Çempionlyga 3 utuk galdy
Germaniýanyň çempionatynda «Baýeriň» taryhy çempionlygyna bir ýeňiş galdy. Ýeňlişsiz ýörişini Berlinde hem dowam etdiren Habi Alonsonyň şägirtleri «Union» toparyny Wirtsiň 45+8-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda 1–0 ýeňip, ýeňlişsizlik ýoluny 41 duşuşyga çykardy. Olar indiki tapgyrda öz meýdançasynda «Werderi» ýeňen ýagdaýynda çempionlygyny yglan ederler. Soňky 11 ýylyň çempiony «Bawariýa» myhmançylykda «Haýdenhaým» bilen duşuşyp, Keýn hem-de Gnabriniň gollary bilen öňe geçse-de, 2-nji ýarymyň başlarynda 2 minutda 2 gol geçirdip, hasabyň deňlenmeginiň öňüni alyp bilmedi. Oýnuň 79-njy minutynda-da 2-nji goluň awtory Klýaýndinst toparynyň 3-nji goluny geçirip, «Haýdenhaýma» taryhy ýeňiş gazandyrdy. «Bawariýa» şu möwsümde 6-njy gezek ýeňlişe sezewar bolup, münhenliler mundan öň 2011/12 möwsüminde 6 sapar utulypdylar. 3-nji ýer üçin göreşýän «Borussiýa Dortmund» bilen «Ştutgartyň» arasyndaky oýunda myhmanlar