"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

Arkadag şäheri, 8-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Bu çözgüt şu ýylyň 6-njy iýunynda biragyzdan kabul edildi hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri öz hatlarynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, öňe sürülýän möhüm başlangyçlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Watanymyzyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesi durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, amala aşyrylýan maksatnamalar, giň gerimli taslamalar bilen utgaşdyrylýar. Şunda ýurdumyzda sportuň giňden wagyz edilmegine we ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň toplumlaýyn strategiýasy netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu sport çäresi Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasyndan badalga alyp, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehanada tamamlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

Arkadag şäheri, 8-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.

Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary

10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr. 2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiziň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Halk bähbitli beýik işler

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi

Watanymyzyň asudalygy üpjün edilýär

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Wakalar we seneler

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 1-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. Oňa gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­den­ti, Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

1-nji aprel. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 3-nji aprel. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Beýik döwrümiziň edebi sütüni

Žurnalymyzyň şu sany türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanylýar. Bu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bu günki günde söz ussadynyň ömri we döredijiligine goýulýan hormatyň çäksizdigini aýdyň äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip belleýşi ýaly, badalga berlen edebi hem-de medeni dabaralaryň gerimi giňden tutulýar.

Magtymguly Pyragy hakda

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky Magtymguly Pyragy hakda aýdylan pikirlerden: «Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir».

Magtymguly Pyragy hakda

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇMagtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan: — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň edermen, ynsanperwer, zähmetsöýer halkynyň kalbynda egsilmez joşgun, buýsanç we aýdyň ertire ynam döreden Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyny ruhubelentlik, uly dabara bilen belläp geçmek asylly däbe öwrüldi.

Daglar

Olar gudrat bolup dogulýar. Soňra müňläp ýyllar geçýär. Şonda-da sarsmaýar. Başlary mydama gowgaly. Apy-tupanlar hars urup, däli siller bükdürilişip, onuň erkini syndyrjak bolýar. Munuň üstesine-de gör, kime atylan oklar gelip-gelip ýene-de şoňa degýär. Olar syr saklap howalanyp dur. «Adam diýilýän mahluklar başy» onuň duşundan misli gyzykly kino ýaly geçip gidýär. Munda zawlary beýik babamyz aýtmyşlaýyn, aždarha eýeleýär. Onuň her bir namarda ýetdirmeýänligi nähili gowy! Tebigat daglara mert täleý hem-de gaýratly ömür beripdir. Magtymguly hem daglar! Olar bir-birine ötlem-ötlem, kemer-kemer bagly. Beýik şahyryň mährini inderen setirlerini okap, şeýle netijä gelýärsiň: onuň ýürek edip gerdenine alan ýüküni diňe daglar çekip biljek: