Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, sport ulgamynyň işgärleriniň, ezber türgenlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatymyzyň çäginde guramaçylykly geçirilen sport ýaryşlary hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrara eýe bolan güneşli Diýarymyzy toý ruhuna besleýär, täze taryhy döwürde gazanylýan belent ösüşleri, ýetilen sepgitleri dabaralandyrýar. Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebinde dil we eşidiş taýdan şikesli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklar ýurdumyzyň güýçli türgenlerini ýüze çykardy. Ýaryşyň netijesine görä, ýetginjekleriň arasynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgenleri Eşret Arazgeldiýew, Şerzat Atagullaýew, Begzat Kurambaýew, Mukam Guwanjow, Umyt Röwşenow, Amir Ýuldaşow, Lebap welaýaty