"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Makalalar

Özgertmeler ösüşleriň özeni

Soňky ýyllarda «sanly ykdysadyýet» adalgasy biziň durmuşymyza giňden aralaşdy. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada düşünjelerimiziň has-da çuňlaşdyrylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmegiň baş şerti hökmünde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dünýä we döwür bilen aýakdaş gitmegiň derwaýysdygyny belleýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin alnyp barylýan düýpli özgertmeler bolsa bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän bu ulgama geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi hem, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hünärmenleriň sanly ulgam, sanly ykdysadyýet baradaky bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, dürli ugurlary sanlylaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar.

Sanly gurşaw we durmuş goraglylygy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işinde iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň barha işjeň ulanylmagynyň möhümdigini örän çalt depginlerde ösýän döwür görkezýär. Durmuşyň ösüş depginleri ýylsaýyn ýokarlanýar, şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda maglumatlaryň möçberi artýar. Bu bolsa degişli düzümleriň iş guraýyşlarynyň özgerdilmegini şertlendirýär. Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işine sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hyzmatlary amala aşyrýanlara we olary sarp edijilere ykdysady taýdan hem peýda getirýär. Sebäbi sanlylaşdyrma hadysasynyň hasaplaýyş kuwwaty netijesinde maglumatlary toplamak, saklamak, seljermek, gaýtadan işlemek we hödürlemek üçin sarp edilýän hyzmatlaryň gymmaty ep-esli pese düşýär, tor ulgamlary arkaly durmuş çygrynyň awtomatik häsiýetdäki işine gatnaşýanlaryň ählisinde ykdysady taýdan işjeňlik ýokarlanýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz ýokary derejede ösdürilýär, maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem, sanly ulgamy ösdürmek, ösen tehnologiýalary öndürmek, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamak baş maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde pudaklara sanly ulgam giňişleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmy esasda amala aşyrylyp, ösüşi has-da ýokarlandyrýar. Sebäbi munuň özi işleriň tiz amala aşyrylmagynda, guramaçylygy sazlaşykly ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda sanly ulgam düşünjesi uzak aralykdan gepleşikleri geçirmäge, elektron resminamalary dolandyrmaga, okuwlary ýa-da ylmy maslahatlary onlaýn görnüşde geçirmäge niýetlenendir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri yzygider ösdürilýär.

Sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi döwletiň syýasy, ykdysady, hukuk esaslaryny pugtalandyrýar. Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, kazyýet edaralarynyň işini innowasion esasda guramakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň noýabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň tassyknamasy bolup durýar. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzd

«Time management»-e görä hereket

«Time management»-iň gymmatyna düşünýän Merjen atly topardaşym bardy. Bir gün onuň okuw otagynda unudan ýandepderçesi başga bir hünäriň talyplarynyň Merjeniň her gün üçin meýilnama düzüp, şoňa görä hereket edýändiginden habar tapmasyna sebäp boldy. Ýandepderçäni okan talyplaryň bu gowy hem geň endik hakynda köp ýerde dil ýarmaklary bolsa, topardaş gyzymy tanaýanlaryň sanawyny artdyrdy gidiberdi. Soňabaka mugallymlaram onuň bu endigi barada eşidip, Merjene bu işi edip ýalňyşmaýandygyny ýaňzydyp başladylar. Şondan soň ýyllykdaşym öňküler ýaly: «Žurnalistikadaky Merjen bar-a...» diýip däl-de, «Time management»-e görä hereket edýän gyz bar-a...» diýip tanaldy... Aslynda-ha, Merjen meýilnamany diňe bir gün, bir hepde ýa bir aý däl, eýsem, ýyllar üçin taýýarlaýan eken. Munuň şeýledigini bilmegime hälki ýandepderçäniň ýantorbama tötänden düşmegi sebäp boldy. Garasaý, azaşmagy halaýan ýandepderçe maňa topardaşym hakynda köp zady «gürrüň berdi». Bir günem okuwdan öýe barýarkak aladaly görünýän topardaşymyň göwnüni götermek üçin onuň ýandepderçesinden okanlaryma esaslanyp:

Döwrebap ösüşler

Häzirki ösen jemgyýetimizde sanly ulgama uly orun degişlidir. Bu ugruň ösdürilmegi pudaklarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Sanly ulgam biziň her birimiziň gündelik durmuşymyza-da giňden ornaşýar. Internetiň mümkinçilikleri uly, ondan ýerlikli peýdalanmak ýaşaýyş durmuşymyzda-da, iş şertlerinde-de örän ähmiýetlidir. Biz özümize gerekli maglumatlary, çeşmeleri internetden gysga wagtda alyp hem okap bilýäris. Ýurdumyzdaky gündelik täzelikleri, habarlary internet neşirleriniň üsti bilen okamagy endige öwürýäris. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň işiniň barha ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar bilimlerini artdyryp, öwrenýän hünärleri dogrusyndaky düşünjelerini çuňlaşdyrýarlar.

