Däbe öwrülen dabaralar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny pugtalandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek, sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 7-nji aprelinde dünýäniň çar künjeginde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň dowamynda bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu umumadamzat ähmiýetli senäniň taryhy hakynda gürrüň edenimizde, 1950-nji ýyldan başlap her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi bellemek hakyndaky karar 1948-nji ýylda kabul edilýär. Bu baýramyň eziz Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna, täze röwüşe eýe bolýandygy, Bütindünýä saglyk gününiň döwlet derejesindäki uly dabaralara beslenýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Bu senä aýratyn uly ähmiýet berilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda adamlaryň saglygyny goramagyň, sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň täze der