Baýram bu gün, toý bu gün!
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde sungatyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän çäreler, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça maslahatlar hem duşuşyklar geçirilýär. Bu hepdeligiň şu ýyl ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn buýsançlydyr. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, iň kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly «akylly şäher» maksatnamasyna laýyklykda guruldy. Bu gün Arkadag şäheriniň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ýokary sylaglaryna eýe bolmagy bu ajaýyp şäheriň ekologiki we şäher gurluşygy, binagärçiligi hem-de kämil ýaşaýşy üpjün etmek boýunça halkara talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşamaga, işlemäge ýokary şertler döredilen Arkadag şäherinde medeni çäreleri geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hormatly Prezidentimiziň Medeniýet