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda «2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Biziň mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler ýerine ýetirilýär. Şol işleriň hatarynda mekdebimize degişli bolan resmi web-saýtyň döredilmegini belläp bolar. Bu resmi web-saýtyň kömegi bilen mugallymlar, bilim alýan talyp ýaşlarymyz özlerine gerek bolan kitapdyr gollanmalardan, ylmy we publisistik makalalardan peýdalanýarlar.

Hormatly okyjylar!

Eziz Diýarymyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallar 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bäri «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda elektron nusgada okyjylara hödürlenilýär. Munuň özi giň okyjylar köpçüligine birnäçe artykmaçlary döredýär: indi abuna üçin poçta bölümine ýörite gitmek zerurlygy aradan aýrylýar, internet arkaly birbada 30-a golaý gazet-žurnala ýazylyp bolýar. Habarlary okamak üçinem uzak garaşmak gerek däl. Neşirler çapa berlen badyna ondaky makalalar internet sahypasynda ýerleşdirilýär. Üstesine-de, gazet-žurnallaryň elektron nusgalary okamak üçin ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Bu artykmaçlyklar size wagtyňyzy we serişdeleriňizi tygşytlamaga ýardam eder. Ýurdumyzda çykýan döwürleýin neşirlere elektron abuna ýazylmak üçin bary-ýogy birnäçe ädim ýeterlik:

Sanly ulgam — ykdysady ösüşleriň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şonuň üçin häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şert döredýän tehnologiýalara «Sanly ulgam» diýilýär. Sanly ulgam giňişligi bilim bermegiň, maglumatlaryň mazmunlarynyň hem-de okatmagyň, üznüksiz hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeleriniň ýokary bolmagy üçin döredilýän we ulanylýan lokal hem-de global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir. Eziz Diýarymyzda ähli pudaklarda we ulgamlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe boldy. Hormatly

«Ma­il.ru Group» ady­ny üýt­getdi

«TASS» agent­li­gi­niň habar bermegine görä, «Ma­il.ru Group» kor­po­ra­si­ýa­sy ady­ny «VK» adyna üýtgetdi. «Tä­ze «VK» at tu­tuş kor­po­ra­si­ýa üçin ýe­ke-täk brend ady bo­lar. «Ma­il.ru Group»-dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, tä­ze at di­ňe bir kor­po­ra­si­ýa­nyň çä­gin­de däl, eý­sem, kor­po­ra­si­ýa­nyň in­ter­net önüm­le­rin­de-de — ara­gat­na­şyk­da, oýun­lar­da, bi­lim­de (mek­dep­den ýo­ka­ry oku­wa çen­li), der­man we azyk önüm­le­ri­ni el­tip ber­mek­de, tak­si­de, aw­tou­la­gy kä­ren­de­si­ne al­mak­da we on­laýn söw­da­lar­da, ki­çi we uly telekeçilikde we beý­le­ki­ler­de ula­ny­lar» di­ýip, kor­po­ra­si­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Bo­ris Dob­ro­de­ýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren in­terw­ýu­syn­da bel­läp geç­di.

«Yan­dex» elekt­ro­sa­mo­kat hyz­ma­ty­ny sa­tyn al­ýar

Rus­si­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Yan­dex» kor­po­ra­si­ýa­sy Ys­ra­ýyl döw­le­tin­dä­ki hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär. Has dog­ru­sy, kor­po­ra­si­ýa­nyň Ys­ra­ýyl­da ýer­leş­ýän «Yan­go» bö­lüm­çe­si elekt­ro­sa­mo­kat­la­ry kä­ren­de­si­ne al­mak hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän «Wind Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn al­mak­çy bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da «Wind Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy Pa­riž­de, Ber­lin­de, Bar­se­lo­na­da we Lis­sa­bon­da he­re­ket ed­ýär. Ys­ra­ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň eýe­çi­li­gin­de 10 müň sa­mo­kat iş­le­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Yan­dex» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň «Yan­go» bö­lüm­çe­si Ys­ra­ýyl­da tak­si we res­to­ran­lar­dan sar­gyt­la­ry el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar.

