Soltan Sanjaryň teňňeleri
Türkmen halky gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhynyň dowamynda Änew, Marguş, Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Şährihaýbar, Dehistan, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abiwerd ýaly ençeme medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda dörän köp sanly medeni ojaklarda öz döwrüniň meşhur alymlary, akyldarlary, söz ussatlary, ylmyň we edebiýatyň ösmeginde mynasyp hyzmatlary bitirip, gymmaty egsilmejek hazynany nesillere baky miras galdyrypdyrlar. Şoňa görä, halkymyzyň buýsanja beslenen taryhyny, edebi mirasyny, ägirt uly döwletlere hökümdarlyk eden beýik şahsyýetlerimiziň milletimiziň öňündäki hyzmatlary baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Beýik Seljuk döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjar 21 ýyl Horasynyň mäligi, 39 ýyl bolsa ähli Seljuk türkmen döwletiniň soltany bolupdyr. Ol döwlet dolandyrmak boýunça baý tejribe toplapdyr. Soltan Sanjar döwlet işinden örän oňat baş çykarýan, ylym-bilime ýokary baha berýän hökümdar bolupdyr. Onuň soltanlyk eden döwründe medeniýet, sungat pajarlap ösüp, durmuş ähmiýetli binalaryň ençemesi gurlupdyr. Soltan Sanjaryň köşgünde iň meşhur şahyrlar, alymlar ýetişipd