Wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda goşuny kämil ýagdaýa getirmegiň iň möhüm wezipeleriniň biri hem, harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly, häzirki zaman innowasion enjamlary hem-de maglumat tehnologiýalaryny, sanly ulgamlary ulanyp, harby taýýarlygyň has amatly, şol sanda netijeli görnüşlerini we usullaryny gözläp tapmakdan ybaratdyr. Maglumatlaşdyrmak harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmegiň iň netijeli ýollarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi tarapyndan okuw-usulyýet maslahatlaryny geçirmek işleri polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çäklerinde dowam edýär. Onuň esasy maksady goşunlarda terbiýeçilik işini, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyny pugtalandyrmakdan, harby psihologlaryň hünär taýýarlyklaryny has-da ösdürmekden, geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýygnanyşygyň dowamynda geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde meýilnama esasynda ýerine ýetirilen işleriň hasabatlary hem diňlenildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň harby howpsuzlygyny ü