«Volks­wa­gen» Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da za­wod gur­ýar

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da ba­ta­re­ýa za­wo­dy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Has dog­ru­sy, «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze za­wo­dy­ny Weng­ri­ýa­da, Pol­şa­da, Slo­wa­ki­ýa ýa-da Çe­hi­ýa­da gur­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Aw­tou­lag kär­ha­na­sy 2027-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­ler. Bu tä­ze­lik­den soň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 0,86% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 309,31 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Xiaomi»-niň akylly sowadyjysy

«Xiao­mi» kom­pa­ni­ýa­sy Hy­taý­da ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 850 dol­lary möçberinde bo­lan «Xiao­mi Mi­jia Ref­ri­ge­ra­tor Cross Fo­ur-Do­or Exclu­sive Edi­tion» ky­sym­ly tä­ze akyl­ly so­wa­dy­jysy­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Ses­siz ga­py­la­ry, aý­ra­tyn bö­lüm­le­ri we çalt so­wa­dyş ul­ga­my bi­len müş­de­ri­le­riň ün­sü­ni çe­ken bu so­wa­dy­jy po­lo­ži­tel we ot­ri­sa­tel ion­lar­dan peý­da­lan­ýan iş­jeň ste­ri­li­za­si­ýa ul­ga­my­na eýe­dir. Bu bol­sa 99,9% ne­ti­je­li­li­gi bi­len 2 sa­gat ste­ri­li­za­si­ýa et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. So­wa­dy­jy­nyň 7 sa­ny aý­ra­tyn bö­lü­mi bo­lup, olar ene­ler hem ça­ga­lar üçin bö­lü­minden, gö­zel­lik we sag­lyk zo­la­gy­ndan, is­len­dik tem­pe­ra­tu­ra­da go­ýup bol­ýan tä­ze iý­mit­ler üçin giň bö­lü­mden, nem­len­di­ri­len ter iý­mit­le­riň bö­lü­mden, mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri sak­la­mak üçin giň çek­meden, esa­sy bö­lü­mden we doň­du­ry­jy ka­me­ra­sy­ndan ybaratdyr. So­wa­dy­jy 5-20°C ara­ly­gyn­da giň tem­pe­ra­tu­ra saz­la­ýyş dia­pa­zo­ny­ny sak­lap, se­kunt­da 10 ge­zek tem­pe­ra­tu­ra öl­çeg­le­ri­ni al­ýar. Onuň çak edil­ýän

Hin­dis­tan aw­tou­lag sig­nal­la­ry­na üýt­geş­me gi­riz­mek­çi bol­ýar

Hin­dis­ta­nyň ýer­li ne­şir­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, ýur­duň trans­port mi­nist­ri Ni­tin Gat­ka­ri bu ýer­dä­ki aw­tou­lag­la­ryň sig­nal­la­ry­ny mil­li saz­lar bi­len ça­lyş­ma­gy tek­lip ed­ýär. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, hin­di halk saz gu­ral­la­ry­nyň se­si adam­la­ryň eşi­diş or­gan­la­ry üçin has ýa­kym­ly bo­lar. Şeý­le-de mi­nistr Ni­tin Gat­ka­ri «Tiz kö­mek» we beý­le­ki ýö­ri­te aw­tou­lag­la­ryň ças­ly ses­le­ri­ni hem «Akaş­wa­ni» mil­li ra­dios­tan­si­ýa­syn­da goý­be­ril­ýän mil­li saz­la­ry bi­len ça­lyş­ma­gy ýer­lik­li bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýar. Mag­lu­mat üçin, Hin­dis­tan­da bü­tin dün­ýä­niň aw­tou­lag­la­ry­nyň di­ňe 1 gö­te­ri­mi ha­sa­ba al­nan­dyr. Ýö­ne şeý­le-de bol­sa bu ýurt aw­tou­lag­la­ryň sig­nal­la­ry­nyň iň köp ula­nyl­ýan ýe­ri­dir.

«Toyota Mirai» dünýä rekordyny täzeledi

«To­ýo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň wo­do­rod­da iş­le­ýän «Toyo­ta Mi­rai» aw­tou­la­gy uzak ara­ly­ga ge­çiş bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Has dog­ru­sy, «Toyo­ta Mi­rai» iki gün­de 1360 ki­lo­metr ýol geç­di. «Toyo­ta Mi­rai» sy­ýa­ha­ty­ny ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň köp­çü­lik­le­ýin ula­nyş ýo­lun­da ama­la aşyr­dy. Onuň re­kord sy­na­ny­şy­gy­na Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri gö­zeg­çi­lik et­di­ler. «Toyo­ta Mi­rai» bu sy­ýa­ha­ty üçin, ba­ry-ýo­gy 5,65 ki­log­ram wo­do­rod harç­la­dy. 

Amerikan kompaniýasy howa şarynda äleme syýahata gidýär

ABŞ-nyň «World View» kompaniýasy 2024-nji ýylda howa şarlarynda stratosfera uçuşlara başlamakçy bolýar. Ýerli web-saýtlaryň habar bermegine görä, howa şarynda äleme syýahata gitmegi isleýän her bir adam ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul serişdesini tölemeli bolar. Howa şaryndaky kapsula sekiz orunlyk bolup, uçuş 6 – 8 sagat dowam eder. Bu sagadyň dowamynda älem syýahatçylary 30 kilometr belentlige çykarlar.

