"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Makalalar

Abadan ýaşaýşyň binýady

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda eden çuň manyly çykyşynda milli Liderimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgesini esas edinýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýetilen ägirt uly sepgitler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny ýene bir ýola dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň netijeli boljakdygyny nygtady. Şunda türkmen Bitaraplygynyň milli we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki goşandy aýratyn bellärliklidir. Geçen çärýek asyrlyk tejribe Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň milli, sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülendigini aýdyň görkezdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şol wagtky agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk

Watanymyz — dost-doganlygyň ýurdy

Türkmenistan Watanymyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşydyr. Munuň özi Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy. Ýurdumyz BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Ýurdumyzda milli sebit we halkara ähmiýetli hem-de halklaryň ýakynlaşmagyny, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegini we onuň ugurlarynyň giňeldilmegini şertlendirýän iri düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistan — Türkiýe: köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady. Bu döwlet bilen özara gatnaşyklara uzak möhletli, strategik häsiýet mahsusdyr.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Dostlukly hyzmatdaşlyk ýoly bilen — aýdyň ertirlere!

Ömür senenamamyzyň ýene-de bir ýyly tamamlandy. Ol ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky möhüm senäniň — baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýyly hökmünde berkarar Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlaryny has-da ilerletmekde, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, dünýä syýasatynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Täze, 2021-nji ýyl bolsa Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň ägirt uly üstünligi bolmak bilen birlikde, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşiginiň öňündäki jogapkärçiligini hem artdyrýar. 2021-nji ýylda-da milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä ykbalyna dahylly başlangyçlarynyň barha we barha rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Täze ýylyň öňüsyrasynda, 29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, Türkmenistanda işleýän diplom

Daşary syýasatyň rowaç menzilleri

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirip, onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini täze, 2021-nji ýyl bilen gutlamagy ýurdumyzyň daşary syýasy işinde dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda munuň özi özboluşly many-mazmuna eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen i

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

AŞGABAT, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.