"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Makalalar

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaşlaryň halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Bilim maksatly binalaryň ýyl-ýyldan artmagy diňe bir bilim ulgamynyň işgärlerini däl-de, perzendiniň ýagty geljegini arzuwlap, olary ak mekdeplere atarýan her bir ildeşimiziň göwnüni galkyndyrýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilý

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Tejribe geçirmegiň täsirli usullary Mugallymyň sapagy guramakdaky okuw işine hemişe güýçli täsir edýän esasy itergileriň biri okuwçynyň sapaga gyzyklanmagydyr. Okatmakda köpdürli gyzyklanmalar hereket edýär. Okuwçylaryň gyzyklanmasy olaryň biliminiň hiline, derejesine, dünýägaraýşyna, ukyp-başarnygyna, pikirleniş ukyplaryna, işini ýerine ýetirip bilşiniň kämilligine baglydyr. Ýaş nesilde şeýle gyzyklanmalary döredip bilmek okuw işiniň gymmatly taraplarynyň biridir. Okuwçylaryň gyzyklanmalaryny ösdürmek himiýa dersini okadýan mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Himiýa degişli ilki başlangyç düşünjeler berilýär, himiki belgiler, formulalar, soňra bolsa deňlemeleri düzmek, degişli meseleleri çözmek, tejribe işlerini geçirmek öwredilip başlanýar. Okuwçylar tejribe sapagyna girişmezden, ilki bilen, himiýa otagynda işlenilende howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri, soňra tejribe işleri geçirilende ulanylýan gurallar, enjamlar bilen tanyşýarlar we olaryň ulanylyş usullaryny öwrenýärler. Okuwçylar tejribe işlerini öz elleri bilen geçirenlerinde oňa gowy düşünýärler, probirkany, himiki bulgury, tutgujy asuda saklamagy endik edinýär. Şeýle hem okuwçylara maddalary biri-birinden arassalamagy, süzmek, çökündi emele getirmek, bugartmak ýaly usullar bilen tejribe işini h

Çaga terbiýesinde nakyllaryň ähmiýeti

Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar. Bu nakyllar köpugurly bolup, geljek nesilleri terbiýelemekde mukaddes ýörelge bolupdyr. Şeýle bolansoň, nakyllar, pähimler, atalar sözleri halkymyzyň diliniň senasyna öwrülipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda türkmen nakyllarynyň dürdänesi ýerleşdirilipdir. Nakyllaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki terbiýe meselesine örän paýhaslylyk bilen çemeleşmek türkmen halkyna mahsus bolupdyr. Şonuň üçinem çagalary söz bilen terbiýelemek, görüm-görelde bilen mekdep bolmak ýaşuly nesliň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Çuňňur many-mazmuna eýlenen sözler çaganyň terbiýesine örän oňat täsir edipdir. Çaga bu pähimleri daşa ýazylan ýaly ýadynda saklapdyr. Munuň özi nakyllaryň ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly baýlykdygyndan habar berýär.

Kitap — ylym-bilimiň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde hem kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa köp sanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň edebi mirasyndan hem anyk göz ýetirýäris. Munuň özi kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly orun eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hakykatdan-da, pähim-paýhasy özüne siňdiren ajaýyp kitaplar, akyldarlarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň baý döredijiligini, edebi mirasyny özünde jemleýän eserler bu günki gün ruhy hazynamyza öwrüldi. Ýurdumyzda milli medeniýete, sungata we edebiýata uly hormat-sarpa goýulmagy netijesinde, ylym-bilim ulgamy we ugurdaş ugurlar häzirki döwürde belent sepgitlere ýetdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri biziň üçin ýol-ýörelge, nusgalyk mekd

YLYM-BILIM DÜNÝÄMIZE ŞAMÇYRAG

Adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan, Watany söýmekde nusgalyk yz galdyran Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi beýik taryhy şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär.