«Toyo­ta Mi­rai» re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di

«Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy wo­do­rod ýan­gyç­ly «Mi­rai» ula­gy bi­len iň uzak ara­ly­ga ýol ge­çip, re­kord­lar ki­ta­by­na ady­ny ýaz­dyr­dy. Il­kin­ji nus­ga­sy 2014-nji ýyl­da ta­nyş­dy­ry­lan «Mi­rai» aw­tou­la­gy­nyň hä­zir­ki wagt­da ikin­ji nes­li müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­ýär. Bu ulag aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si ha­sap­lan­ýan wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýär. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­ki­li Maýkl Emp­rik ula­ga ýan­gyç guý­lan­dan soň­ra ony mö­hür bi­len ýap­dy. Us­sat sü­rü­ji­ler Waýn Ger­des hem-de Ro­bert Win­ger ula­gy bel­le­nen ara­lyk­da sü­rüp baş­la­dy­lar. Ulag bi­len bi­rin­ji gün 760 km, ikin­ji gün 600 km ýol ge­çil­di. Ýola dü­şen ýe­ri­ne aý­la­nyp ge­len «Mi­rai» je­mi 1360 km ýol geç­di. Iki gü­nüň do­wa­myn­da ulag 5,65 kg wo­do­rod sarp edip­dir. Sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ulag 12 sa­ny wo­do­rod ýan­gy­jy­ny guý­ýan be­ke­de so­wul­man ge­çip­dir. Şeý­le ara­lyk ada­ty ulag bi­len ýol he­re­ke­ti­niň köp wag­ty ama­la aşy­ry­lan­da, 300 kg kö­mür­tur­şy ga­zy çy­ka­ry­lar­dy. «Mi­rai» he­re­ket eden wag­ty hiç hi­li zy­ýan­ly gaz çy­kar­ma­dy. Ula­gyň ýö

Metbugatymyz sanly giňişlikde

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugat» atly internet neşiri maglumatlar giňişligine çykdy. Döwürleýin neşirleriň okyjylarynyň sanynyň görnetin artmagyny gazanmak we olary halka öz wagtynda ýetirmek üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, işe täzeçillikleri girizmek, olaryň elektron görnüşlerini elýeterli etmek bilen bagly meseleleri netijeli çözmek maksady bilen ýola goýlan bu işler milli metbugatymyzyň neşirlerini döwrebaplaşdyrmak, olary döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Üç dilde hereket edýän internet neşiri («turkmenmetbugat.gov.tm») «Baş sahypa», «Habarlar», «Gazetler», «Žurnallar» ýaly bölümlerden ybaratdyr. Bu internet neşiriniň «Yzarlanýan makalalar» bölüminde saýlama makalalary aýratyn ýygnap goýmak, şol ugurdaky täzelikler bilen tanşyp durmak mümkinçiliginden hem peýdalanyp bilersiňiz.

Ylym we tehnologiýa ösdürilýär

Milli Liderimiziň ýurdumyzda tehniki, tehnologik we takyk ylymlary ösdürmek baradaky ähmiýetli başlangyçlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly mümkinçiliklere giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda zehinli ýaşlary iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we ylym ulgamyna çekmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply, önümçilik hem-de ylmy taýdan netijeli iş alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek boýunça dürli çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar. Çünki, häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň üstünlikli ösüşi, ozaly bilen, bilimiň we ylmyň ösüş derejesi, jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini başarnykly ulanmagy bilen kesgitlenilýär. Zehinli ýaşlar nanotehnologiýalar, ylmy barlaglar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýalar, häzirki zaman saglygy goraýyş we derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ulgamlarynda, sportda hem-de beýleki ugurlarda netijeli zähmet çekýärler. Şeýlelikde, döwlet tarapyndan ylmy goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Paýnamalary ýokarlanýar

Dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Af­firm» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry «Tar­get» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­ma­gy bi­len, 20% ýo­kar­lan­dy. «Tar­get» kom­pa­ni­ýa­sy öz müş­de­ri­le­ri­ne 100 ABŞ-nyň dol­la­ry möç­be­rin­de sa­tyn al­mak üçin on­laýn tö­leg kar­zy­ny hö­dür­le­mek mak­sa­dy bi­len, «Af­firm» we «Sezz­le» bi­len hyz­mat­daş­lyk eden­di­gi­ni ha­bar ber­di. «Af­firm»-iň 2021-nji ýy­lyň il­kin­ji aý­la­ryn­da­ky 49 ABŞ-nyň dol­la­ry ba­ha­la­nyp, sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp­dy. Şon­dan bä­ri bol­sa bu öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry ABŞ-nyň 133,7 dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Mag­lu­mat üçin, hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 35 mil­liard dol­la­ryn­dan geç­di. Hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňeld­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň söw­da­la­ry her hep­de ýo­kar­lan­ýar.