Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ugrunda
Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli ylym ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň döremegi üçin ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bu ugurdan ylmy-barlag işlerine ýöriteleşen edaradyr. Institut tarapyndan, esasan, üç ugur — mineral, gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak, himiýa, nebit-gaz senagaty we beýleki pudaklaryň önümçiligine ylmy-tejribe kömegini bermek, seljeriş işlerini, ylmy-önümçilik barlaglaryny hem-de derňewlerini geçirmek esasynda tehnologiýa resminamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ýurdumyzyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag, seljerme işleri alnyp barylýar. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäginde ylmy temalar boýunç