ZAMANAŇ BAGTLY ÝAŞLARY

Çeper NAZARGYLYJOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty:

Millilige ýugrulan terbiýeçilik mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Döwletimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara Watanymyzyň taryhy, şu günki ösüşleri barada bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyl

Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

Ylymly-bilimli ýaşlar — eziz Watanymyzyň röwşen geljegi. Şu jähetden, olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek hem-de ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri, ýetýän sepgitleri baradaky hoş habarlary eşideniňde, öz ýanyňdan «berekellasyny» ýetireniňi duýman galýarsyň. Şeýle buýsandyryjy habarlaryň bolsa yzy üzülmeýär. Milli bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetilmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Ýaş nesli ylymly edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Talyplar, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Munuň şeýledigini her ýylda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesiniň halkara derejede geçirilýän bilim, taslama, internet bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar. Olar bu bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýarlar.

Bilim

Dil bilen dünýäni gezer Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, iş başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işleri utgaşdyryp dowam etdirmek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şu wezipelerden ugur alyp, öz işlerini göwnejaý guraýarlar, dürli bäsleşiklere, halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar.

Ganat diňe uçmak üçin gerek däl

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ganatlar guşlary asman şalygyna soltan edýän bolsa, ynsany üstünlikleriň şanly ýoluna rowan edýär. üstünlik gazanmak üçin bolsa bilimden hem ylymdan hasyl bolan goşa ganat derwaýysdyr. Şol ganatlar hakda oýlanyp, olaryň diňe bir uçmak üçin däl, eýsem arzyly menzilleri aşmak üçin hem gerekdigi hakyndaky pikirler bilen ikiçäk galýarsyň. 

Bilim işgärleriniň baýramçylyk sowgatlary

  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredip berýän giň mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda bilimde tapawutlanyp zähmet çeken öňdebaryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Bilimli ýaşlar ýurduň daýanjydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi ýaşlara baglydyr. Bilimli, sowatly, hünärli ýaşlar eziz Diýarymyzyň daýanjydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, olaryň hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.  Günsaýyn gülläp ösýän ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň halkara ülňülere laýyk döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen sazlaşykly ösdürilmegi täze üstünliklere ýol açýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar eziz Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.

Halkara çäreleriň ähmiýeti

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» saglyk we güýmenje merkezinde «Jastar Generation — 2024» atly halkara çäre geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny jemlän bu çärä ýurdumyzdan hem wekiller gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärlerinden we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlaryndan ybarat boldy. Çäräniň dowamynda taslamany dolandyrmak, medeniýetler arasyndaky aragatnaşyk, emosional intellekt, metbugat mahabaty we beýleki ugurlar boýunça ussatlyk sapaklary we okuwlar geçirildi. Onda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew bilim ulgamyndaky täzelikler, dil başarnyklaryny ösdürmek we medeniýetler arasyndaky aragatnaşyk baradaky çärelere işjeň gatnaşdy. Olarda sanly tehnologiýalary okuw prosesine ornaşdyrmak we daşary ýurt dillerini okatmagy gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Başlangyç synplarda okatmagyň işjeň usullary

Başlangyç synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we ynsanperwer garaýşy kemala getirmek bolup durýar. Ýaş nesli terbiýelemek, olarda gowy sypatlary kemala getirmek bilen, zerur durmuş endiklerini öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki çagalar — jemgyýetimiziň geljegi. Şonuň üçin olaryň terbiýesine, akyl we beden taýdan ösüşine çynlakaý üns berilýär. Her bir sapagy täsirli guramaklyga, onuň bilim berijilik derejesi bilen bir hatarda, terbiýeçilik tarapyna hem aýratyn ähmiýet berýärin. Okuw işiniň netijeliligi, ilkinji nobatda, mugallymyň saýlap alan okuw usullaryna bagly bolup durýar. Şonuň üçin döwrüň talaplaryndan ugur alyp, guralýan sapaklarda innowasion okuw usullaryny, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmak okuwçylaryň bilim derejeleriniň artmagyna täsirini ýetirýär. Ýaş nesli geljekde sowatly, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösýän jemgyýete uýgunlaşmaga ukyply adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde alyp barýan işlerimiz oňat netije berýär.

