«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»
«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen ýaýbaňlandyrylan köçe-ýol hereketleriniň düzgünlerini ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, ‹‹Ýaşyl yşyk›› atly bäsleşik geçirdi. Duşuşykda biraýlygyň ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlaryň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän taýsyz tagallalary barada edilen çykyşlar diýseň täsirli boldy. Zehinlije körpeleriň gözel tebigatymyzy, köçe-ýol hereketini wasp edýän goşgudyr aýdymlary, geçelgeden geçmek üçin şertli belgileri esasynda geçmelidigi dogrusynda eden çykyşlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryld