirki zaman şäheridir. ХV asyrdan soňra Gürgenç şäheriniň eteginden akýan Amyderýanyň akymynyň ugry üýtgäp, paýtagt Hywa şäherine göçürilýär. Gürgenjiň soňky wagtda Köneürgenç diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi özünden 190 kilometr uzaklykda Ürgenç ady bilen ýene bir şäher gurulýar. Häzirki Horezm welaýatynyň merkezine öwrülen bu şäher Täze Ürgenç, Gürgenç bolsa Köneürgenç diýlip başlanýar.

Seljuk soltanlary

Dowamy. başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýany4.

Şöhratly taryhyň goýnunda

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň arasynda özboluşly köpriniň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran, gadymy we orta asyr ýurtlaryň territorial araçäkleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy, arheologlar, gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda, orta asyr Horasanyň ýerlerinde ýerleşen Ariýa ýurdy baradaky taryhy maglumatlar, gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolup, sebitiň çäk ýerleriniň taryhyny öz içine alýar. Taryhy nukdaý nazardan seredenimizde, orta asyr Horasanyň sähraýy ýerlerinde ýerleşen, gadymy Ariýa ýurdy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Bu geografiki ýerleriň taryhyny ilkinji bolup görnükli gündogarşynaslar we arheologlar W. A. Žukowskiý, ­W. W. Bartold, A. Ý. Ýakubowskiý, W. M. Masson, I. N. Hlopin, Ý. Ý. Kuzmina, H. Ýusubow we Ö. Gündogdyýew tarapyndan öwrenilip, ylmy esasda beýan edildi.

Nebit we nebit önümleriniň gelip çykyşy

Nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty diňe ýangyç serişdeleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm himiki önümleri almak üçin hem gymmatly çig mal bolup durýar. Ýurdumyzda nebit we gaz ýataklarynyň, baý gorlarynyň tapylmagy aýratyn bellärliklidir. Hakykatdan hem, haýsy bir zat hakynda ýazsaň ilki onuň gelip çykyşy, alnyşy, öndürilişi barada gyzyklanýarsyň we birnäçe soraglara ýüzlenýärsiň. Nebitiň gelip çykyşy, çykarylyşy, olar baradaky maglumatlara köp sanly çaklamalarda, alymlaryň ýazgylarynda gabat gelmek bolýar. Bu dogrusynda, sözümiz gury bolmaz ýaly, nebit önümleriniň maglumatlarynyň birnäçesi bilen tanşyp geçsek has ýerlikli bolardy. Elbetde, nebitiň emele gelşi barada çap edilen edebiýat maglumatlarynda, internet sahypalarynda şeýle beýan edilýär, ýagny amerikaly alym R.A.Rusbro wazelin oýlap tapýar. Wazelin we serezin parafinden alynýan nebit önümleri bolup, ol 1871-nji ýylda ýüze çykarylýar. Beýleki bir maglumatlara görä, belli himik alymy D.I.Mendeleýew amerikaly alym Awram Gasneriň daşkömürden «ýagtylyk ýagy» diýip at beren önümine 1846-njy ýylda «kerosen oýl» (kerosinli ýag) diýip at berýär. Bu ýangyç, mälim bolşy ýaly, XIX asyryň 50-nji ýyllaryndan soň «kerosin» diýlip atlandyrylyp başlanýar, ýagny ony yşyk hökmünde çyralara guýup hem

Berk binýatly sütünler

Jaýyň esasy diregi, daýanjy ýa-da bezeg üçin dikeldilen desga hökmünde häsiýetlendirilýän sütüniň türkmen dilinde dürlüçe atlandyrylyşy bar. Olaryň has giň ýaýrany bolsa «öre» sözüdir. «Sütün, direg» manysyndaky bu söz «ör» kökünden we at ýasaýjy «e» goşulmasyndan emele gelýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýelkeni berkitmek üçin gämide dik oturdylýan sütüniň «bogaldak», Daşoguz welaýatynda jykyryň suw çykarýan çarhyny saklamak üçin dikilýän ýogyn sütün agajyň «ýanöre» ýaly atlandyrylyşyna-da duş gelýäris. Milli binagärlik sungatynda sütünleri ulanmak tejribesiniň özboluşly ösüş taryhy bar. Ylmy-barlag işleriniň netijesinde, taryhy-medeni ýadygärliklerden ýüze çykarylan sütünleriň iň gadymy we görnükli nusgalary Nusaý galalaryndan tapyldy.

Şahsyýetlere şan şäher

Geçmişde öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň adyny ebedileşdirmek, olaryň geçen şöhratly ýoluny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy munuň buýsandyryjy subutnamasydyr. Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy hem-de şäheriň çäginde ýerleşýän Aba Annaýew obasyna şäherçe derejesiniň berilmegi öz hünäriniň çyn eýesi bolan şahsyýete il-halkynyň hormatyndan nyşandyr.

Watançy alym

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Roza Bazarowanyň ýurdumyzyň we halkymyzyň öňünde bitiren işleri ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Ol 1933-nji ýylyň 23-nji iýulynda Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dogulýar. Orta mekdepde oňat bahalar bilen okaýar. Aýratyn-da, matematikany gowy özleşdirýär. Roza 1948-nji ýylda Aşgabadyň pedagogik institutynda okap ýörkä, bu ýerde eýmenç ýertitremesindäki pajygaly günleri başdan geçirýär. Bu tebigy heläkçilik sebäpli, ol Çärjewdäki (häzirki Türkmenabat) Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuwyny dowam etdirmeli bolýar. Soňra 1952-nji ýylda pedagogik institutyň maksatnamasy boýunça Aşgabatda döredilen M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Şol ýyl hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky aspirantura kabul edilýär we üç ýyldan soň «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň ýaşlarynyň watançylygy» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.

Görküm, zynatym meniň

Milli lybaslarymyz, däp-dessurlarymyz halkymyzyň durmuş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Gelin-gyzlarymyzy bezeýän, olaryň gözelligine gözellik goşýan ajaýyp lybaslarymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan milli matalarymyzdan taýýarlanylýar. Çeper elli zenanlar olardan çyrpy, gyrmyzy don, gyňaç, gültahýa, akgaýma tahýa, gursakça ýaly birnäçe egin-eşikleri tikip taýýarlaýarlar. Türkmen pähiminde: «Görk agyzdan, görmek eginden» diýilýär. Geýeniňde gelşik berýän milli lybaslarymyzy biçmek, tikmek, nagyşlamak hem sungatdyr. Milli nagyşlar özboluşly bolup, ol lybaslaryň görküni artdyrýar. Geçmiş taryhymyzda ene-mamalarymyz ýüpek sapaklarynyň lowurdysy gözüň ýagyny iýip barýan kürtelere, çabytlara, tahýalara, ýakalara salynýan «para», «çaňňa», «tegbent», «kürtegoçak», «gülýaýdy», «erikgül», «goçkelle», «sekizkeşde» ýaly nagyşlary döredipdirler. Milli lybaslaryň hersiniň döreýiş taryhy bar. Gyrmyzy donuň döreýşi baradaky rowaýatda şeýle diýilýär: «Gadym döwürde türkmen obalarynyň birinde ýaşaýan bir adamyň dört ogly, bir gyzy bolupdyr. Erkek doganlary gyz uýasyny gaty gowy görer ekenler. Gyz asylly maşgalada ösüp-ulalansoň, edepli, sada, eli çeper bolup ýetişýär. Ýöne oglanlaryň arasynd