Ýaşlary mugallymçylyk hünärine gözükdirmek

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri ýaşlara geljekde mugallymçylyk hünärini saýlamaga ýardam bermekden ybaratdyr. Umumybilim berýän mekdepler öz üstüne ýüklenen bu wezipä laýyklykda, mugallymçylyk hünärine höwes bildirýän mekdep okuwçylary bilen ýörite işleri geçirmelidirler. Umumybilim berýän mekdepler bilim we terbiýe alýan iň zehinli okuwçylarynyň öz halypalarynyň işini dowam etdirmegi üçin gyzyklanmalydyr. Ýaşlary mugallymçylyk hünärine gözükdirmek mekdebiň bütin hünäre gözükdiriş işiniň düzüm bölegi bolmalydyr.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Ene dili sapaklarynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan peýdalanmak Magtymguly Pyragynyň jöwher paýhasyndan dörän şygyrlaryny, nakyllara öwrülen dürdäne setirlerini okuwçylara döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin okuw sapaklarynda giňden peýdalanýarys.

Bi­lim dün­ýä­sin­de kä­mil ne­şir­ler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilimli, edepli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet derejesinde uly aladalary edýärler. Hormatly Prezidentimiz «Okamak – bereket, ýazmak – kuwwat, döretmek – döwletdir» diýen dürdäne sözlerinden ruhlanyp, çagalary geljegi gurujylar hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys.

Halal zähmetiň miwesi

Watanymyzyň nebitgaz pudagynyň ösmegine saldamly goşant goşup, ýaş nesliň bu ugurda kämilleşmegi, olaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmadyk halypalaryň biri-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň baýry mugallymy Salyhberdi Annaýewdir. Salyhberdi aga 1942-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda dogulýar. Ýedi ýaşyndaka maşgalasy Balkanabat şäherine göçüp gelýär. Şäherdäki 2-nji orta mekdepde ýedi ýyllap bilim alyp, 1957 — 1961-nji ýyllarda häzirki Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okaýar. 1961-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde operator bolup zähmet ýoluna başlaýar. 1962-nji ýylda Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky Nebithimiýa we gaz senagaty institutynyň agşamky bölümine okuwa girýär. Soňra dürli ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde dürli wezipelerde zähmet çekýär. 2012-nji ýyldan bäri bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň nebitsenagaty bölüminiň nebitsenagat enjamlary kafedrasynyň uly mugallymy bolup z

Tarypa mynasyp bilim ojagy

Hormatly okyjylar! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň adyny hormat bilen göterýän edaradyr kärhanalar barada taýýarlap, size ýetirýän ýörite sahypamyzyň bu gezekki sanyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden taýýarladyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Uniwersitetde web tehnologiýalary arkaly Moodle bilim portaly, talyplaryň bilimlerini barlamak üçin elektron teswirleýji programma üpjünçilikleri hem-de sapaklaryň elektron tekst we wideo ýazgylaryny dolandyrmakda maglumat gorlary döredildi. Bu bolsa okuw işini awtomatlaşdyrmak, innowasion sanly serişdeler arkaly hünär dere

Dil baýlygy — il baýlygy

Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-usuly we ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek bilen bagly işler barada hem hasabat berildi. Internetiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň barha ösýän döwründe dörediljek täze elektron neşirler hem ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini, türkmen ylmynyň nazarlaýan belent sepgitlerini, bu ugurda gazanylanlary, şol sanda ýaş alymlarymyzyň üstünliklerini, täzeçil pikir-garaýyşlaryny ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam eder. Şol neşirleriň biri-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dörediljek «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly žurnaldyr. Bu žurnal çärýekde bir gezek, elektron görnüşde, türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetiriler. Bu elektron žurnalda ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň, talyplaryň filologiýanyň nazary-amaly meselelerine, dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine, terjimeçilik işlerine bagyşlanan makalalary ýerleşdiril