"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde ägirt uly ornunyň bardygyna berk ynanýarys.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

«Ýaşulular geňeş etse...»

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi we ýygnananlary 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Ark

«Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz»

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa hökümetara derejede hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara dialog deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldaw bermek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Türkmenistan goňşy hem doganlyk ýurtlar, hususan-da, türki döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we dog

Nurana geljegimiziň hatyrasyna

Düýn hajy Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly hajy Serdarymyzyň gatnaşmagynda Milli Liderimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hajy Arkadagymyzyň külli musulman dünýäsi üçin mukaddes künjek saýylýan Mekgede ata Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň nurana geljegi, eşretli durmuşy, geljek ýylymyzyň düşümli, rysgal-bereketli bolmagy üçin Beýik Biribardan dileg etmegi taryhy ähmiýetli wakadyr. Ol Gahryman hajy Arkadagymyzyň ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we nurana geljegi babatda atalyk aladalarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

«Hakyda göwheri» hakydalarda

Milli buýsanç! Iki sözden ybarat bu jümlede çuňňur many bar. Ol türkmendigiňe, bu beýik milletiň şöhratly taryhyna, taryhy şahsyýetlerine, döwletlilik ýörelgelerine, baý milli mirasyna, köpöwüşginli ruhy-medeni gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna buýsanjyň beýany. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyza sowgat eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip ýazýar. Milli Liderimiz täze eserinde şöhratly taryhymyza, şanly geçmişimize ýene-de bir gezek ýüzlenmek bilen, her birimiziň kalbymyzda bagtyýarlyga ýetirýän milli buýsanjy oýarýar. Turuwbaşdan, täze kitabyň taryhy maglumatlara, ylmy garaýyşlara baýdygyny, many-mazmun, edebi-çeperçilik taýdan tapawutlanýandygyny bellemeli. Çünki mydama döredijilik gözleginde bolan Milli Liderimiz ony döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetiren kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlaryň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak

Türki dünýä — gadymy kökleriň täze daragty

Ýakymly ýylyň ýatlamasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyl halkymyza egsilmez bagt, rysgal-bereket eçilip, köňüllerde ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göteren bu ýyl ata Watanymyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirdi. «Wagt bir ganatly guş» diýleni. 2024-nji ýyla gadam basanymyz ýaňy ýalydy, eýýäm uly rowaçlyklara besläp, şöhratly ýyly taryhyň gatyna ugratmagymyza az wagt galdy. Bu ýylda durmuşa geçirilen döwletli başlangyçlar il-günümize egsilmez şatlyk paýlady. Biz hem «Zenan kalby» žurnalynyň şu sanynda 2024-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permandyr Kararlary esasynda hormatly ada, şeýle-de Şa serpaýlaryna mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Bagtdan serpaýly ýaşlar

Peder pentlerinde eger uzak geljegi nazarlaýan ösüşleri maksat edinýän bolsaň onda giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmelidigi barada aýdylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky üstünlikleriniň rowaçlyklarydyr. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda ýetilýän belent sepgitleri halkymyza wagyz etmekde ýaşlaryň möhüm orny eýeleýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

GENDER DEŇLIGI BABATDA SAZLAŞYKLY IŞLER

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19 — 21-nji noýabrynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça «BMG — Zenanlar» düzümi bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň Pekin jarnamasynyň hem-de Hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ministrler maslahaty geçirildi. Oňa Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, şol sanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

«Açýas Watan üçin hazyna baryn...»

Her ýylyň dekabr aýynda Garaşsyz Watanymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli bu ugurda zähmet çekýän zenanlaryň waspyny ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna bardyk. Bizi garşy alan geologiýa bölüminiň başlygy Annadurdy Meretgeldiýew bölümiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş barlaghanasynyň müdiri Aýjemal Ezizowanyň köp ýyllardan bäri işläp, göreldeli zähmeti bilen tanalýandygyny, bu ugurdan ylmy iş bilen meşgullanýandygyny aýdyp, bizi ol zenanyň ýanyna alyp bardy. Iş stolunyň başynda oturan orta boýly, çepiksije zenan mähribanlyk bilen salam berip, bize-de oturmagy mürähet etdi. Onuň bilen söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Aýjemal orta mekdepden soň Türkmen döwlet politehniki institutyna (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, geofizik hünärini ele alýar. Manyly ömrüniň agramly bölegini Döwletabatda gaz ýataklarynyň özleşdirilişine bagyş edip, gözleg-barlag işlerine gatnaşan, gaz kondensatly käniň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşan Baýmyrat aga gyzynyň bu ugry saýlap alanyna az begenmeýär. «Aýjemal, gyzym, seniň ata kesb

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Yhlasly zähmete belent sarpa

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtly we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geň

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

«Hakyda göwheri» — ylham jöwheri

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň üstünden ençeme ýyl aşan setirleriniň dür manysy henize-bu güne çenli dünýä derejesinde öwrenilmegini dowam edýär. Bu babatda alnyp barylýan işlere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserler hem özüniň ägirt uly goşandyny goşýar. Ýaňy-ýakynda-da Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzy, milli medeniýetimizi beýan edýän ajaýyp eseri okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şahyrana döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýuny bütin dünýä bilen bilelikde toýlaýan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň halk köpçüligine gelip gowuşmagy biz — Watan goragçylaryny çäksiz buýsanja besledi. Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan täze kitabyň daşky sahabynda şahyrana şahsyýetiň heýkeliniň hem-de Seýit Jemaleddin metjidiniň ýerleşdirilmegi ýaşlarymyzyň şanly geçmişimize bolan buýsanjyny, eşretli ertirlerine bolan ynamyny goşalandyrýar. Bu eserdäki: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen jümleler ýaş nesliň aňy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyz